Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça müdiriýetiniň COVID-19 missiýasy 6-njy iýulda Türkmenistana sapar edýär. Bu barada Turkmenportal.com neşiri missiýanyň ýolbaşçysy Katrin Smolwudyň BMG-niň metbugat merkezine beren interwýusyna salgylanyp habar berýär.
Missiýa Türkmenistanda milli we ýerli häkimiýetler bilen COVID-19-a garşy taýýarlygyň we oňa gaýtawul bermegiň dürli ugurlary boýunça iş alyp barmagy maksat edinýär.
Smolwud bilermenler toparynyň Türkmenistanda 10 gün galjakdygyny mälim etdi.
“Biziň işimiz, utgaşdyrmak we gözegçilik ulgamlary, epidemiologiki gözegçilik, laboratoriýa hyzmatlary, hassalara gözegçilik, ýokanç keselleriň öňüni almak we ýokançlyga gözegçilik ýaly ugurlara, şeýle hem wirus howpy barada halka habar bermek ýaly ugurlara gönükdiriler” diýip, neşir Smolwudyň sözlerini getirdi.
Şeýle-de, BSG-nyň missiýasynyň gün tertibinde Türkmenistanda wirus töwekgelçiliklerine baha bermek ýaly meseleler bar. Saparyň dowamynda halkara bilermenler topary Türkmenistanda ýokary derejeli resmiler bilen hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleri bilen duşuşyklary geçirmegi maksat edinýär.
“Milli, sebit we şäher derejesindäki lukmançylyk edaralaryna, saglygy goraýyş merkezlerine, barlaghanalara we beýleki edaralara, şeýle hem giriş nokatlaryna baryp görmegi meýilleşdirýäris” diýip, Smolwud BMG-niň metbugat merkezine beren interwýusynda aýtdy.
BSG-nyň halkara bilermenler topary aprel aýyndan bäri Türkmenistana sapar etmäge synanyşýardy.
Türkmenabat halkara bilermenleriniň saparyna taýýarlanýar
Guramanyň COVID-19 missiýasynyň Türkmenistana edýän saparynyň öňüsyrasynda, 3-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýolbaşçylygynda ýokary derejeli türkmen resmileri Türkmenabada sapar edip, şäheriň saglyk edaralaryna baryp gördüler.
Bu aralykda, häkimiýetler ýurtda koronawirus ýokanjynyň ýokdugyny aýdýan wagty, Türkmenistanda möwç alýan şübheli pnewmoniýa barada aladaly habarlar gelip gowuşýar.
“Anna güni günüň ikinji ýarymynda daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýolbaşçylygynda resmiler topary BSG-nyň missiýasyny kabul etjek edaralary barlamak üçin Lebaba sapar etdiler. Meredowa iki premýer-ministr we saglygy goraýyş we derman senagaty ministri ýoldaş boldy. Olar Welaýat hassahanasy, Şäher hassahanasy we Türkmenabadyň Ýokanç keselleri hassahanasy ýaly birnäçe edarany gözden geçirdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji iýulda habar berdi.
Beýleki bir habarçymyz BSG-nyň missiýasynyň saparynyň öňýany, 6-njy iýuldan başlap, Türkmenabatda açyk meýdanda guralan söwda tekjeleriniň hem-de köp sanly kafeniň we dükanlaryň ýapylýandygyny habar berdi. Bu duýduryş 2-nji iýulda berildi.
Şol bir wagtyň özünde, şäherde (Türkmenabatda – red.) “maskaly adamlar köpelip başlady, olara hiç kim azar berenok. 6-njy iýul – 8-nji iýul aralygynda myhmanlar (BSG-nyň COVID-19 missiýasy – red.) gelmeli. Ähli ýerlerde güýçli taýýarlyk gidip dur. Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda-da güýçli taýýarlyk işleri alnyp barylýar” diýip, habarçymyz aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndaky çeşmesi Türkmenabadyň ýokanç keselleri hassahanasyndaky näsaglaryň Türkmenabadyň şäher keselhanasyna geçirilýändigini, Şäher hassahanasynyň karantin merkez yglan edilendigini 2-nji iýulda anonim şertde habar berdi.
“Türkmenabadyň Ýokanç keselleri hassahanasynda adam az. Ol ýerde diňe Moskwada harby parada gatnaşan adamlar karantinde saklanýar. Olaryň jemi sany 34 adam, köp bolsa 37 adam. Olar näsag däl, ýöne 14 gün karantinde bolmaly” diýip, çeşme maglumatynyň üstüni ýetirdi.
24-nji iýunda Türkmenistanyň wekiliýeti II Jahan urşunda gazanylan ýeňiş mynasybetli Moskwada geçirilen harby parada gatnaşypdy.
Häkimiýetler paýtagt Aşgabatda-da COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak çäreleriniň çäginde girizýän karantin düzgünlerini güýçlendirýärler.
Aşgabatda täze karantin düzgünleri girizilýär
“Öňki Sergiler zalynyň, WDNH-nyň binasynda ýerleşýän dükanlaryň, firmalaryň we kafeleriň ýagny hususy pudagyň işgärleriniň 50 prosenti karantin çäreleriniň çäginde 10 günlük öýlerine ugradyldy. Döwlet edaralarynda mundan beýläk adamlardan maska dakmak we ellik geýmek talap edilýär. Ýöne köçelerde däl. Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy lomaý-söwda bazarynda merkezi girelge ýapyldy” diýip, Aşgabatdaky habarçymyz habar berýär.
