Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hökümeti ýene-de ykdysady ösüş gazanandygyny yglan etdi


Hökümet maslahaty
Hökümet maslahaty

Türkmenistanyň hökümeti ýene-de ykdysady ösüş gazanandygyny yglan etdi. 2-nji maýda hökümetiň maslahatynda öňe sürlen sanlara görä, 2019-njy ýylyň ýanwar we aprel aýlarynyň aralygyndaky döwre degişli makroykdysady sanlar ýurduň durnukly ösendigi barada habar berýär.

"Agzalan döwürde umumy içerki önümçiligiň ösüş depgini 6,2% derejesinde bellendi; geçen ýylyň degişli döwrüne garanda önümçilik 6,1% göterildi; dört aýyň jemlerine görä, haryt dolanyşygyň möçberi 19,1% artdy diýlip resmi maglumatlarda habar berildi.

Şeýle-de, türkmen hökümeti öz hasabatynda agzalan döwürde aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň we stipendiýalaryň ortaça 9,5% artyp, doly möçberde tölenendigini mälim etdi.

Üstesine, oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň 4,6% möçberde artandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň hökümeti 20 ýyldan gowrak döwrüň dowamynda ykdysadyýetiň dowamly ösýändigini yzygiderli aýdyp gelýär, emma milli ykdysadyýetiň kynçylyklary barada ylata habar bermeýär, inflýasiýany agzamaýar.

Emma hökümetiň ykdysady ösüş baradaky penşenbe günki hasabaty ýurtda azyk önümleriniň, şol sanda un we çörek gytçylygynyň, şeýle-de harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň fonunda edildi.

2018-nji ýylyň noýabr aýynda Halkara maliýe fondy Türkmenistanda inflýasiýanyň ozalkysyndan ýene güýçlenip, 9.4% ýetendigini mälim edipdi.

Şeýle-de Aziýanyň ösüş banky apreliň başynda çap eden hasabatynda türkmenistanda inflýasiýanyň ýene-de güýçlenjegi baradaky çaklamalaryny öňe sürdi we hökümete ilatyň sosial goragy boýunça programmalaryna gaýtadan seretmegi maslahat berdi.

Aziýanyň ösüş bankynyň 2019-njy ýylda regionyň ykdysady ösüşine beren synynda Türkmenistanda inflýasiýanyň 9%, umumy içerki önümçiligiň bolsa 6% boljagy aýdyldy.

Halkara hasabatynda Türkmenistanyň hökümetiniň ilatyň sosil guragyna degişli programmalaryny hojalyklaryň real girdejilerini, ilatyň alyjylyk ukybyny, işsizlik we garyplyk derejesini hasaba alyp, düzmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

​Türkmenistanyň hökümeti 2019-njy ýylyň başyndan ozalky ýyllarda girizilen ýeňillikleriň ençemesini, şol sanda gaz, suw, tok mugtçulygyny ýatyrdy.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary sosial programmalara niýetlenen döwlet çykdajylaryny azaldýan döwründe gymmatbaha gurluşyklara maýa ýatyrmagyny dowam etdirdi we soňky ýyllarda muňa 43 milliard dollar möçberinde pul çykardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG