Goňşy Eýranda koronawirus sebäpli ölenleriň sany sekiz adama ýeten mahaly, Türkmenistanyň häkimiýetleri bu wirusyň öňüni alyş çärelerini güýçlendirýärler diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berýär.
Neşiriň 24-nji fewralda çap eden maglumatyna görä, bu çäreleriň çäginde Türkmenistan özüniň Eýran bilen arasyndaky serhedini ýapdy. Bu ýerde adamlaryň we ýükleriň hereketi çäklendirildi.
“Komandirleriň buýrugy esasynda Kakadan Gyzylarbada çenli aralyga gözegçilik edýän serhetçiler respirator, ýagny dem-alyş ýollaryny goramak üçin ýörite gurallary geýýärler. Şeýle-de, türkmen tarapy Tährandan Eýranyň serhetýaka obalarynyň ýaşaýjylaryny we olaryň mal-garalaryny garaşsyz zona goýbermezligi haýyş etdi” diýlip, neşiriň habarynda bellenilýär.
Türkmenistanyň özüniň Eýran bilen arasyndaky serhedini ýapandygy baradaky maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary hem tassyklaýarlar. Olar bu barada mundan öň Eýrandan dürli harytlary getirip satan söwdegärler bilen söhbetdeş boldular.
Şeýle-de, habarçylar bu wirusyň goňşy Eýrana gelendigi baradaky maglumatlardan soňra, ýurtda hususan-da, Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň arasynda dowul dörändigini aýdýarlar. Olar muňa, esasan hem, türkmen häkimiýetleriniň ilatyň arasynda koronawirus barada düşündiriş işlerini geçirmezliginiň sebäp bolýandygyny belleýärler.
“Adamlar Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda 200 çemesi kilometriň bardygyny aýdyp alada edýärler. Olar bu wirus Eýrana gelen bolsa, onda Türkmenistana hem geler diýýärler. Şeýle-de, olar ‘eger Hytaý bu wirusy kontrol edip bilmeýän bolsa, onda Türkmenistan ne ykdysady, ne-de moral taýdan onuň bilen göreşmäge taýýar’ diýýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan ahally habarçy 25-nji fewralda gürrüň berdi.
Azatlygyň Lebapdaky habarçylarynyň biri bolsa, welaýatda ilaty ýokanç keseller barada habarly etmek çäreleriniň güýçlendirilendigini aýdýar.
“Farap etrap, şäher we oba lukmanlaryna ýiti respirator keseli barada edara-kärhanalarda we mekdeplerde wagyz işlerini geçirmek tabşyrylypdyr. Käbir mekdepleriň okuwçylaryna grip bolsaňyz mekdebe gelmän, lukmana ýüz tutuň diýip aýdypdyrlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren habarçy 25-nji fewralda gürrüň berdi.
Şeýle-de, ol 24-nji fewralda Türkmenabat şäheriniň aeroportunda etrap lukmanlarynyň gatnaşmagynda ylmy-amaly taýýarlyk çäresiniň geçirilendigini hem belledi.
“Çärede wirus ýokuşan raýat getirilende, ondan ilkinji goranyş we ony kabul etmek işleri barada synagt geçirilipdir” diýip, habarçy welaýatyň saglyk işgärleriniň birnäçesine salgylanyp gürrüň berdi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri Hytaýda dörän we dünýä ýaýraýan täze koronawirusy resmi dereje agzap, diňe bir gezek maglumat ýaýratdy. Onda ýurduň çäklerini onuň ýaýramagyndan goramak üçin ähli zerur çäreleriň görlendigi, şol sanda wirusyň bardygy tassyklanan ýurtlardan gelýänlere gözegçilik edilýändigi habar berildi.
Ýöne Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri, şeýle-de garaşsyz media serişdeleri Hytaýdan Türkmenistana baranlaryň, şol sanda studentleriň we söwdagärleriň karantin zolaklarynda saklanýandygy barada şu aýyň başyndan bäri habar berip gelýärler.
Türkmen häkimiýetleri koronawirus bilen bagly ýurtda karantiniň bardygyny, onuň ýerleşýän ýerlerini, şol ýerde saklanýan adamlaryň sany we olaryň ykbaly barada habar bermeýärler.
25-nji fewralda berlen resmi maglumatlara görä, COVID-19 wirusy dünýäde 80 müňden gowrak adama ýokuşdy we bu wirus sebäpli 2 müň 700 çemesi adam öldi. Bu adamlaryň azyndan 15 sanysy Eýranda heläk boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.