Prezident Donald Tramp Saýlaw kollegiýasy saýlanan prezident Jo Baýdeniň ýeňşini resmileşdirse, Ak tamdan çykjakdygyny, ýöne barybir saýlaw netijelerine garşy göreşmegini dowam etdirjekdigini aýtdy.
"Elbetde, ykrar ederin. Siz muny bilýärsiňiz" diýip, Tramp 26-njy noýabrda žurnalistler Ak tamda Saýlaw kollegiýasynyň şahadatnamasyny ykrar edip-etmejekdigi barada soranlarynda aýtdy.
Ýokary derejeli respublikan kanun çykaryjylar we Ak tamyň resmileri ozal Trampyň, eger-de Saýlaw kollegiýasy saýlawyň netijelerini tassyklasa, 20-nji ýanwarda Ak tamdan çykjakdygyny aýtdylar, ýöne prezident bu barada ilkinji gezek düşündiriş berdi.
Saýlaw kollegiýasy saýlaw netijelerini resmileşdirse, olar "ýalňyşlyk goýberer" diýip, Tramp aýtdy. Ol "muny kabul etmegiň gaty kyn zat boljakdygyny" hem sözüne goşdy.
Ak tamyň ýeňijisini kesgitleýän Saýlaw kollegiýasy Baýdeniň ýeňşini tassyklamak üçin 14-nji dekabrda duşuşar. Baýden saýlawy kesgitleýän ştatma-ştat saýlaw sanlarynda 306 ses alsa, Trump 232 ses aldy.
Tramp "saýlawyň galplaşdyrlandygyny" öňe sürmegini dowam etdirip, netijeler tassyklanýança "köp zadyň" boljakdygyny aýtdy.
Tramp häzire-bu güne çenli saýlawda ýeňlendigini boýun almaýar, ýöne onuň administrasiýasy 23-nji noýabrda resmi taýdan geçişe rugsat berip, Baýdeniň aňtaw maglumatlaryny almagyna we serişdelere, ofis giňişligine we federal işgärler bilen duşuşmak mümkinçiligine ýol açdy.