Türkmenistanda resmiler ýurduň täze koronawirusdan doly azatdygyny aýdýarlar. Ýöne şol bir wagtyň özünde soňky wagtlarda ýurtda pnewmoniýa keseli möwç alýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berip gelýär.
Şübheli pnewmoniýa möwjeýär
“Aşgabatda 84 ýaşly bir garry aýal keselhana ýerleşdirildi we ol ýerde pnewmoniýadan öldi. Onuň jesedini öýlerine äkitmediler, derrew jaýladylar” diýip, habarçy aýtdy.
“Şeýle-de, keselhanada 17 ýaşly bir futbolçy pnewmoniýadan aradan çykdy. Şular ýaly habarlar hemme ýerde eşidilýär” diýip, ol aýtdy.
Ýene bir habarçymyz 60 ýaşly bir köşüli erkek adamyň bir keselhanada aradan çykandan soň, onuň jesediniň selofan gaba oralyp, polisiýa işgärleri we lukmanlar tarapyndan merhumyň dogan-garyndaşlaryna tabşyrylandygyny habar berdi. “Ýörite gaby aýyrmaga rugsat bermediler. Şonuň üçin merhum ýuwulmady” diýip, ol aýtdy we aradan çykan köşüliniň maşgala agzalarynyň jynazadan soň gözden gaýyp bolandygyny habar berdi.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Aşgabadyň Kliniki medisina we epidemiologiýa institutynda her gün 140 koronawirus barlagy geçirilýär.
“Morguň ýanynda ýerleşýän Kliniki medisina we epidemiologiýa instituty ýörite iş tertibine geçdi. Ol ýerde Aşgabatda her gün 140 test geçirilýär. Keselhanalar dyknyşyk, täze näsaglary kabul etmeýärler – olar oýlerinde bejergi almaly. Saglyk işgärleriniň maşgala agzalary öýlerinde bejergi almaly we keselini paş etmeli däl” diýip, habarçy aýtdy.
Dezinfeksiýa serişdeleri
Ol dermanhanalarda maska we elligiň tapdyrmaýandygyny we olarda alyjylaryň sanynyň ýokarlanandygyny habar berdi.
Dermanhanalarda "Steriderm" atly spirtli dezinfeksiýa serişdesi satylýar, onuň 100 ml dürli dermanhanalarda 15-25 manat, 50 milligramlyk pürküji bolsa 20 manatdan 35 manada çenli. Bu bolsa ilat üçin gymmat diýip, habarçy aýtdy.
“Häzirki wagtda hemme ýerde, hatda kiçi kommersiýa dükanlarynda arassaçylyk we dezinfeksiýa serişdeleri satylýar” diýip, ol aýtdy.
Baýramalydaky habarçymyz COVID-19-a garşy bu etrapda alnyp barylýan göreş barada habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, Baýramalynyň bazary 5-nji iýul gijesi dezinfeksiýa edildi we “Ýubileýniý raýonynda” ýerleşýän köçeleriň ählisi dezinfeksiýa edildi.
Baýramalyda maska dakmak gadagan
“Bu çäreleriň näme üçin, näme sebäpden geçirilýändigi hiç hili düşündirilmeýär” diýip, habarçy belledi.
Şeýle-de, onuň maglumatlaryna görä, hassahanalarda beden gyzgynlygy ýokarlanýan näsaglar derrew karantine alynýar we 14 gün karantinde saklanýar.
Galyberse-de, habarçy Baýramalyda ilata maska dakmaga rugsat berilmeýändigini, agzy maskaly ele salnan raýata polisiýa tarapyndan 200 manat jerime salynýandygyny hem-de maska dakynýan adamlaryň ilatyň arasynda dowul döretmekde aýyplanýandygyny habar berdi.
VPN hyzmatlary çäklendirilýär, aragatnaşyk kesilýär
6-njy iýulda aşgabatly habarçymyz goşmaça maglumat iberip, Türkmenistanda häkimiýetleriň ilat arasynda köpelýän “pnewmoniýa” ölümlerini gizleýändigini, merhumlaryň ölüm sebäbiniň “ýürek näsazlygy”, “ýürek ýetmezçiligi” ýaly koronawirusa dahylsyz keseller bilen görkezilýändigini habar berdi.
“Ölümleri gizlemek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimine baha bermek gaty kyn” diýip, habarçy ilat arasynda ölümleriň juda artýandygyny habar berdi.
“Ölümleriň sany baradaky ähli maglumatlar gizlenýär. Häkimiýetleriň jynaza çärelerine gatnaşýan adamlaryň sanyny çäklendirýändigi ýa-da merhumy soňky ýoluna ugratmak çäreleriniň düýbünden gadagan edilýändigi barada subutnamalar bar” diýip, habarçy aýtdy.
Ol BSG-nyň halkara bilermenler toparynyň Türkmenistana edýän saparynyň öňýany, 5-nji iýulda agşamara häkimiýetleriň ýurtda VPN hyzmatlaryny petiklemek işlerini güýçlendirendigini habar berdi.
“Aragatnaşyk her 10-15 minutdan kesilýär, ýa-da düýbünden ýok” diýip, habarçy paýtagtdan habar berdi.
Jons Hopkins uniwersitetiniň soňky maglumatlaryna görä, 6-njy iýula çenli dünýäde COVID-19 ýokaşan adamlaryň sany 11 million adamdan aşdy, bu keselden tutuş dünýäde şu wagta çenli 535 müňe golaý adam heläk boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.