Türkmenistanda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ikinji bolup ýerine ýetiren Mary welaýatynda býujet işgärlerinden “ýygym üçin” pul ýygnamak işleri dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylary howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 18-nji noýabrda habar berdi.
“Marynyň býujet işgärleriniň her birinden her hepde 20 manatdan 60 manada çenli pul ýygnalýar. Döwlet edara-kärhanalarynda işleýän işgärler hem ‘hakyna tutulýan ýygymçylar üçin’ diýlip ýygnalýan puly bermeli, hem-de öz iş ýerlerine işe çykmaly bolýarlar” diýip, maryly habarçy gürrüň berdi.
Habarçynyň sözlerine görä, pul bermäge mejbur edilýän işgärleriň arasynda welaýatyň demirýol we bilim-terbiýeçilik edaralarynyň, sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň işgärleri, şol sanda mekdep garawullary, tiz kömek sürüjileri bar.
“Lukmanlardan her hepde 60 manada çenli pul ýygnaýarlar. Saglyk öýleriniň işgärleri bolsa 30 manatdan bermeli” diýip, maryly býujet işgärleriniň onlarçasy bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, býujet işgärleri ol ýa-da beýleki zat üçin yzygiderli pul ýygnalýandygyny aýdyp, “aýlyklarymyzy iş ýerinde paýlamaly bolýarys” diýip zeýrenýärler.
Şol bir wagtyň özünde, olar Marynyň gowaça meýdanlarynda pagtanyň ýokdugyny aýdyp, ýygnalýan puluň nirä gidýändiginiň nämälim bolup galýandygyny aýdýarlar.
“Işgärler pagta ýygymyna çykjak bolsa, rugsat berilmeýär. Diňe pul goşmaly diýýärler. Edara ýolbaşçylary 'deregiňize adam ugradýarys' diýip aldaýarlar. Muny hemme adam bilýär. Sebäbi meselem, Oguzhan, Garagum, Uçdepe pagta meýdanlarynda ýygar ýaly hiç bir pagta ýok” diýip, habarçy anonim şertde maglumat beren býujet işgäriniň sözlerini sitirledi.
Azatlyk Radiosyna ýokarda aýdylanlar barada Mary welaýat häkimliginden kommentariý almak häzirlikçe başartmady.
31-nji oktýabrda döwlet metbugaty Mary welaýatynyň pagta plan borçnamasyny ýurt boýunça ikinji bolup ýerine ýetirendigini habar berdi. 8-nji noýabrda bolsa, Türkmenistan boýunça 1 million 50 müň tonna pagta hasylynyň ýygnalyp, borçnamanyň ýerine ýetirilendigi yglan edildi.
Bu habarlaryň fonunda, Türkmenistanyň dürli regionlarynda döwlet işgärlerinden “ýygym üçin” pul ýygnamak, olary mejbury ýygyma çekmek işleri dowam edýär.
Mundanam başga, býujet işgärleriniň, harby gullukçylaryň pagta ýygyma ýatymlaýyn gatnaşmaly bolýandygyny, Azatlygyň balkanly habarçysy aýtdy.
Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň hökümetini pagtaçylykda mejbury zähmetiň ulanylmagyny bes etmäge çagyrýarlar. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň adam gaçakçylygy barada iýun aýynda çap eden hasabatynda “mejbury zähmet Türkmenistanyň iň uly adam gaçakçylygy problemasy bolup durýar" diýilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.