Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident syýahatçy köpelsin diýýär, TSTB güýçlenýär, kenarda aýallara 'açyk' geýinmek gadagan edilýär


Wise-premýer  Çary Gylyjow welaýatlarda we Aşgabatda syýahatçylyk kärhanalarynyň hususylaşdyrylandygyny aýdýar.
Wise-premýer  Çary Gylyjow welaýatlarda we Aşgabatda syýahatçylyk kärhanalarynyň hususylaşdyrylandygyny aýdýar.

Wiza almak kynçylyklary sebäpli milliardlap dollara gurlan täze uçar menzilleriniň we gymmatbaha myhmanhanalaryň köplenç boş duran wagtynda, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýene bir gezek syýahatçylygy ykdysadyýetiň has girdejili pudaklarynyň birine öwürmegi talap etdi.

Döwlet baştutany halkara hukuk guramalarynyň hasabatlarynda “dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri atlandyrylýan” Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmek üçin ähli şertiň bardygyny gaýtalaýar we, 20-nji sentýabrda geçiren hökümet maslahatynda ýene bu pudagyň işini kämilleşdirmek zerurlygyny boýun aldy.

Resmi habafrda aýdylmagyna görä, ýurtda syýahatçylyk kärhanalaryny hususlaşdyrmak we “sanlaşdyrmak” tagallalary dowam etdirilýär.

TDH wise-premýer Çary Gylyjowyň hasabatyna salgylanyp, welaýatlarda we Aşgabatda syýahatçylyk kärhanalarynyň “bellenen tertipde hususylaşdyrylandygyny” habar berdi.


Döwlet eýeçiligindäki habar gullugynyň tassyklamagyna görä, bu çäreler ýurduň syýahatçylyk ulgamyny bazar gatnaşyklarynyň esasynda ösdürmek, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mümkinçiliklerini bu pudaga netijeli çekmek maksady bilen görülýär.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bu maglumat baradaky habarynda geçen ýylyň noýabrynda Döwlet syýahatçylyk komitetiniň 7 garamagynda sany döwlet, 16 sany hususy syýahatçylyk kärhanasynyň bolandygyny, şol wagt hem häkimiýetleriň syýahatçylygy “sanlaşdyrmak” bilen meşgullanandygyny belleýär.

Şu ýylyň aprelinde prezident G.Berdimuhamedow Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewiň “Türkmensyýahat” döwlet kompaniýasynyň maliýe görkezijileri baradaky hasabatyny diňläp, syýahatçylyk boýunça döwlet komitetiniň başlygy Serdar Çolukowa käýinç yglan etdi.


Bu hili käýinçler, pudak ýolbaşçylarynyň yzygiderli täzelenmegi we bazar gatnaşyklaryna geçilmegi, döwlet eýeçiligindäki netijesiz pudaklaryň hususylaşdyrylmagy hem-de dünýäniň iň gowy tejribeleriniň durmuşa ornaşdyrmagy Türkmenistanda, resmi metbugatyň tassyklamagyna görä, 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri dowam edýär.

Türkmenistanyň nebit-gaz girdejileriniň azalmagy we ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy bilen, döwlet baştutanynyň syýahatçylygy ösdürmek, ýurda gelýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmak talaplary hem ýygjamlaşýar, emma diňe talap bilen ýagdaý üýtgemeýär, şertler hem üýtgemeli” diýip, adynyň aýdylmazlygyny islemedik, häzir Türkiýede işleýän türkmen telekeçisi Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň pikiriçe, ozal uly çykdajy çykarylan we döwlet hasabyna saklanan, köplenç boş duran myhmanhanalaryň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine berilmegi, “Awazanyň” we ol ýerdäki döwlet myhmanhanalarynyň, beýleki desgalaryň hem Aleksandr Dadaýewiň adamlarynyň eline geçmegi bazara geçilmegini-de, telekeçilere şert döredilmegini-de aňlatmaýar.

Bu diňe döwlet içinde döwlet döredilmegini, ol döwletiň başyndaprezident Berdimuhamedowyň ýakyn adamlarynyň durmagyny aňladýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürleşen telekeçi aýtdy.

