Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýene KAMAZ alýar, “Tatneft” hyzmatdaşlygyny giňeldýär, Kazanda adamlar toýa goýberilmeýär


Tatarystan, Kazan, Sabantuýa gelen adamlar. 23-nji iýun, 2019.
Tatarystan, Kazan, Sabantuýa gelen adamlar. 23-nji iýun, 2019.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji iýunda Tatarystana bir günlük iş saparyna geldi.

TDH ýurduň ýene 2000 KAMAZ awtomobilini satyn aljagyny habar berýär, Orsýetiň “Tatneft” kompaniýasy bolsa, Türkmenistan bilen nebit çykarmak hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada ylalaşyga geldi. Bu barada “Interfaks” agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystana edýän iş saparynyň dowamynda “Türkmennebit” döwlet konserni bilen jemgyýetçilik aksioner jemgyýeti “Tatnebit” özara düşünişmek hakyndaky jarnama gol çekdi diýip, nebit kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

"Gol çekilen dokument kompaniýalaryň arasynda “Tatneftde” bolan netijeli tehnologiýalary we tejribeleri “Türkmennebitiň” ýataklarynda ulanmakda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerini berýär.

"Nebit we gaz guýularyny burawlamakda, gapdal sütünlerini kesmekde, maddy-tehniki serişdeler bilen üpjünçilikde, nebit çykarylyşyny ýygjamlaşdyrmakda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek planlaşdyrylýar” diýip, metbugat üçin beýanatda aýdylýar.

"Tatnebit” öz nebit çykarmak işlerini Türkmenistanda hem amala aşyrýar, eýýäm saldamly möçberde nebit çykaryldy. Bu biziň diňe nebit çykarmajakdygymyzy, eýsem geljekde “Tatnebit” bilen belki-de nebiti gaýtadan işlemek meselelerine hem seretjekdigimizi aňladýar” diýip, Berdimuhamedow ýekşenbe güni, Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşykdan soň žurnalistlere aýtdy.

Öz gezeginde “Tatneft” kompaniýasynyň başlygy Nail Maganow žurnalistlere kompaniýanyň Türkmenistanda gazyp alan nebitiniň möçberiniň 200 müň tonna golaý bolandygyny habar berdi.

"Gaýtadan işlemek –özümiz üçin oýlanylmaly täze wezipeler, islegler boldy, umuman, tekliplerimizi taýýarlarys” diýip, Maganow aýtdy.

"Tatneft” we “Türkmennebit” 2010-njy ýylyň awgustynda türkmen kompaniýasynyň Goturdepe nebit ýatagyny özleşdirmeginiň çäginde nebit çykarylyşyny ýokarlandyrmak bilen bagly hyzmatlar boýunça 7 ýyllyk şeretnama baglaşdy.

Mälim bolşy ýaly, “Tatneft” 2011-nji ýylyň fewralynda Türkmenistandaky filialyny hasaba aldyrdy.

“Tatnebit” şu ýyl Goturdepe ýatagyndaky nebit guýularyny diketltmek we burawlary bejermek boýunça işlerini gaýtadan başlandygyny habar berdi.

Şu aralykda, türkmen prezidentiniň Tatarystana saparynyň öňüsyrasynda geçirilen hökümet maslahatynda Aşgabadyň 2000 sany KAMAZ ulagyny satyn alýandygy habar berildi.

Transport boýunça wise-premýer Mämmethan Çakyýew bu ulaglaryň ministrlikleriň mady-tehniki bazasyny gowulandyrmak üçin alynýandygyny aýtdy.

Şu aralykda Tatarystanyň Biznes Online neşiri KAMAZ-yň Türkmenistana 250 samoswal ibermek tabşyrygyny alandygyny habar berdi.

Mundan başga, Aşgabatda we ýene dört welaýatda KAMAZ-yň okuw-hyzmat merkezlerini açmak baradaky ylalşyga gol çekildi.

Şu aralykda, Kazanda Tatarystanyň we Türkmenistanyň prezidentlerine garaşylýandygy sebäpli, polisiýanyň adamlary Sabantuý dabarlarynyň geçjek ýerine goýbermýändigi habar berildi.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň Tatarystana geçen ýyl agtygy Kerimguly bilen bile eden sapary futbol boýunça dünýä çempionatynyň Kazanda geçirilen ýaryşyna gabat gelen bolsa, onuň bu ýyldaky sapary tatarlaryň milli baýramçylygyna - Sabantuý dabaralaryna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG