Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň häkimiýetleri mallardaky näbelli keseli býujet işgärlerinden ýygnalýan puluň hasabyna 'bejerýär'


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimiýetleri sebitdäki iri şahly hojalyk mallarynda peýda bolan näbelli keseli bejermek üçin býujet işgärlerinden pul ýygnaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji noýabrda Lebapdan habar berdi.

"Kerkiniň Hatap, Başsakaoba, Bitaraplyk obalaryndaky, Köýtendag etrabynyň Mukry obasyndaky, Dostluk we Garlyk şäherçelerindäki býujet işgärleriniň her birinden 250 manat pul ýygnalýar. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary bu pullaryň sebitdäki hojalyk mallarynda dörän keseli bejermek üçin ulanyljakdygyny, derman satyn alynjakdygyny aýdýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Ýatlatsak, Azatlyk 1-nji oktýabrda Lebabyň we 30-njy sentýabrda Marynyň dürli etrapdyr obalarynda iri şahly hojalyk mallarynyň näbelli kesele ýolugyp, köpçülikleýin haram ölýändigi barada habar beripdi.

Azatlygyň lebaply habarçysy ýerli resmileriň we weterinariýa gullugynyň işgärleriniň keselçilige nämäniň sebäp bolýandygy barada anyk maglumat bermeýändigini, ýöne mallaryň köpçülikleýin gyrylmagy bilen bagly ýagdaýyň heniz hem dowam edýändigini belledi.

"Iri şahly mallaryň aýaklary ysmaýar. Olaryň agzyndan ak köpük, suw akýar. Bu kesel mala ýokaşanda, ony bazara äkidip hem ýetişip bolmaýar. Malda ysmazlyk peýda bolýar. Olary diňe soýup, etini gassaplara äkidip satýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri Lebap we Mary welaýatlaryndaky mallarda peýda bolan bu keselçilik barada dymyşlygyny dowam etdirýärler.

Habarçy býujet işgärlerinden iri şahly hojalyk mallaryndaky näbelli keseli bejermek üçin pul ýygnamak işleriniň geçen hepdäniň çarşenbe güni, 28-nji oktýabrda başlandygyny hem aýtdy.

Lebaply býujet işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, bu pulllary tölemekden ýüz öwren adamlara adatça bolşy ýaly işden çykarylmak howpy abanýar.

"Býujet işgärlerine "Ýokardan berlen tabşyryk, kömek etmeli" diýip aýdýarlar. Garşy çykan işgärlere işinden kowuljakdygy we başga işiň berilmejekdigi barada haýbat atýarlar. Şeýle-de olara "ahlaksyz" diýen häsiýetnama ýazyp berýärler. Soň şol adam türmä düşenler ýaly bolýar" diýip, lebaply býujet işgäri anonimlik şertinde habarçymyza aýtdy.

Şol bir wagtda, býujet işgärleri bu pullaryň hakykatdan-da aýdylýan maksatlar üçin sarp edilýändiginiň ýa-da edilmeýändiginiň nämälim bolup galýandygyny hem bellediler.

"Bu pullar resminama düzedilip ýygnalmaýar, dilden berlen görkezme esasynda toplanyp alynýar. Şonuň üçin olaryň nirä gidýäni belli däl. Bu barada resminama ýok" diýip, býujet işgäri aýtdy.

Mundanam basga, lebaply habarçy Garlykdaky kaliý kombinatyny abatlamak işleriniň hem býujet işgärleriniň hasabyna amala aşyrylýandygyny aýdyp, bu çäre üçin-de olardan pul ýygnalýandygyny habar berýär.

"Köýtendag, Kerki we Hojambaz etraplarynyň býujet işgärleri ýanwar aýyna çenli her aý öz zähmet haklaryndan 1000 manat tabşyrmaly edildi. Edara ýolbaşçylary bu puluň kaliý kombinatyny abatlamak üçin ulanyljakdygyny aýdýarlar" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap welaýat, Kerki, Köýtendag we Hojambaz etrap häkimliklerinden, şeýle-de Garlykdaky kaliý kombinatyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanda býujet işgärlerinden dürli maksatlar üçin pul ýygnalmagy, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, adaty bir ýagdaýa öwrüldi. Olardan otaglary abatlamak, prezidentiň protretini täzelemek, bugdaý we gowaça ekişi, çürtüm we ýygym işleri hem-de beýleki maksatlar üçin ýylyň dowamynda ençeme gezek pul ýygnalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG