Marynyň ilaty azyk ýetmezçiligine närazylyk bildirip proteste çykdy, awtoýollary baglady
Mary şäherinde 3-nji aprelde azyk önümleriniň ýiti ýetmezçiligi sebäpli ýerli ýaşaýjylardan ençeme adam öz-özünden proteste çykdy. Aglaba köplügi aýallardan bolan topar owaly bilen bu welaýaty ýurduň beýleki çäkleri bilen baglanyşdyrýan awto ýoly baglady. Soňra bir topar jemagat regionyň administratiw merkezine ugrady. Olar un hem beýleki azyk önümleri bilen üpjün edilmegini talap etdiler.