Bu günki programmamyzda: Türkmen paýtagyynda GDA ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilýär; prezident G.Brerdimuhamedow Orsýetiň Aşgabada gelen hökümet başlygy Dmitriý Medwedewe alabaý güjügini sowgat berdi; Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky täze gaz şertnamasy ýylyň üçünji çärýeginden güýje girer; Aşgabatda mör-möjeklere garşy ulanylan himiki serişdelerden soň ölýän guşlaryň köpelendigi habar berilýär; Türkmen häkimiýetleri garamtyl maşynlara garşy kampaniýadan soň tatu ussalarynyň garşysyna kampaniýa başladylar we beýleki täzelikler.