Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna bankyň üstünden pul iberjek bolýan raýatlaryň öňünde döredilýän emeli kösençlikleriň köpelmese, azalmaýandygyny Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.
"“Senagat bank” Akdepe we Gurbansoltan eje etraplarynyň ilatyna hyzmat edýär. Bu bankda studentlere pul ibermek meselesinde hemişe kynçylyk, problema döreýär" diýip, daşoguzly ene-atalar bilen gürleşen habarçy gürrüň berdi.
Aýdylmagyna görä, Daşoguz welaýatynda her bank bir etraba berkidilip, student çagalaryna pul geçirjek bolýan ene-atalardan hökman özlerine degişli banka ýüz tutmak talap edilýär.
"“Senagat bankyň” işgärleri pul geçirmezlik ýa-da ‘wagt utmak’ üçin dürli bahanalary oýlap tapýarlar, goşmaça dokumentleri talap edýärler" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran student enesi aýtdy.
Mysal üçin, beýleki banklarda studentiň okaýandygyny tassyklaýan güwänama diňe ýanwarda we sentýabrda talap edilýän bolsa, “Senagat bankda” her iki aýdan talap edilýär diýip, ol belledi.
Studentleriň ene-atalarynyň pikirine görä, “Senagat bank” şeýle emeli kynçylyklar bilen “wagt utup’, studentlere pul geçirmek üçin döwlet tarapyndan bölünip berlen walýuta serişdelerini başga maksatlar, başga adamlar üçin ulanýar.
"Bankda bu “hyzmatyň” öz bahasy bar. Şu ýagdaýlar bilen baglylykda, “Senagat bankyň” işgärleriniň günäsi bilen, Orsýetde galan türkmen studentleriniň köpüsi tomusky dynç alyş wagtynda, karantin döwründe zerur bolan serişdeleri alyp bilmeýär" diýip, ene-atalar adýarlar.
Ene-atalaryň sözlerine görä, bankda her gün diýen ýaly galmagal turýar, emma bankyň ýolbaşçylary bilen gürleşip bolmaýar, olar adamlardan "gaçýarlar”.
Azatlygyň habarçysy, dollar geçirmek bilen baglylykda, şeýle “wagt utmak” oýunlarynyň "Türkmenbaşy" bankynda hem bardygyny habar berýär. Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýaşaýjylar öz çagalaryna pul geçirip bilmändiklerini, muňa bankdaky “”wagt” oýunlarynyň sebäp bolandygyny aýtdylar.
Aýdylmagyna görä, pul geçirilen ýagdaýlarynda hem iki aýda 200 dollar, ýagny aýyna 100 dollar geçirmäge rugsat edilýär. Bu örän az we käbir halatlarda studentleriň daşary ýurtda eklenç üçin bikanun işlere ýüz urmagyna sebäp bolýar.
“Banklardaky hapa oýunlar biziň çagalarymyzy daşary ýurtda karantin döwründe jelepçilik etmek ýaly işlere itekleýär” diýip, gyzyna pul iberip bilmedik ene aýtdy.
Şol bir wagtda, ene-atalar şeýle kynçylyklaryň Türkmen-türk bankynda ýokdugyny, onda diňe kanunlaşdyrylan resmi dokumentleriň sanawynyň talap edilýändigini hem bellediler.
Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada "Senagat" we "Türkmenbaşy" banklaryndan kommentariý alyp bilmedi.
Türkmenistanda indi üç ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda ýurtda walýutanyň alyş-çalşygy bilen bagly ençeme çäklendirme girizildi. Ykdysady kynçylyklar we çäklendirmeler walýutanyň resmi bahasy bilen onuň “gara bazardaky” nyrhynyň arasynda uly aratapawudy emele getirdi.
Häzirki wagtda türkmen banklary arkaly studentlere pul ibermek - Türkmenistanda raýatlaryň daşary ýurtlara walýutanyň resmi kursundan pul ibermeginiň ýeke-täk usullarynyň bir bolup galýar. Emma türkmenistanlylar munuň bilen bagly ýurduň içinde we daşynda dürli bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.
Türkmenistanda daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna bankyň üstünden pul iberjek bolýan raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, türkmen häkimiýetleriniň “Western Union” arkaly iberilýän puluň çägini "artdyrmak planyndan el çekendigi" baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.
Golaýda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow "wagtlaýyn çäre hökmünde" ýurtda walýuta amallarynyň hereket edýän tertibine gaýtadan seredilmegini talap etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.