Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) sebitdäki işgärleriniň onlarçasy indi ýigrimi günden gowrak wagt bäri Mary şäheriniň Mollanepes köçesinde ýerleşýän uly kitaphananyň içinde ýatyp-turýar diýip, Azatlygyň habarçysy 3-nji oktýabrda habar berdi.
Kitaphana işgärleriniň birnäçesiniň aýry-aýrylykda beren maglumatyna görä, MHM işgärleri kitaphananyň içinde daşaryk çykman, ile görünmän otyrlar we iýjek-içjek zatlaryny hem oturan ýerlerine getirdýärler.
“Olara gije hem öýlerine gitmäge ýa gyssagly baryp-gelmäge hem rugsat berilmeýär, telefonlaryna zarýad berýän gurallaryny hem sargap getirtdiler” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran kitaphana işgäri aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, howpsuzlyk gullugynyň işgärleri bu ýerde indi 12-nji sentýabrdan bäri otyr we, soraga çekilen kitaphana işgärleriniň köpüsiniň pikiriçe, olar bu ýerde “miting geçirjekleriň öňüni almak üçin garaşýarlar”.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan beýleki kitaphanaçylar hem bu aýdylýanlary tassykladylar we kitaphana işgärlerini ählisiniň, “uçdantutma soraga çekilýändigini” aýtdylar.
“Kimiň nirede ýaşaýandygy, işe gidip-gelýän ýol marşruty anyklanýar, adamlaryň telefonlary hem diňlenýär” diýip, 40 ýaşlaryndaky kitaphanaçy aýtdy.
"Her kitaphanaçy bir ýa iki gezek sorag edilip hem goýulmaýar, “gerek bolsa, şol bir adamlar üç-dört gezek söhbetdeşlige çagyrylýar, her işgäriň yzyna bir MHM ofiseri dakylan ýaly, bu ýagdaý indi adamlary halys ýadatdy” diýip, kitaphanaçy bu oňaýsyzlykdan iren ýoldaşlarynyň “bu haçan gutararka” diýip soraýandyklaryny hem sözüne goşdy.
Azatlygyň habarçylary Mary şäherindäki “hüşgärlik tagallalary” barada Halk maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen mejlisinden öň hem maglumat berdiler. Şonda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öýlän sagat 17:00-dan ertir sagat 8:00-a çenli nobatçylyk çekýändigi, şäheriň merkezi köçeleriniň ýapylandygy, pyýadalaryň hereketine gözegçilik etmek üçin polisiýa talyplarynyň nobatçy goýlandygy habar berildi.
Bu görlen çäreler içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewe berk käýinç berilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen resminiň sözlerine görä, hüşgärligiň ýokarlandyrylmagy “sebit ilatynyň arasynda köpelýän nägilelik meýilleri bilen bagly” bolup, häkimiýetler protest hereketleriniň döremeginden alada galýar.
Ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, MHM işgärleriniň şäheriň baş kitaphanasynyň içinde oturmaklary we kitaphana işgärlerini sorag etmekleri tötänden däl.
“Ýollarda, Baýramaly etrabynda ýerleşýän Hojaýusup baba gonamçylygynda, şäher jaýlarynyň girelgelerinde ýüzüne ýazgy ýazylan türkmen manatlary seçildi, ol ýazgylarda 14-nji sentýabrda kitaphananyň öňüne çykmaly diýilýär” diýip, maryly 55 ýaşly synçy aýtdy. Onuň sözlerine görä, şäher kitaphanasynyň töweregindäki hüşgärlik çäreleri şu çagyryş bilen bagly bolup görünýär.
Şondan soň MHM işgärleri kitaphananyň ýanynda görnen adamlary soraga çekmäge başladylar. “Bu ýere näme üçin geldiň? Näme sebäpden dursyň? Näme üçin edil kitaphananyň öňüne geldiň?” diýip soraýarlar, geçip barýanyň biri bu ýerde sähel säginse hem, derrew “şübheli adama” öwrülýär diýip, bolýan zatlary gözi bilen görenleriň biri aýtdy.
Bu soraglar adamlary gorkuzdy we indi, ýagdaýy bilýän adamlar, kitaphananyň ýanynda durmakdan hem çekinýär, hatda şol ýerden geçmäge gorkup, daşrak ýerden aýlanyp geçýänler hem köp diýip, şaýat aýtdy.
“Adamlaryň arkaýynçylygyny aldylar, ýaşaýyş şertleri öňküdenem kynlaşdy. Merkezdäki ýolbaşçylaryň Maryda bolýan zatlara gahary geldi, yz-yzyna barlag iberdiler, bazarlaryň açylmazlygy, hususy dükanlaryň ýapylmagy hem şundan bolmaly” diýip, radionyň söhbetdeşi sözüniň üstüni ýetirdi.
Marydaky hüşgärlik çäreleriniň güýçlenmegi bilen bir hatarda, ilat arasynda, mekdep okuwçylarynyň arasynda alnyp barylýan “arkadag wagzy” hem güýçlendirilýär diýip, Azatlygyň habarçylary aýdýar.
Türkmen telewideniýesi pagta ýygýan adamlara arakesme wagtynda aýdym-saz diňlemek, Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny okamak mümkinçilikleriniň döredilýändigini habar berse, ýerli mugallymlar kiçi klas okuwçylarynyň arasynda geçirilýän wagyz işleriniň hem güýçlendirilendigini aýdýarlar.
Bu maglumaty Azatlygyň Baýramalydaky habarçysy hem tassyklady we şäheriň 4-nji orta mekdebinde 7-nji klasdan aşakdaky okuwçylara hepdäniň 6-njy günleri berilýän soňky sapakda prezidentiň halk üçin edýän “uly işleri”, ýazan “ajaýyp kitaplary” barada gürrüň berilýändigini aýtdy.
Habarçy bilen gürleşen ene-atalaryň biri çagalaryň beýnisiniň “ýuwulmagyndan” gaty nägiledigini aýtdy.
“Çagalykda mekdepde her altynjy gün “Ruhnamany” okadyp, onuň hakykatdanam mukaddes kitapdygyny beýnimize guýdular. Onuň nähili biderek kitapdygyna soň düşündik. Emma indi edil bizi edişleri, çagalarymyzyň hem aňyny üýtgetjek bolýarlar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, "arkadag" sapaklary iki hepde bäri geçilýär we adamlar indi bu her hepde şeýle boljakmyka diýip alada galýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.