Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýallar Lukaşenka garşy protestlerini dowam etdirýär, polisiýa Minskde adamlary tutýar


 Minsk, 12-nji sentýabr, 2020.
Minsk, 12-nji sentýabr, 2020.

Belarusda uzak wagtlap häkimiýet başynda oturan awtoritar lider Aleksandr Lukaşenkanyň gaýtadan saýlanmagyna we hökümetiň saýlawdan soňky protestleri güýç bilen basyp ýatyrmagyna garşy başlanan protestler 12-nji sentýabrda hem dowam etdi.

Azatlyk radiosynyň Belarus gullugy birnäçe müň adamyň Minskiň merkezine planlaşdyrylan aýallar ýörişine gatnaşmak üçin toplanandygyny habar berdi.

Aýdylmagyna görä, pitnä garşy polisiýa protest çykan adamlary tussag etmek üçin herekete geçmezden ozal ýygnanyşyga resmi taýdan ygtyýar berilmändigini duýdurdy.

Proteste gatnaşýanlaryň näçesiniň polisiýa tarapyndan tussag edilendigi entek belli däl.


Azatlyk radiosynyň habarçysy käbir halatlarda aýallaryň toparlarynyň, polisiýanyň tussag etmeginiň öňüni almak üçin, beýlekileri goraýandygyny aýtdy.

Belarusda 9-njy awgustda geçirilen dawaly prezident saýlawyndan bäri gündelik protest ýygnanyşyklary geçirilýär. 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan 66 ýaşly Lukaşenka, ses berişligiň galplaşdyrylandygy baradaky aýyplamalar arasynda, ýeňiji diýlip yglan edildi.

Belarusda Lukaşenkanyň dolandyryşy astynda geçirilen ses berişlikleriň hiç biri Günbatar tarapyndan erkin ýa-da adalatly hasaplanmady.

XS
SM
MD
LG