Türkmenistanlylar 10-njy noýabrda Hasyl toýuny toýlaýar. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu toý mynasybetli ýurduň oba hojalyk işgärlerine gutlag hatyny çap etdi.
Döwlet baştutanynyň umumy sözlerde tassyklamagyna görä, ýurtda her ýyl ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň we ir-iýmişleriň, “ak altynyň” bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär we pagta hasylyny öndürmekde "ýokary netijeler gazanylýar".
Şeýle-de prezident oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleriň ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga, ýurtda azyk bolçulygyny döretmäge giň mümkinçilik berjekdigini belläp, daýhanlar üçin ähli şertiň döredilendigi barada öňden aýdyp gelýän sözlerini tekrarlaýar.
“... edermen babadaýhanlarymyza geljekde hem halal zähmeti bilen baýamak, çekýän zähmetiniň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler dörediler” diýip, Berdimuhamedowyň gutlagynda aýdylýar.
Emma muňa garamazdan, türkmenistanly daýhanlaryň soňky onýyllyklarda barha garyp düşýändigi, daşary ýurtlara iş, gazanç gözläp gidýän oba adamlarynyň möçberiniň ýyl-ýyldan artmagy bilen, obalaryň görnetin çolaryp barýandygy hakynda aladaly maglumatlar gelip gowuşýar.
Berdimuhamedow soňky birnäçe ýylda oba hojalygyndaky problemalary, suw desgalarynyň gözgyny ýagdaýyny we suwuň bisarpa ulanylýandygyny, ýerleriň şorladylýandygyny, hasyllylygyň peselendigini, daýhanlaryň netijeli işläp bilmeýändigini ençeme gezek dile getirdi, daşary ýurtlardan gök, bakja önümleriniň, miweleriň import edilmegine garşy çykyp, ýerli önümçiligi ösdürmegi talap etdi.
Emma ýerli synçylar bu meselede diňe gury talap ýa-da häkimleri täzelemek, käýinç we duýduryş bermek bilen mesele çözüp bolmajakdygyny, oba özgertmeleriniň ýarymçyk däl-de, düýpli we dolanuwsyz bolmalydygyny aýdýarlar.
Mundan başga, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän hünärmenleriň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda soňky ýyllarda ne bugdaý, ne pagta plany dolýar. Olar türkmen häkimiýetleriniň plan dolduk diýip, hem halky, hem özlerini oýnaýandyklaryny aýdýarlar.
Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň hökümetini pagtaçylykda mejbury zähmetiň ulanylmagyny bes etmäge çagyrýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.