Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin Soçi şäherine bardy. Iki lider geçen aý Lukaşenkanyň jedelli gaýtadan saýlanmagynyň yz ýany, onuň wezipeden çekilmegi talap edilip, geçirilýän demonstrasiýa tolkunyndan bäri ilkinji gezek ýüz-ýüze gepleşýär.
Lukaşenka özüniň “agam” atlandyran adamy bilen 14-nji sentýabrda möhüm gepleşik geçirer. Belarus lideri hiç hili köşeşmek alamatyny görkezmeýän protestler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan Lukaşenka 9-njy awgust saýlawlarynyň ýeňijisi yglan edilenden soň Belarus gündelik demonstrasiýalara şaýat boldy. Ýowuz basyp ýatyrmalarda ýüzlerçe adam saklandy we ýüzlerçe adam polisiýa tarapyndan ýenjildi. Muny Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi ýazgardy.
Bu duşuşyk öňki Sowet respublikasynyň beýleki şäherlerinde we Minskde tapgyr bäş hepde soňy dynç alyş günleri yzly-yzyna geçirilen uly protestleriň yz ýany geçirilýär. 13-nji sentýabrda geçirilen protestlerde onlarça müň belarusly köçelere çykyp, olar “Sen alaka”, “Saşa, sen işden boş” diýip, gygyrdylar.
Içeri işler ministrligi dynç alyş günlerinde Belarus boýunça geçirilen hökümete garşy protestlerde jemi 774 adamyň, paýtagtda 500 adamyň “köpçülikleýin çäreler hakyndaky kanuny bozmak” aýyplamalary bilen saklanandygyny aýtdy. Ministrlik jemi 544 adamyň deslapky tussaglykda saklanjakdygyny mälim etdi.
Swýatlana Tihanowskaýanyň ýolbaşçylygyndaky belarus oppozisiýasy Lukaşenkany saýlawy galplaşdyrmakda aýyplaýar. Bu saýlawlar sesleriň 80 prosenti bilen Lukaşenkany altynjy möhlete wezipä getirdi. Şondan bäri, müňlerçe adam tussag edildi we tas ähli möhüm oppozisiýa liderleri ýa tussag edildi ýa-da ýurdy terk etmäge mejbur edildi.
11-nji sentýabrda Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow gepleşikleriň energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyga we ikitaraplaýyn gatnaşyklara gönükdiriljekdigini aýtdy.
Lukaşenkanyň Moskwadan ykdysady we harby ýardam hem soramagy mümkin. Russiýa we Belarus 14-nji sentýabrda başlajak “Slaw doganlygy” bilelikdäki harby tälim-türgenleşige gatnaşmagy meýilleşdirýär.
Russiýanyň Goranmak ministrligi 13-nji sentýabrda Belarusyň günbataryndaky okuw meýdançasynda her ýyl geçirilýän taktiki türgenleşige Belarus esgerleri bilen bir hatarda rus howa-desant bölüminiň gatnaşjakdygyny aýtdy.
Putin bilen Lukaşenka Belarusdaky ýagdaýlary birnäçe gezek telefon arkaly maslahat etdi. Rus prezidenti geçen aý hem belarus häkimiýetlerini hem-de oppozisiýany krizise syýasy çözgüt tapmaga çagyrdy.
Şeýle-de, ol iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn harby şertnama esaslanyp, harby ýardam bermegi hem wada berdi hem-de rus howpsuzlyk güýçleriniň bir kontingentiniň taýýarlanandygyny, ýöne olaryň “Belarusda ekstremist elementler çyzygy aşyp, talaňçylyk hereketlerine başlamasa” ulanylmajakdygyny aýtdy.
Ol protestlere berlen belarus jogabyny öwdi hem-de 27-nji awgustda “Rossiýa 24” döwlet kanalyna beren interwýusynda Russiýanyň reaksiýasynyň “beýleki ýurtlaryňkydan, ýewropalylaryňkydan we amerikanlaryňkydan has seresaply we bitarap bolandygyny” aýtdy.
Ýöne ol iki ýurduň arasyndaky ýakyn etniki we lingwistik arabaglanyşyga hem-de ykdysady hyzmatdaşlyga üns çekip, Russiýanyň “bolýan zatlara biperwaý däldigini” hem belledi.
Mundan ozal Putin has ýakyn ykdysady we syýasy integrasiýa boýunça Lukaşenka gysyş görkezipdi, ýöne muňa Lukaşenka garşy çykypdy. Muňa garamazdan, Lukaşenkanyň häzir Moskwanyň ýardamyna mätäç galmagy, onuň Moskwanyň tekliplerine täzeden garamaly boljakdygyny aňladyp biler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.