Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýdym-saz bilen meşgullanýan talyplar MHM-niň işgärleri bilen hyzmatdaşlyga çekilýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi Milli Konserwatoriýanyň hem-de Medeniýet institutynyň talyplaryny hyzmatdaşlyga çekýär.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde 3-nji martda habar berdi.

“Konserwatoriýanyň hem-de Medeniýet institutynyň aýdym-saz bilen meşgullanýan talyplary MHM-niň işgärleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge çekilýär” diýip, habarçy aýtdy.

Bu okuw jaýlarda bilim alýan aýdymçy-sazandar gyz-oglanlar toý-märekelere, adamlaryň üýşýän çärelerine gatnaşýarlar we bu ýagdaý, habarçynyň maglumatlaryna görä, MHM-niň işgärleri üçin halkyň hal-ahwalyny we pikir-garaýyşlaryny bilmäge pursat döredýär.

Mundan ozal, 23-nji ýanwarda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap welaýatynda güýç edaralarynyň öňki neşekeşleri we ten söwdasyny edýän aýal-gyzlary şugulçylyga çekýändikleri barada habar beripdi.

“MHM we polisiýa olary halkyň arasynda şugul hökmünde ulanýar” diýip, habarçy anonim şertde gürrüňdeş bolan lebaply bir polisiýa işgäriniň sözlerine salgylanyp habar beripdi.

Onuň maglumatlaryna görä, howpsuzlyk edaralary şugullary Lebapda daşary ýurtlarda işleýän raýatlaryň Türkmenistandaky dogan-garyndaşlaryny hem-de halk içinde pikir-garaýyş beýan etmekde aktiwlik görkezýän raýatlary yzarlamakda ulanýar.

Onuň sözlerine görä, regionda howpsuzlyk edaralary öňki neşekeşleriň hem-de ten söwdasyny edýän raýatlaryň il içinden getirýän maglumatlaryna bil baglaýar.

“Olar bolsa adamlaryň ykballary barada öz maglumatlarynyň esasynda netije çykarylýandygyna düşünmeýärler” diýip, habarçy lebaply polisiýa işgäriniň beren maglumatlaryna salgylandy.

Türkmenistanda talyplaryň kanun goraýjy edaralaryň wekilleri tarapyndan hyzmatdaşlyga çekilmegi täzelik däl. Mundan ozal, Azatlyk Radiosy ýokary okuw jaýlarynda talyplara şugulçylyk etdirilýändigini habar beripdi, galyberse-de has ozalky maglumatlarda MHM işgärleriniň daşary ýurtlarda bilim alýan studentleriň arasyndan adamlary şugulçylyga çekýändigi barada habar beripdi.

Sentýabryň ortalarynda Türkmenistanyň Ýörite gulluklary ýurduň ähli ýokary okuw jaýlaryndan studentleri şugulçylyga çekmek işlerini güýçlendiripdi. Şonda “hyzmatdaşlyga” çekilýän studentlerden syýasy çärelerden nägile kursdaşlaryny habar bermek talap edilipdi. Galyberse-de, olara telefonda VPN ulanýan studentleri anyklamak, mümkin boldugyndan olaryň telefonlaryny dörmek tabşyrylypdy.

Hukuk toparlarynyň halkara hasabatlarynda-da aýdylyşy ýaly, Türkmenistanda häkimiýetler raýatlaryň hereket hem-de maglumat giňişligini berk çäklendirýär.

Human Rights Watch guramasy soňky çap eden ýyllyk hasabatynda Türkmenistanda häkimiýetleriň raýatlaryň maglumat giňişligini berk gysýandygyny hasabat berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG