Marynyň döwlet dükanlarynda un we ýag paýoklary kadalaşdy, Lebapda paýok üçin adamlardan dirilik subutnamasy talap edilýär
Un ýetmezçiligi sebäpli apreliň başlarynda Mary şäherinde onlarça aýalyň gatnaşmagynda geçirilen protest çäresinden soň, bu welaýatyň döwlet dükanlarynda aýlyk un we ýag üpjünçiligi ýola goýuldy. Aşgabadyň döwlet dükanlarynda iýmit önümlerini satyn almak üçin adamlar bir gün öňünden nobata ýazylýarlar.