Täjigistanda turizm ulgamy ykdysadyýetiň ösüşinde peýdaly ugurlardan biri saýylýar, ýöne ol pudak COVID-19 pandemiýasy zerarly aşak düşmegini dowam etdirýär. Pudagyň bilermenleriniň aýtmagyna görä, turizm döwlet ýardamyna mätäç bolup dur. Hökümetler bolsa olara eýýäm kömek berlendigini aýdýarlar.
Mejbury işsizlik
Täjigistandaky turistik operatorlardan biri Laliş Bahtaliýew turistleri her ýylda Pamir daglaryna ugradýardy. Häzir turistik möwsümiň gyzgalaňly bolmaly döwründe, karantin şertleri sebäpli ol öýde oturmaga mejbur bolýar. “Bu ýyl biziň işlerimiz ilkinjileriň hatarynda ýapyldy, kim turistler bilen işleşen bolsa, häzir işsiz. Ýöne biz syýahat etjekler bilen aragatnaşyk tapýarys, basym serhetler açylar diýen umydymyz bar” diýip, L. Bahtaliýew aýdýar.
Täjigistan ýurda COVID-19 wirusynyň ýaýramazlygy üçin, 10-njy aprelde öz howa serhetlerini doly ýapypdy. Täjigistan respublikasynyň Turizm baradaky komitetiniň 17-nji martda kabul eden kararyna görä, turistleriň ýurda girmegi hem çykmagy wagtlaýynça togtadyldy.
Bu ýagdaý ykdysadyýetiň düşewüntli ugurlaryndan biri bolan turizm pudagyna ýaramaz täsir etdi.
Resmi maglumatlarda aýdylyşyna görä, 2019-njy ýylda bu pudak ýurduň bütewi içerki önüminiň 2, 2% düzdi. Şonuň bilen baglanyşykda, turistik hyzmatlaryň girdejisi 10, 4% boldy. Pul möçberinde aýdylanda, turizmden diňe syýahatçylara bilet satmakdan ýurduň ykdysadyýetine 256, 7 mln. dollar girdi, turistik hyzmatlar üçinem 403 mln. 760 müň somoni (häzirki kurs bilen $ 40 mln.) girdeji girdi.
Pudagyň işgärleri bu ýylda girdejä garaşmaýarlar.
«Ýeňip bolmaýan kynçylyklar»
«Pamir silk Travel» turistik agentligiň direktory Şagarf Mullo Abdolyň sözüne görä, pandemiýa gadagançylygy Täjigistanyň, şol sanda tutuş Merkezi Aziýanyň turistik akymyny ýene köp wagtlap saklar. «Sebitiň beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly, bizde hem kesel ýokuşmak howpy ýokary bolmagynda galýar. Şonuň üçinem köpçülikleýin turizm barada gürlärden entek ir. Biz az hereketler bilen girişmeli bolarys, şonda-da 2020-nji ýyla çenli bolan derejä garaşyp bolmaz» diýip, Mullo Abdol belleýär.
Onuň aýtmagyna görä, dag turizmini söýýän adamlar köplenç 45 ýaşdan ýokardakylar. Şol ýaşdakylar bolsa koronawirus infeksiýasyna ýolugaýjak topardaky adamlar. Bu ýagdaý turistleriň akymyny peselder.
«Täjigistan başgalara garanda, köp zyýan çeker»
Ykdysadyýet boýunça synçy Abdymanon Şeraliýewiň pikirine görä, turizm pudagynda Täjigistan beýleki ýurtlara garanda, köp zyýan çeker. Muňa şu ýagdaýlar sebäp bolar:
- hökümet tarapyndan ýardamyň bolmazlygy (ýardam beriljekdigi aýdyldy, ýöne gaty gysga wagt – üç aý üçin, ol hem peýdasyz derejede)
- beýleki ýurtlar bilen deňeşdireniňde, Täjigistanyň bäsdeşlik ukybynyň pes bolmagy. Serhetler açylandan soň, turistleri kabul etjek döwletleriň arasynda berk bäsleşik ýüze çykar, Täjigistan bolsa oňa taýýar däl.
- koronawirus bilen baglanyşykly maglumatlar doly açyk däl. Turistleriň özleri-de, beýleki ýurtlar hem, megerem, Täjigistana baryp-barmazlyk hakda maslahat ederler. Haçan-da, koronawirusdan ölenleriň resmi sany hakyky görkezijilerden on esse azaldylýan bolsa, turistleriň bu barada pikir etjekdigi tebigy ýagdaý. Diýmek, hökümet ýagdaýa kontrollyk edip bilenok, daşardan gelenler islendik ýerde ol infeksiýa ýolugyp bilerler.
Ekspertiň sözüne görä, hökümet resmileri meseläniň hut şu taraplaryna üns bermeli, ýöne möhüm pursat elden giderildi.
