Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy üstümizdäki biraýlygyň çäklerinde Mary welaýatynda görülýän käbir çäreleriň detallary barada habar berýär.
Habarçynyň 26-njy awgustda ýetiren maglumatyna görä, Mary şäherinde we şähere golaý etraplarda Içeri işler ministrliginiň beýleki düzümleriniň işgärleri biraýlygyň dowamynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň ýanyna berkidilip başlandy.
Döwlet metbugatyna görä, Türkmenistanda köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyndan habarlylyk kampaniýalaryna jemgyýetçilik guramalary işjeň gatnaşdyrylýar.
Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan köp sanly raýat Türkmenistanda her ýyl köçe-ýol hereketine bagyşlanýan sentýabr aýynyň dowamynda köçelerde polisiýa işgärleriniň sanynyň juda köpelýändigine ünsi çekýärler.
Habarçynyň maglumatyna görä, Maryda ýol hereketiniň howpsuzlygyna gözegçilik edýän Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň ýanyna berkidilen polisiýa gullukçylarynyň ellerine “ýol polisiýasynyň göterýän ala taýagy” berilýär, ýöne olara sürüjilere jerime ýazmak hukugy berilmeýär.
Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy şaýatlara salgylanyp, ýol gözegçiligine berkidilen polisiýa işgärleriniň dürli bahanalar bilen sürüjilerden para görnüşinde pul almaga synanyşýandygyny habar berýär.
Habarçynyň 26-njy awgustda Mary şäherinde bolan bir waka barada beren maglumatynda, Ýol gözegçiligi gullugyna berkidilen polisiýa gullukçysynyň agajyň arkasyna bukulyp, sürüjileri saklaýandygyny habar berdi:
“Seržant çinli polisiýa işgäri ulag sürüjisini saklady. Sürüji oňa dokument bermän 10 manat uzatdy. Polisiýa işgäri 10 manady alyp, ‘sag-aman bar, ýoluň ak bolsun’, diýip, ony ugratdy” diýip, habarçy agzalýan ulagyň içindäki bir ýolagçynyň sözlerine salgylanyp, habar berdi.
Habarçynyň sözlerine görä, ulagdaky ýolagçylar bu berlen puluň para hökmünde polisiýa işgärine berlendigine ynanýar.
Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň administrasiýasy ýol polisiýa gullukçylarynyň sürüjilerden para alyp-almaýandygy barada öňe sürülýän maglumatlary tassyklap, ýa-da inkär edip resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary şäherinde Içeri işler ministrliginiň düzümleriniň öz gözegçiligine girmeýän gulluklaryň işlerine bellenilýändigini habar berýär.
“Mary şäheriniň içinde Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işgärleri Polisiýanyň nobatçy-patrul gullugynyň işine çekilýär, Polisiýanyň nobatçy-patrul gullugy Ýol gözegçilik gullugynyň işine çekilýär” diýip habarçy aýtdy.
Türkmenistanda her ýylyň sentýabry “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygy yglan edilýär. Onuň dowamynda ýurduň ähli regionlarynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gulluklary güýçlendirilen iş tertibine geçýär.
Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) 16-njy awgustda geçirilen Hökümet maslahatyna salgylanyp, biraýlygyň çäginde geçirilýän çärelere ähli jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň işjeň çekiljekdigini, olaryň mowzuklaýyn wagyz-nesihat işlerine gatnaşdyryljakdygyny habar berdi.
Azatlyk bilen habarlaşýan ençeme türkmenistanly sürüji ýurtda Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň sürüjilerden para almak endiginiň däbe öwrülendigini aýdýarlar.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurtda bolýan ýol hadysalary barada statistiki maglumatlary çap etmeýär.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar serişdeleri ýurduň çäginde bolýan islendik ýol hadysalary, şol sanda heläkçilikli ýol hadysalary barada asla maglumat bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.