Ýekşenbe güni Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Ýalkym daýhan birleşiginde birnäçe aýal un ýetmezçiligi bilen baglylykda etrap häkimi Serdar Meredowa nägilelik bildirdiler.
“Hemmesine sen günäkär! Sen diňe pagta ekdirdiň, iýmäge zat ýok” diýip, Azatlyk Radiosyna 10-njy maýda gowşan maglumatdan mälim bolşuna görä, bir dükanyň öňünde un nobatyna garaşýan aýallar ol ýere “sebäp bilen” baran häkimi ýakaladylar.
Etrap häkimi aýallaryň elinden gutulyp, wakanyň bolan ýerine etrap polisiýasyny ugradýar.
Onuň yzýany, häkime nägilelik bildiren aýallar obanyň medeniýet öýünde polisiýa tarapyndan häkime hüjüm etmegi özlerine kimiň öwredendigi barada soraga çekilýär.
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda un ýetmezçiligi bilen bagly aýallaryň häkime nägilelik bildirmegi barada 10-njy maýda “Türkmenistanyň hronikasy” hem habar berdi.
Neşiriň maglumatyna görä, etrap häkiminiň karary bilen ozal 25,000 tonna bugdaý ösdürilip ýetişdirilen Atgyrlan massiwindäki ýerleriň köpüsine bu ýyl gowaça ekmek tabşyryldy. “Indi [ol ýerde] bugdaý hasyly iň gowy bolanda 15,000 tonna bolar” diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” çaklaýar.
Soňky ýyllarda ilaty ýygy-ýygydan un ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz galýan Türkmenistanda häkimiýetler, 2020-nji ýylda bugdaý plan borçnamasyny azaldyp, prezident Gurbanguly Bedimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, pagta plan borçnamasyny geçen ýyldaky 1 million 50 müň tonnalygyndan bu ýyl 1 million 200 müň tonna çykardy.
Ýurt boýunça geçen ýylyň bugdaý hasyly üçin döwlet tarapyndan bölünip berlen 760 müň gektarlyk meýdan bu ýyl 690 müň gektara düşürildi. Bugdaý meýdanlary ýurt boýunça 70 müň gektar azaldyldy.
Ýerli ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýdylmagyna görä, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi Magtymguly hem-de Aýböwür daýhan birleşikleriniň ekerançylyk ýerlerine öz peýdasyna künji, mäş, jöwen, gawun we garpyz ekdirýär, şeýle-de ol “Obahyzmat” kärhanasynyň hem-de daýhan birleşikleriň hasabyna Saparmyrat Nyýazow daýhan birleşiginde 150 gektar ýere şaly, Azatlyk daýhan birleşiginde 50 gektar ýere jöwen ekdirdi.
Prezident Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda 2020-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” 17-nji aprelde gol çeken kararyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň käbir etraplary bilen bir hatarda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyna şaly ösdürip ýetişdirmek tabşyryldy.
Mundan ozal, apreliň ahyrynda türkmenbaşyly daýhanlaryň Azatlyk Radiosyna iberen hatynda etrap häkiminiň ýer, suw, tehnika, dökün serişdelerini we adam güýjüni ulanyp onlarça gektar ýere öz peýdasyna gök we bakja ekinlerini ekdirýändigi we şol bir wagtda kärendeçileriň öz boşan ekin ýerlerine şol ekinleri ekmegine päsgel berýändigi habar berildi.
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda dörän ozalky nägilelikler barada 19-njy aprelde turkmen.news hem habar berdi.
Neşiriň ýerli habarçysynyň sözlerine görä, etrap häkimi ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertleri barada däl, diňe öz şahsy bähbidi hakynda alada edýär.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň etrap häkimliginden kommentariýa alyp bilmeýär.
2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda etrabyň ozalky häkimi Baýmyrat Gylyjow “işde goýberen kemçilikleri” üçin wezipeden boşadylyp, onuň ornuna Gurbansoltan eje etrabynyň şol wagtky häkimi Serdar Meredow bellenipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.