«Pudagy hökümetler goldaýar»
Täjik hökümetiniň 5-nji iýunda kabul eden kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň 1-nji aprelinden 1-nji sentýabry aralygynda, turizm pudagyndaky obýektler – myhmanhanalar, jemgyýetçilik iýmiti guramalary, saglygy dikeldiş hem sport merkezleri, sanatoriýalar, halkara ýolagçy gatnawlary hem-de aeronawigasiýa gullugy şu ýylyň salgydyny wagtynda tölemedigi üçin salynýan jerimeden boşadylýar.
Turizmi ösdürmek baradaky komitetden Azatlyk Radiosyna aýdyşlaryna görä, hökümet bu karary turizm pudagynda işleýän işewür toparlaryň haýyşy bilen olaryň bähbidini göz öňünde tutup kabul edipdir. Ýöne pudagyň işgärleriniň aýtmagyna görä, berilýän ýeňillikler örän gysga wagtlyk hem-de ol turistik subýektleri, ýagny kim turistler bilen gös-göni işleşýän bolsa, olaryň bähbitleri nazarda tutulmandyr.
Täze şertlere uýgunlaşmaly
Şagarf Mullo Abdolyň bellemegine görä, krizisiň dowam edýän häzirki wagtynda, turoperatorlar täze turistik mümkinçilikleri döretmek barada alada etmeli, aýratynam ýaş turistleri özüne çeker ýaly, turistik obýektlere ýaňadan seredilmeli, ol ýerleriň howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaly hem sanitariýa düzgünlerini gowulandyrmaly. «Mundan daşary-da, durmuş şertleri ýokary bolan ýurtlar üçin, döwlet tarapyndan wizasyz düzgün girizilmeli. Stambulyň üstünden uçýan awiareýsleriň biletleriniň bahasynyň aşakladylmagyny gazanmaly. Turistleriň esasy bölegi bize Stambulyň üstünden gelýär» diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.
Şol wagtyň özünde, Täjigistanyň goňşusy bolan Özbegistanda turizm pudagyny goldamak hem-de syýahat eder ýaly ýerlere ünsi güýçlendirmek maksady bilen, online-tourism.uz atly ýörite internet-platformasy döredildi. Bu ulgam arkaly wirtual turistik syýahaty amala aşyrmak mümkin. Özbegistanyň wise-premýeri Aziz Abduhakimow aprel aýynda beren interwýusynda, karantin tamamlanandan soň, hökümet «Öz ülkäňi aç» atly proýektiň çäginde, ýerli ýaşaýjylary töwerek-daşynda bolan iň täsin ýerler barada material toplamak işine çekjekdigini aýtdy. Munuň esasynda syýahat üçin «Turistik oba», «Turistik mähelle» hem-de «Turistik ýaýla» ýaly, täze obýektler peýda bolar.
«Umyt bar»
«Turizmi ösdürmek merkezi» atly jemgyýetçilik guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Bahriddin Isamutdinow karantin tamamlansa, syýahat etmäge bolan höwesiň artmagy mümkin diýýär. Ol turistleri şertli iki topara bölüp: “Kimde pul süýşürintgisi köp bolsa, gymmat bahaly awiareýsler bilen howpsuz myhmanhanalaryň bar ýerine gider. Çykdajysy ýeňil boljak usullary gözleýänler bolsa ýa-ha öz ýurdunda, ýa-da daşary ýurtlarda özbaşdak syýahat ederler” diýip, Isamutdinow belleýär. Onuň pikirine görä, turistler üçin haýsy ýurt köp howpsuzlyk şertlerini döredip bilse, şol ýurduň işi hem üstünlikli bolar.
Täjigistanda turizmi ösdürmek ýurduň 2030-njy ýyla çenli strategiki maksatnamasynyň esasy ugurlaryndan biri bolup durýar. 2018-nji ýylda kabul edilen Strategiki maksatnama laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli turizmiň hyzmat ediş mümkinçiligi aeroportlarda, serhetýaka nokatlarynda ýokarlanmaly, tutuş ýurt boýunça turistik infrastruktura, şol sanda wizalary almak we hasaba durmak meseleleri ösdürilmeli.
Resmi maglumata görä Täjigistana 2019-njy ýylda 1 mln. 257 müň 300 adam syýahat edipdir. Munuň özi 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 21,6% ýa-da 219,7 müň adam artykdyr. Turistleriň arasynda dünýäniň 146 ýurdundan adamlar boldy. Ilkinji orunda Özbegistanyň graždanlary durýar, olardan syýahata gelenler 853 634 adam bolupdyr, ikinji orunda Russiýanyň graždanlary bolup, 212 müň adam, üçünji orunda Gyrgyzystan durýar, olardan syýahata gelenler 116 müň adam.
Şeýle hem ilkinji onluga Gazagystan, Owganystan, Hytaý, Türkiýe, BAE, Germaniýa hem Hindistan girdiler.
Hindistandan, Fransiýadan hem Ýaponiýadan bolan turistleriň sany 2,5-3 esse artdy. Gyrgyzystandan, Owganystandan, ABŞ-dan, Ukrainadan, Türkmenistandan, Kanadadan hem Günorta Koreýadan bolan turistleriň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 50%-den gowrak artypdyr.
Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.