Türkmen hökümedi döwlet serhetlerini ýapdy, koronawirusy ilkinji gezek resmi derejede agzap, ýurtda kesellänleriň ýokdugyny aýtdy
Türkmenistanyň ýolbaşçysy dünýä ýaýran howply koronawirus keselini ilkinji gezek resmi derejede agzady we ýurtda koronawirus bilen bagly kesellänleriň hasaba alynmandygyny mälim etdi. Munuň bilen bir wagtda-da, Türkmenistan goňşy ýurtlary bilen serhetlerini ýapdy. Şu günki gün türkmen-owgan serhedi ýapyldy.