Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň garyndaşlary polisiýa çagyrylýar


Polisiýa bölümi, Türkmenistan (arhiw suraty)
Polisiýa bölümi, Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň daşynda gazanç edýän raýatlary barada maglumat toplamak işini ýene-de güýçlendirdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda hususan-da Mary welaýatynda polisiýanyň işgärleri ýaşaýyş jaýlara aýlanyp, daşary ýurtlardaky raýatlar barada maglumat toplaýarlar we olaryň garyndaşlaryny polisiýa "söhbetdeşlige" çagyrýarlar.

- Şu gün Mary welaýatynda polisiýanyň işgärleri, has takygy etrap polisiýasynyň ýerli bölümleriniň işgärleri hojalyklara aýlanyp, kimiň dogany, kakasy ýa-da çagalary Türkiýä giden bolsa olary etrap bölümlerine çagyrýarlar - diýip, 5-nji awgustda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy aýtdy.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň birnäçe etrabynyň ýaşaýjylary bilen söhbetdeş boldy. Biz olaryň gizlinlik şertlerini berjaý etmek we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen atlaryny agzamakdan saklanýarys.

Olaryň biriniň sözlerine görä, polisiýada ondan Türkiýä giden dogany barada, edýän işi, haçan jaň edýändigi we näme barada gürleşýändigi barada jikme-jik maglumat soralypdyr.

- Polisiýa bölüminde biziň haçan soňky gezek gepleşendigimizi, onuň näme edýändigini soradylar. Men onuň kafede işläp, öz sözüne görä çörek bişirýändigini aýtdym. Şonda polisiýa işgäri, bor gidiber diýdi - diýip, Marynyň ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysyna aýtdy. Onuň sözlerine görä, özüniň çagyrylmagynyň sebäbi barada soralanda, polisiýa işgäri hökümetiň daşary ýurtlarda işsiz kösenýän raýatlara kömek berjek bolýandygyny, öýüne gaýdyp bilmeýänlere bolsa, gaýtmaga ýardam berjek bolýandygyny aýdypdyr.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy ýaşaýjylaryň polisiýa çagyrlmagyna degişli ýene bir ýagdaý barada gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri ene-atasynyň Türkiýedäki ogly bilen 3 aý bäri gepleşmändigini eşidip, bu ýagdaýa aýratyn gyzyklanma bildiripdir.

- Bu maşgala garaşyň, hiç ýere gitmäň diýdiler. Polisiýanyň ýerli bölüminiň işgäri olaryň oglunyň belki nädogry bir ýoldan gidendigini çak etdi we onuň namaz okap-okamaýandygy bilen gyzyklandy. Ene-atasy ýok diýseler, polisiýa işgäri dowam etdirip, ýigidiň namaz okamaga isleg bildirip-bildirmändigini sorady. Ene-atasynyň ýok diýmegine garamazdan, olary dört sagatdan gowrak wagtlap koridorda garaşMaga mejbur etdiler - diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy aýtdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň häkimiýetleri daşary ýurtlara giden raýatlaryny anyklamak we yzyna getirmek boýunça çärelerini güýçlendirdiler.

Azatlygyň habarçylary ýurduň welaýatlarynda häkimiýetleriň ýerli ýaşaýjylar bilen maslahat geçirip, olary daşary ýurtlardaky garyndaşlaryny yzyna getirmäge ündemek boýunça geçiren çäreleri barada habar beripdi. Şeýle-de, häkimiýetler Türkmenistana gaýdyp gelen raýatlaryň jogapkärçilige çekilmejegini wada beripdi.

Munuň bilen bir wagtda-da, Türkmenistanyň migrasiýa häkimiýetleri raýatlaryň ýurduň daşyna gitmeginiň öňüni almak boýunça hereket edýärler, şol sanda migrasiýa düzgünleri pugtalandyrylýar we raýatlar halkara reýslerinden düşürilýär.

Türkiýe Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ýurdundaky ykdysady kynçylyklar sebäpli, gazanjyň gözleginde barýan esasy ýurtlarynyň biri bolup durýar.

Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylyň ilkinji dört aýynyň dowamynda ýurda Türkmenistanyň 82 325 raýaty barypdyr.

Türkmenistan daşary ýurtlara gidýän raýatlarynyň sanyny çap etmeýär. Türkmen resmileri migrasiýa problemasyny resmi derejede agzaman gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG