Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk edýän welaýaty ilkinji bolup pagta planyny 'doldy'


Azatlygyň ýerli habarçylary bu ýylky pagta möwsüminiň dowamynda umuman ýurt boýunça gowaçanyň hasyllylygynyň pesdigi, daýhanlaryň tehnika, dökün we suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada yzygiderli habar berip geldi.
Azatlygyň ýerli habarçylary bu ýylky pagta möwsüminiň dowamynda umuman ýurt boýunça gowaçanyň hasyllylygynyň pesdigi, daýhanlaryň tehnika, dökün we suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada yzygiderli habar berip geldi.

Ahal welaýaty pagta plan borçnamasyny ilkinji bolup ýerine ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Habarda aýdylmagyna görä, Ahal welaýaty 207 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny döwlet harmanyna tabşyrypdyr.

Döwlet telewideniýesi 4-nji noýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren wideo şekilli iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedowyň welaýat boýunça ýygnalan pagta hasyly barada prezidente beren hasabatyny görkezdi.

Beýleki tarapdan, 31-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesi bu ýyl ýurt boýunça pagta plan borçnamasyny doly ýerine ýetirmegiň gümanadygyny, ýurduň pagta meýdanlaryndaky hasyl ýetmezçiligi bilen baglylykda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde howsala ýagdaýynyň dowam edýändigini habar berdi. Şeýle-de, ynamdar çeşme Ahal welaýatynyň plan borçnamasyny ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp, dolmak boýunça degişli resmilere görkezme berlendigini nygtady.

TDH Ahal welaýatynyň plan borçnamasyny dolandygy barada çap eden soňky habarynda “welaýatyň pagtaçy kärendeçileriniň döwlet tarapyndan döredilýän oňyn şertlerden peýdalanyp” şertnamany ýerine ýetirendigine ünsi çekýär.

“Bu ýyl hem pagta plan borçnamasy dolunmaz. Oba hojalyk ministrliginde eýýäm howsala – muny ‘başlyga’ nädip aýtjaklaryny bilmeýärler. Geçen ýyl bolşy ýaly ýurt boýunça bu ýylky hasyl plan borçnamanyň 50 prosentine-de ýetmez” diýip, Azatlygyň çeşmesi 31-nji oktýabrda habar berdi.

Sakarçägäniň seýrek gowaçaly ekin meýdanlary
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:27 0:00

Wideo: 9-njy awgustda Sakarçäge etrabyndan gowşan wideoda seýrek gowaçaly ekin meýdanlaryny görmek bolýar.

Oktýabryň aýaklarynda turkmen.news neşiri Ahal we Mary welaýatlarynyň ekin meýdanlaryndan 22-nji oktýabra çenli ýygnalan pagtanyň olaryň döwlete tabşyrmaly plan borçnamasynyň bary-ýogy 40 prosentinden gowrakdygyny habar berdi.

Azatlygyň ýerli habarçylary bu ýylky pagta möwsüminiň dowamynda umuman ýurt boýunça gowaçanyň hasyllylygynyň pesdigi, daýhanlaryň tehnika, dökün we suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada yzygiderli habar berip geldi.

19-njy awgustda ýerli habarçynyň Marynyň gowaça meýdanlaryndan iberen wideosynda gunçasyny ir döküp başlan gowaçalary görmek bolýar.

9-njy awgustda Sakarçäge etrabyndan gowşan wideoda seýrek gowaçaly ekin meýdanlaryny görmek bolýar.

Ahal welaýatynyň pagta planyny ilkinjilik bilen dolmak boýunça ýokary derejeli oba hojalyk resmilerine hem-de welaýat häkimlerine baryp awgustyň ortalarynda tabşyryk berildi:

“Türkmenistanyň Hronikasy” ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 15-nji awgustda Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde geçirilen ýygnakda oba hojalyk ministri Magtymguly Baýramdurdyýewiň Ahal welaýatynyň pagta planyny beýleki welaýatlardan öňünçä dolmaga ýardam bermek boýunça ähli welaýat häkimlerine tabşyryk berendigini habar berdi.

Maryda gowaçalar gunçasyny dökýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:55 0:00

Wideo: 19-njy awgustda ýerli habarçynyň Marynyň gowaça meýdanlaryndan iberen wideosynda gunçasyny ir döküp başlan gowaçalary görmek bolýar.

Munuň yzýany, awgustyň aýagyndan başlap beýleki regionlaryň ýaşaýjylarynyň Ahal welaýatynyň pagta meýdanlaryna ýygyma çekilýändigi barada yzly-yzyna habarlar gowşup başlady.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy awgustyň aýagynda we sentýabryň başlarynda Lebap welaýatynyň Köýtendag, Kerki we Hojambaz etraplarynyň şeýle-de Mukry we Amyrderýa şäherçeleriniň ýaşaýjylarynyň Ahal welaýatynyň Sarahs, Kaka, Tejen we Babadaýhan etraplaryna pagta ýygyma mejbury çekilendigini habar berdi.

Ýatlasak, bu ýylky bugdaý plan borçnamasyny hem Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk edýän Ahal welaýaty ilkinji bolup ýerine ýetiripdi.

Serdar Berdimuhamedowyň 17-nji iýunda Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellenilmeginiň yzýany 25-nji iýunda bu welaýatyň ilkinji bolup bugdaý plan borçnamasyny dolandygy resmi derejede yglan edildi.

Berdimuhamedow ogluny Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belledi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:42 0:00

Wideo: Berdimuhamedow ogluny Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belledi

Munuň bilen baglylykda Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn ygtybarly çeşmesi soňky orak möwsüminde Ahal welaýatynyň bugdaý plan borçnamasynyň ilkinji bolup tiz dolunmagy üçin Mary, Lebap we Balkan welaýatlaryndan bugdaý orujy kombaýnlaryň gyssagly Ahal welaýatyna äkidilendigini habar beripdi.

Ahal welaýatynyň häkimi 37 ýaşly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýeke-täk ogludyr.

Ol soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýokary wezipelere bellenildi, 5 aý töweregi mundan ozal Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG