Farapda we Çärjewde häkimlik “harasatdan ejir çekenler üçin”, haja dalaşgärlerden pul ýygnaýar
Farap we Çärjew etraplarynyň häkimlikleri, ýerli din wekilleri we metjitleriň ymamlary şu ýyl haj nobaty ýeten ýa-da öz hasabyna haja gitmegi meýilleşdiren etrap ýaşaýjylaryndan öz serişdelerini “harasatdan ejir çekenler üçin” häkimlige geçirmegi talap edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji iýulda habar berdi.