Bu pikir bilen ýerli synçylaryň köpüsi, şol sanda raýat aktiwisti Nurmuhammet Hanamow hem ylalaşýar.

Awstriýada ýaşaýan Hanamowyň pikiriçe, eger Türkmenistan hakykatdan hem syýahatçylygy ösdürjek bolsa, ozalam erksiz syýahatçylyk kärhanalaryny Dadaýewe garaşly etmän, goňşy Özbegistan ýaly, azyndan 65 ýurt bilen wizasyz gatnaşyk düzgünlerini girizmeli, goňşy Eýranda, Owganystanda, Özbegistanda, Gazagysatnda, şeýle-de Täjigistanda ýaşaýan etniki türkmenlere, merkezi aziýa, kawkaz ýurtlarynyň ilatyna, ozalky sowet respublikalaryna ýol açmaly, gatnaşyklary dikeltmeli.

Mundan başga, garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistandan müňlerçe adam ýewropa ýurtlaryna, Amerika ýaşamaga gitdi, eger Aşgabat adamlary pikir-garaýşy üçin ýanamagyny bes edip,dogduk ýurduna sapar etmek isleýän öňki raýatlaryna bökdençsiz wiza berse, ozaly özi üçin peýda bolardy. Emma Aşgabat köne, sowet pikirlenişinden çykyp bilmeýär, hemme täzelikden çekinýär we özüni üzňelikde saklasa rahat duýýana meňzeýär, netijede ösmäge derek yza gaýdýar” diýip, ozalky türkmen diplomaty Hanamow Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Azatlygyň Balkandaky habarçysynyň maglumatyna görä, şu tomusda deňziň boýunda dynç almaga gelen aýal-gyzlaryň kenarda geýýän eşiklerine berk gözegçilik edildi. “Sähel açygrak ýa dar geýimde suwa düşmegi gadagan etdiler” diýip, habarçy aýtdy.

Talaba boýun bolmadyk aýal-gyzlara 200 manatdan başlanýan jerime salyndy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şu tomusda Hazaryň kenarynda dynç alan aşgabatly kitaphanaçy anonimlik şertinde bu aýdylýanlary tassyklap: “Adamlar bize şu ýerde, dynç alýan wagtymyz hem gün ýok diýip zeýrendiler, men-ä indi gaýdyp ol ýere dynç almaga bararyn öýdemok” diýdi.


Şu aralykda Balkan welaýatynyň kenar ýakalarynda harasat turup, daşly ýagyş ýagandygyhabar berildi.

21-nji sentýabrda ilki tozanly şemal öwüsdi, soň bu şemal harasada ýazdy, tot-tozan asmana galdy, soňra aralaş daşly ýagyş ýagdy. Netijede binalaryň köpüsiniň äpişgelerindäki aýnalar döwüldi, daşky görnüşlerine zyýan ýetdi, awtoulaglar zaýalandy” diýip, habarçy tebigy hadysanyň agşam sagat 22-a çenli dowam edendigini habar berdi.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan hünärmenleriň maglumatlaryna gör, soňky on ýylda Hazaryň kenarlarynyň türkmen bölegine flamingolar, ak guwlar we gotanlaryň käbir görnüşleri gelmegini, düşläp geçmegini bes etdi.

Adamlary aldap bilersiň, emma guşlary aldap bolmaýar. Bizde ekologiýa şertleri barha ýaramazlaşýar, türkmen kenarlarynda himiýa kärhanalary köpeldi, deňiz suwunda nebit we beýleki hapa maddalar köpelýär.Uly gurluşyk tozanlary, zir-zibiller hem deňziň suwuna peýda bermeýär. Deňizde ösýän ösümlikleriň bir topary ýok bolýar, týulenler azalýar, köpçülikleýin gyrlan balyklar kenarlara akyp gelýär. Bularyň üstesine, bikanun balyk tutýanlaryň bekre balyklary gyrmagy hem dowam etdirilýär” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.

XS
SM
MD
LG