Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistana syýahat etmezligi maslahat berýär


Aşgabat. Hökümet başda keselçilige garşy 'milli dermanlary' - ýüzärlik ulanmagy maslahat berdi.
Aşgabat. Hökümet başda keselçilige garşy 'milli dermanlary' - ýüzärlik ulanmagy maslahat berdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 7-nji awgustda syýahatçylaryň syýahat etmekleri üçin Türkmenistanyň reýtingini üýtgetdi we saglyk howpy sebäpli ýurda gitmezligi maslahat berýär.

ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň (CDC) Türkmenistana COVID-19-yň ýokuşma howpy boýunça üçünji, iň ýokary derejäni berendigi habar berilýär.

Şeýle-de CDC web sahypasy Türkmenistanda COVID-19 bilen baglanyşykly ýagdaý barada maglumatyň ýokdugyny habar berdi.

ABŞ raýatlaryna, gaty zerur bolmasa, Türkmenistana sapar etmek maslahat berilmeýär. Türkmen hökümeti BSG-ä koronawirus ýokuşmasy bilen baglanyşykly hiç bir maglumat bermedi.

CDC diňe Fiji, Bonaire, Saba, Keramatly Bartelemi, Sint Eustatius, Täze Zelandiýa we Taýland adalary ýaly ýer-ýurtlary howpsuz hasaplanýar.

ABŞ-nyň Daşary işler edarasy Türkmenistana gelýän jahankeşdeleriň serhetleriň, howa menzilleriniň duýdansyz ýapylmagy, öýlerinden çykmazlyk buýruklary we koronawirus bilen baglanyşykly beýleki çäklendiriji çäreler bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini duýdurýar.

XS
SM
MD
LG