Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Myhmançylyga barmak – abraýyňy beýgeltmek. Merkezi Aziýa liderleriniň ýurda sapary


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon.
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri ýurduň içine edýän sapary wagtynda, ýerli ýaşaýjylaryň myhmany bolýarlar. Käbirleri pandemiýa döwründe beýle gatnaşykdan saklandylar, beýleki birleri entek ýerli ýaşaýjylaryň myhmany bolanok. Bilermenleriň aýtmagyna görä, prezidentler myhmançylyga barmak bilen öz abraýyny beýgeltmäge çalyşýarlar.

11-nji oktýabrda Täjigistanda bellenen prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda, Emomali Rahmon ýurduň sebitlerinde sapara başlady. Pandemiýa döwründe geçirilen şol saparlaryň birinde, ýerli ýaşaýjylaryň öýüne baryp, maşgala agzalary bilen saçak başynda oturyp, jemgyýetiň ünsüni özüne çekdi. Şeýle hem Rahmonyň howludaky pejiň gapdalynda, gyş üçin önüm gaplaýan suraty peýda boldy. Indi çärýek asyr gowrak wagt bäri hökümet başynda oturan Emomali Rahmon ýurduň ýerli ýaşaýjylarynyň öýüne häli-şindi barýar.

RAHMONYŇ ŞANYNA GOŞGY HEM OŇA NIÝETLENEN ÝUMŞAK KÜRSI

Prezident Emomali Rahmon 22-nji iýulda iş sapary bilen Gissar hem Rudaki raýonlaryna baranynda, iki ýerde myhmançylykda boldy. Bu barada döwlet telewideniýesi maglumat berdi, prezidentiň metbugat-gullugy bolsa wideorolik ýaýratdy. Şonda ol Gissar şäherinde medisina işgäri Talabşo Dawlatowyň öýünde myhmançylykda bolanynda, maşgalanyň gyş azygy üçin gaplap goýan gök önümleri saklanýan ammara girip gördi. Öý eýesiniň aýtmagyna görä, ol 14 sotok mellek ýerinde gök önüm ekip, ondan ýylda iki-üç gezek hasyl alýan eken.

Bol saçagyň başynda oturan prezident maşgala agzalary, şol sanda çagalar bilen gürleşýär. Wideonyň arkasynda ak ýektaýly bir aýal görünýär, ýöne o barada maglumat berilmeýär.

Duşuşygyň başynda mekdep okuwçysy bolan gyzjagaz täjik prezidentine ýüzlenip, goşgy okaýar. Goşguda prezident «milletň atasy», «sahawatly ynsan», «gahryman» hem «täjikleriň buýsanjy» hökmünde wasp edilýär. Soňra öý eýesi garry atasyndan galan köne goşgular kitabyny prezidente sowgat gowşurýar, Rahman bolsa Dawlatowlaryň maşgalasyna hojalyk tehnikasyny, kitaplary, şol sanda öz ýazan kitabyny sowgat berýär.

Beýleki wideoda prezident Emomali Rahmon Rudaki raýonyndaky Falakon obasynda, daýhan Muhammedamin Usmanowyň maşgalasynyň myhmany bolýar. Rahmon ýumşak kürsüde, stol başynda oturyp, miwelerden hem duz-çörekden dadyp görýär. Onuň çaý ýa-da suw içýäni görünýär.

Bu wideolaryň ikisinde-de prezidenti kabul edýän öý eýeleri sag elini döşüne gowşuryp, ýurt ýolbaşçysyna öz hormatyny mälim edýärler. Resmi bolmadyk gepleşikde prezident olara gyşyň gazaply geljekdigini, şonuň üçin azyk önümlerini öňünden taýýarlap goýmagy maslahat berýär. Saçak başynda milli naharlar hem duz-çörek baradaky gürrüňlere aýallary çekýär.

ŽURNALISTI AKKREDITASIÝADAN KESEN ROLIKLER

Azatlyk Radiosynyň «Nastoýaşşeýe Wremýa» telekanaly Radionyň proýekti hem «Amerikanyň sesi» üçin, Täjigistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň ýaýradan şol wideo şekillerini taýýarlady. «Täjigistanyň prezidenti halk içine myhmançylyga nähili barýar?» at bilen ýaýradylan şol roliklerden soň, ýurduň daşary işler ministrligi «Nastoýaşşeýe Wremýanyň» Duşenbedäki žurnalisti Anuşerwon Aripowyň akkreditasiýasynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürdi.

Onuň akkreditasiýa möhleti 1-nji awgustda gutarýardy. DIM Azatlygyň Täjik gullugynda çykan şol iki rolikden närazydygyny aýdyp, ony ,,esassyz ýagdaýda taýýarlanan” material hasapladylar.

Ulgamlarda ýaýradylan beýleki bir wideoda Rahmon ýerli ýaşaýjynyň bagynyň içine aýlanyp, miwe ýygnaýar. Beýleki bir rolikde prezident öz ogly, ýagny Duşenbäniň häkimi hem-de parlamentiň Ýokarky öýüniň başlygy Rustam Emomali bilen ekin meýdanynda aýlanýar.

Emomali Rahmon (sagda) öz ogly Rustam bilen garpyz meýdanynda. Hatlon welaýatynyň Dangara raýony. 2020-nji ýylyň 25-nji iýuly. Surat Täjigistanyň prezidentiniň metbugat-gullugynyň Facebook sahypasyndan alyndy.
Emomali Rahmon (sagda) öz ogly Rustam bilen garpyz meýdanynda. Hatlon welaýatynyň Dangara raýony. 2020-nji ýylyň 25-nji iýuly. Surat Täjigistanyň prezidentiniň metbugat-gullugynyň Facebook sahypasyndan alyndy.

Täjik bilermeni Muzaffar Olimow prezident Rahmonyň ýerlere sapary wagtynda, ýönekeý adamlaryň öýlerine myhmançylyga barmagyny güýzde boljak prezidentlik saýlawlary bilen baglanyşdyrýar. Mundan daşary-da Rahmon ýurduň ýagdaýynyň durnuklydygyny görkezmäge çalyşýana meňzeýär.

– Adatda bolşy ýaly, ýerli ýolbaşçylar prezidente öz sebitindäki iň gowy ýerleri görkezmäge çalyşýarlar. Ýerli ýolbaşçylaryň prezidenti çem gelen öýe eltmejegi belli, şonuň üçin onuň myhman barýan ýerleriniň ýagdaýy halkyň hakyky durmuşyny aňlatmaýar. Epidemiýa döwründäki häzirki wagtda milleti işsizlik hem beýleki kynçylyklar köseýär. Sadaça aýdylanda, durmuş adamlar üçin agyr – diýip, Olimow gürrüň berýär.

Oktýabr aýynda geçjek prezidentlik saýlawlaryna onuň ýa-da ogly Rustamyň gatnaşjakdygy açyk belli däl. Emomali Rahmon 1992-nji ýylda hökümet başyna geldi, 1994-nji ýyldan bäri ýuduň prezidenti. Ol 2015-nji ýylda «parahatçylygy hem milli bitewiligi esaslandyran – milletiň lideri» diýen resmi statusy alyp, hökümetdäki ornuny berkitdi.

6-njy awgustda geçen Täjigistanyň parlamentiniň iki öýüniň bilelikdäki mejlisinde, prezidentlik saýlawlaryny 11-nji oktýabrda geçirmek biragyzdan karar edildi. Öňki saýlaw 2013-nji ýylda geçipdi. Täjigistan garaşsyz döwleti döredileli bäri hiç bir saýlawyň erkin hem halkara ölçeglerine laýyk demokratik usulda geçmedigini OBSE aýdýar.

MIRZIÝAÝEW – TÄZE JAÝA GÖÇÜP BARANLARYŇ MYHMANY

Özbegistanyň häzirki prezidenti Şawkat Mirziýaýew sebitde häli-şindi iş saparynda bolýar hem ýönekeý adamlaryň öýüne myhmançylyga barýar. Koronawirus pandemiýasynyň bardygyna garamazdan, ýurda aýlanmagyny dowam etdirýär. Şol saparlardan soň, jemgyýetçilik ulgamlarynda Şawkat Mirziýaýewiň sada adamlar bilen duşuşýan we onuň duz-çörek dadýan pursatlary baradaky wideo ýagylar peýda bolýar.

Mirziýaýewiň myhman bolan öýünde prezident üçin aýratyn ýumşak kürsi goýulmaýar, ortada goýlan naharlar hem iýr-iýmişler stola agram salyp duranok. Diňe habarlarda Mirziýaýewiň kimiň öýüne barandygy aýdylýar. Özbegistanyň prezidenti adatça täze jaýa göçüp baranlaryň myhmany bolýar.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew Surhanderýa welaýatynda iki garrynyň öýünde myhmançylykda. 2017-nji ýylyň fewraly.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew Surhanderýa welaýatynda iki garrynyň öýünde myhmançylykda. 2017-nji ýylyň fewraly.

Prezidentlik wezipesine geçenden soň, Mirziýaýew köne mähelleleriň ornuna döwrebap täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak proýektini öňe sürdi. «Daşkent-City» proýektine laýyklykda, Özbegistanyň paýtagtynda 1,3 milliard dollarlyk gurluşyk işleri amala aşyrylýar. Şonuň üçinem prezident Mirziýaýew Daşkentde ýa sebitde bolsun, köplenç täze jaý alanlaryň öýüne myhmançylyga barýar. Oba ýerlerinde köplenç daýhanlaryň myhmany bolýar.

Özbegistandaky gurluşyk proýekti 2017 - 2021-nji ýyllar aralygyny öz içine alýar. Şonuň üçinem Mirziýaýew entekler täze jaýa göçüp baranlaryň myhmany bolar. Golaýda ol Daşkendiň Sergeli raýonynda Jorabaýewleriň maşgalasynyň myhmany boldy.

«ÖÝDEÇIL» PREZIDENT

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bu wezipä saýlanany bäri bir ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, entek hiç bir ýönekeý gazagyň öýüne myhman bolanok. Ol häli-şindi duşuşyklar geçirip dursa-da, ýurduň içine örän seýrek aýlanýar. Şu ýylda Tokaýew paýtagtdaky gurluşyklaryň birnäçesi bilen tanyşdy hem Akmola oblastyndaky ekiş meýdanyna baryp gördi. Moskwada hem Almatyda saparda boldy. Galan wagtlarda ol ministrler hem beýleki ýolbaşçylar bilen telefon arkaly gepleşýär. Beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen-de onlaýn düzgüni arkaly duşuşyk geçirýär.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew (çepde) Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeýenbekow bilen. Bişkek, 2019-njy ýylyň 27-nji noýabry.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew (çepde) Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeýenbekow bilen. Bişkek, 2019-njy ýylyň 27-nji noýabry.

Gyrgyzystanyň häzirki prezidenti Sooronbaý Žeýenbekow edil öňki prezident ýaly, adatça 2-nji Jahan urşunyň weteranlary bilen duşuşýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurda edýän saparynyň dowamynda, örän seýrek bolsa-da, ýerli ýaşaýjylaryň myhmany bolýar diýip, habarlarda aýdylýar.

«KEMÇILIKLERI ÝAŞYRMAK» ÜÇIN SYÝASY TEHNOLOGIÝA

Özbegistan meseleleri boýunça garaşsyz ekspert Kamoliddin Rabbimow Merkezi Aziýanyň prezidentleriniň iş sapary wagtynda ýönekeý adamlaryň öýlerine myhmançylyga barmagynyň öz abraýyny gowulandyrmak üçin ulanýan syýasy çäre bolup durýandygyny aýdýar.

– Özbegistanda korrupsiýa garşy giň möçberde jemgyýetçilik talabynyň bardygyna garamazdan, şeýle göreş entek ýok. Y. Kerimowyň köp kadrlary hökümetde otyrlar. Mirziýaýew täze kadrlar syýasatyny geçirer diýip garaşsalar-da, ol ynam ödelmän gelýär. Bu ýagdaýda Mirziýaýewiň ýaşaýyş jaýyna mätäçlik çekýänlere döwlet býujetine gurlan jaýlardan paýlamagy onuň hökümetdäki abraýyny beýgeldýär. Beýleki tarapdan, bu ýagdaý korrupsiýa garşy göreşiň üstüni örtýär. Jemgyýetçilik garaýşy-da dürli, şonuň üçin bu ýagdaý milletiň bir böleginde ‘prezident käbir işleri dogry edýär’ diýen garaýşy döredýär – diýip, Rabbimow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ekspertiň pikirine görä, Özbegistanyň täze saýlanan prezidentine bolan ynam entek gutaranok.

– Ýöne Gazagystanda hem Täjigistanda jemgyýet hökümetiň başga görnüşe geçmegine umyt baglaýar. Şonuň üçinem ol ýurtlaryň hökümet ýolbaşçylary öz legitimligini – halkyň ykrar etmegini isläp, ony şeýle ýumşak güýç bilen – halkyň arasyna baryp gazanmak isleýär – diýip, bilermen düşündirýär.

Onuň sözüne görä, hökümet ýolbaşçylarynyň beýle hereketi köplenç tankyda duçar bolýar.

– Ol tankydyň näçe derejede çynlakaý hem esaslydygy – täze bir özgerişligiň boljak ýa-da bolmajagyna bagly bolup durýar. Tankyt hökümetiň legitimligini kesgitleýär – diýip, Kamoliddin Rabbimow Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Bu ýerde aýdylýanlar Azatlyk Radiosynyň garaýşyny aňlatman biler.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG