Daşary işler ministri Reşit Meredow 19-njy iýunda Türkmenistanyň Bütindünýä Saglyk guramasynyň bilermenleriniň missiýasyny iýul aýynyň başynda kabul etmäge taýýarlyk görýändigini aýtdy.
Bu missiýanyň Türkmenistanda koronawirus bilen bagly hakyky ýagdaýa baha bermek üçin edýän synanyşyklary şu wagta çenli gijigip gelýär.
Hepde aýagynda DIM-niň binasynda «Koronariwus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça häzirki ýagdaýlara syn» atly brifing geçirildi.
R.Meredow saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň işjeň dowam etdirilýändigini aýratyn nygtady diýip, daşary syýasat guramasynyň websaýtynda aýdylýar.
Saglyk ministri N.Amannepesow Türkmenistanyň aýratyn howply ýokanç hem-de ýokanç däl keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşde dünýäniň öňdebaryjy kliniki merkezleri we lukmanlary bilen tejribe alyşmak babatynda işjeň özara hereket edýändigini nygtady.
Resmi maglumata görä, BSG-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska türkmen hökümetiniň koronariwus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreşdäki “umumy tagallalara goşýan ähmiýetli goşandyny” tassyk etdi.
Şeýle-de wekil Aşgabadyň BSG bilen “ählimumy sanjym maksatnamalarynyň we taslamalarynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygyny dowam etdirýändigini” belledi.
BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy N.German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy N.Drozd dagy hem “öz çykyşlarynda pandemiýa garşy göreşiň giň ugurlary babatynda türkmen tarapynyň gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen işjeň hem-de açyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna taýýarlygyna we ymtylyşlaryna ýokary baha berdiler” diýip, DIM ýazýar.
Azatlyk radiosynyň maglumatlaryna görä, Lebap welaýatynda COVID-19 alamatlary bolan näsaglar köpelýär, Aşgabatda saglyk edaralary karantine ýapylýar.
Koronawirus alamatlary bolan näsaglaryň Lebabyň köpugurly keselhanasyna kabul edilmegi dowam etdirilýär. Azatlyk Radiosy bilen adynyň aýdylmazlygy şerti bilen söhbetdeş bolan ýerli saglyk edarasynyň işgäriniň aýtmagyna görä, COVID-19 boýunça testleri oňyn netije berýän adamlar köpelipdir.
"18-nji iýunda has köp hassa geldi. 19-njy iýuna geçilýän gije ýene 4 adam getirildi. Synaglarynyň netijesi oňyn. Olaryň arasynda ýene bir lukman işgäri bar. Ol poliklinikanyň lukmany" - diýip çeşmämiz aýtdy. Onuň sözlerine görä, COVID-19 Lebapdaky köp ugurly hassahananyň işgärleriniň arasynda hem tassyklandy.
Azatlyk çeşmeleriniň habar berşi ýaly 8-nji iýunda bu köp ugurly hassahanada anesteziolog şepagat uýasynda COVID-19 tapyldy. Şondan soň, ol maşgalasy bilen karantine salyndy, hassahananyň işgärleri yzygiderli barlanýar.
“Häzirki wagtda klinika işgärlerini yzygiderli barlagdan geçirýärler. Emma netijeleri aýdylmaýar. Keselhana 14 günlük karantinde, izolýasiýa edildi "- diýip, Azatlygyň Lebap welaýatyndaky çeşmelerinden biri 11-nji iýunda aýtdy.