Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan korrupsiýada yzdan ikinji. Prezident kakasynyň ady dakylan polisiýa obasyny açdy


Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary mejlis wagtynda. Türkmen TW-sinden alnan surat. 20-nji noýabr, 2020.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary mejlis wagtynda. Türkmen TW-sinden alnan surat. 20-nji noýabr, 2020.

Berdimuhamedow diri kakasyna bagyşlanan muzeýi we onuň ady dakylan kottej toplumyny açmazdan öň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirip, häzirki döwürde harby we hukuk goraýyş edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini belledi, emma sözüni anyklaşdyrmady.

Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji noýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, Çoganly şäherçesinde öz kakasynyň ady dakylan ýaşaýyş toplumyny açdy.

IIM-iň işgärlerine niýetlenip gurlan toplumyň açylmagy prezidentiň uzak wagtlyk egindeşi, öňki içeri işler ministri Isgender Mulikowyň we onuň ýakyn ýarany diýlip tanalan telekeçi Çary Kulowyň döwlet hasabyna geçirilen emläkleriniň satuwa çykarylan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Şu aralykda, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” maglumatyna görä, Ç.Kulowyň Türkiýä gaçan dogany Hojamyrat Kulow hem, Interpoluň kömegi bilen tutulyp, Aşgabada getirildi we 20-nji noýabrda IIM-de onuň tussag edilmegine bagyşlanan ýygnak geçirildi.

Neşir H.Kulowyň hem döwlet hasabyna geçirilen jaýynyň satuwa çykarylandygyny belleýär. Emma türkmen häkimiýetleri garaşsyz neşire syzyp çykan maglumatlara hiç bir düşündiriş bermeýär.

Kottej toplumynyň açylyşyna gatnaşmazdan öň prezident Içeri işler ministrliginde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirip, häzirki döwürde harby we hukuk goraýyş edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini belledi, emma sözüni anyklaşdyrmady. Berdimuhamedow mundan öň, şol sanda baş prokurory we IIM-niň başlygyny täzelände, adatça bolşy ýaly, korrupsiýa garşy berk durjagyny aýdypdy.

Habarlardan mälim bolşy ýaly, soňky döwürde daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, işsizlik we keselçilik ýagdaýlary, hökümetiň öz wezipelerini ýerine ýetirip bilmeýändigi we korrupsiýa garşy netijeli göreşmeýändigi barada aýdyp, barha kän çykyş edýärler, sosial mediada polisiýanyň, harby we howpsuzlyk işgärleriniň hem halkyň tarapyna geçmegi barada çagyryş edilýär.

Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşinde eden çykyşynda watana wepalylykda Oguz han, Görogly beg, Baýram han, Çagry beg, Togrul beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar, Jelaleddin Meňburny ýaly şahslardan görelde almaga çagyrdy.

Emma TDH täze toplumda döwlet baştutanynyň kakasyna bagyşlanan özboluşly muzeýiň döredilendigini, podpolkownik Mälikguly Berdimuhamedowyň “kasama wepaly”, “hemişe göreldeli serkerde” bolup, ýaş harby gullukçylar üçin görelde görkezýändigini nygtady.

Türkmen metbugatynyň yzygiderli nygtamagyna görä, ýurt raýatlaryna “gozgalmaýan emläk üçin berilýän ýeňillikli karzlar şäherleriň hem-de obalaryň ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligini şertlendirýär”.

Emma ýerli synçylar ýeňillikli karzlaryň ilat arasynda uly agzalalyk döredýändigini, sebäbi onuň kanun esasynda hemmelere elýeterli edilmeýändigini, bu ýagdaýdan diňe “aýratyn alnan” adamlaryň peýdalanýandygyny, ikinji tarapdan, ýurtdaky uly gurluşyklaryň arkasynda hemişe uly korrupsiýanyň durandygyny, iň ýokary derejelerde goldaw berilmese, beýle gurluşyklaryň amala aşmajakdygyny öňe sürýärler.

Resmi maglumata görä, IIM-iň işgärleri üçin gurlan “iki gatly kottejleriň her biri giň otaglaryň bäşisinden ybarat”.

Türkmenistanyň bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow ýurduň ilatynyň ýaryndan gowragynyň işsiz, ýüz müňlerçe adamyň daşary ýurtlarda ýerli ilatyň etmeýän iň agyr we az aýlykly işlerini edip, şeýle kemsidi ýagdaýda eklenýän wagtynda bu jaýlary polisiýa işgärlerine berlen “para hasaplaýandygyny” aýdýar.

N.Hanamowyň pikiriçe, Berdimuhamedowyň ilatyň belli bir bölegine şeýle “gowy şertleri” döretmegi, işsizlikden ýa işi bolsa hem beýle jaýlary “düýşünde hem görmejek köplügi görmezlige salmagy” asla täzelik däl.

“Bu oýun öňki prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan başlandy. Ol ilatyň gurplanmagyna garşydygyny gizläp hem durmazdy. Türk firmalaryna türkmen işçilerine köp aýlyk bermäň, olar azarlar diýerdi. Emma ol öz töweregindäki adamlara, baş prokuror Gurbanbibi Atajanowadan, Rejep Saparow, Ýolly Gurbanmyradow ýaly beýleki uly resmilerden başlap, bikanun baýamaga giň ýol açardy, muny bilmedik bolardy we soň ol adamlary ile masgara edip, özüni döwlet adamy, il adamy edip görkezerdi. Bu oýun häzirem dowam edýär” diýip, Hanamow telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Öňki ilçiniň tassyklamagyna görä, onuň Türkiýede Türkmenistanyň wekili bolup işlän ýyllarynda türk iş adamlarynyň käbiri ilçihana gelip, döwletden gurluşyk şertnamalaryny almak üçin berjek paralaryny açyk aýdýardylar. Emma Berdimuhamedow türk gurluşykçylaryny azaldyp, döwlet puluna gurulýan jaýlaryň şertnamalaryny ýerli firmalara berýär, ýöne bu umumy halkyň bähbidine bolmady, diňe prezidentiň öz töweregine peýda boldy diýip, syýasatçy pikir edýär.

“Bu jemgyýeti ala tutmagyň, adamlaryň belli bir bölegini az salym baýadyp, soň olaryň käbirini türmä basmagyň we häkimiýetiň başynda duran adamyň ýüzbe-ýüz bolup biljek garşylygyny gowşatmak taktikasynyň dowam etdiriljekdigini aňladýar” diýip, Hanamow telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

IIM-iň işgärleri üçin gurlan kottežleriň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi dünýä ýurtlarynyň korrupsiýa töwekgellikleri boýunça taýýarlanýan nobatdaky hasabatyň çap edilen wagtyna gabat geldi. “TRACE International” guramasynyň saýtynda çap edilen hasabatda aýdylmagyna görä, Türkmenistan korrupsiýa görkezijisinde yzdan ikinji boldy.

Türkmenistandan yzda, 194-nji bolup, Demirgazyk Koreýa gelýär.

Türkmenistan korrupsiýa görkezijileri boýunça ýylda yzdaky orunlary eýeleýär, emma resmi Aşgabat ýurtdaky ýagdaýa tankydy baha berilýän hasabatlara açyk reaksiýa bildirmeýär.

Türkmenistanyň goňşy ýurtlary korrupsýa töwekgelligi boýunça 193-nji orundan has ýokarda durýarlar. Mysal üçin, Halkara aýdyňlyk guramasynyň soňky hasabatyna görä, Gazagystan korrupsiýa görkezijisinde 123-ni orny alsa, Gyrgyzystan - 130, Özbegistan - 150, Täjigistan - 174-nji boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG