'Mazarlar tekiz bolmaly'. Ölüm köpelen wagtynda Türkmenistanda jaýlamak boýunça täze talap girizilýär
Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda ölenleri jaýlanmak boýunça täze talaplary öňe sürýärler. COVID-19 alamatly keselden ölýänleriň birden köpelen wagtynda ilatdan merhumlary mazarlary göze ilmez ýaly jaýlanmagy talap edýärler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň ilatyna öýde galmak maslahat berilýär. COVID-19 hassalary üçin niýetlenen karantin zolaklary näsaglardan doly, dermanlar, öýkeni emeli işletmek üçin enjamlar ýetmezçilik edýär. Häkimiýetler bolsa ýurtda koronawirusyň henizem ýokdugyny resmi taýdan aýdýarlar.