11-nji martda Grenlandiýada saýlawlar geçirildi. Grenlandiýalylar ýetip gelýän geosyýasy çaknyşygyň öň ýanynda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Daniýa degişli adany Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna goşmak baradaky çagyryşlary wagtynda, ses berişlige gatnaşdylar. Ahyrky netijeler entek belli däl, ýöne geçirilen soraglara görä, dünýäde iň uly adanyň ýaşaýjylarynyň aglabasy Daniýadan garaşsyzlyk isleýär, emma olar ABŞ-a hem bagly bolmak islemeýär.
"Bir ýol bilen biz muňa ýeteris" diýip, Tramp 4-nji martda Kongrese söz berip, Waşingtonyň milli howpsuzlygynyň hatyrasyna Grenlandiýany özüne almagyň zerurdygyny aýtdy. “Seredip görüň, hatda dürbi hem gerek däl – bar ýerde hytaý gämileri. Bar ýerde rus gämileri. Biz muňa ýol bermeris" diýip, Tramp ýanwar aýynda metbugat işgärlerine aýtdy.
Grenlandiýa bolan häzirki höwes Waşingtonyň mundan 150 ozalky bu adany basyp almak islegleriniň täze lowurdysy bolup durýar.
Buz bilen örtülen Grenlandiýa – Ýaşyl ýurt diýen özüne gelişmeýän ady 10-njy asyrda norwegiýaly deňiz syýahatçysy Žiren Erik beripdir. Ada göçüp gelen ilkinji ýewropalylardan biri bu ady saýlaýar, sebäbi onuň aýdyşyna görä, "gulaga ýakymly at bolsa, adamlar şoňa gitmek islärler".
Norwegleriň Grenlandiýada göçüp gelmegi hem ol ýerde ýaşamagy uzak dowam etmändir. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň çalyşmagynyň pidasy bolupdyrlar, şeýle hem mergi keseli-de täsir edipdir. 1721-nji ýylda daniýaly missionerler ada ilkinji gezek gelende, ol ýerde diňe ýerli ilat, ýagny inuitler ýaşaýardy.
Missioner Grenlandiýanyň inuit ilatynyň aşa çydamlydygyny we kaloriýa şeýle bir açgözlük bilen garap, öz egin-eşigindäki bitleri-de iýýändiklerini ýazýar. Onuň tassyklamagyna görä, duz ulanmak üçin, «ýüzündäki derini pyçak bilen gyryp, ony ýalaýarlar» diýýär.
Daniýa 1921-nji ýylda Grenlandiýanyň üstünden özygtyýarlygyny yglan edip, ada bilen söwda monopoliýasyny döretdi. Beýleki taraplar bilen söwda-satyk işini gadagan edip, Kopengagen gymmatly ýangyç bolan läheň balygyň we düwleniň ýagyny diňe özi satyn almaga mümkinçilik döretdi.
Ikinji Jahan urşy döwründe faşistik Germaniýa Daniýany basyp alansoň, nemes goşunlaryna Grenlandiýany eýelemäge mümkinçilik döredi.
Amerikan diplomaty Jorj L. West ABŞ-nyň prezidenti Ruzweltiň "Grenlandiýa babatda biziň bir zat etmelidigimizi derrew ýüregine düwendigini" ýatlaýar. ABŞ-nyň goşuny bu ýeri basyp alyp, onuň gymmatly kriolit känlerini ele geçirdi.
Howanyň ýagdaýyny öňünden kesgitlemek urşuň gidişinde aýgytly netije bolýandygy üçin, faşist agentleri Grenlandiýanyň gyra ýakalarynda gizlin howa-gözegçilik merkezlerini gurmaga gaýta-gaýta synanyşdylar.
"Günbatar Ýewropadaky howa şertleri bu buzly adadan gelýän atmosfera akymlary esasynda döreýän bolmaly. Harby nukdaýnazardan, ol ýerden alynýan howa hasabatlary gymmatly hasaplanýardy” diýip, West sözüniň üstüne goşup, ABŞ-nyň Grenlandiýadaky missiýasynyň bir böleginiň "bu [bikanun faşistik howa-gözegçilik merkezlerini] tapyp ýok edýändigini" düşündirdi.
Uruşdan soň ABŞ Grenlandiýany Daniýanyň gözegçiligine gaýtaryp berdi, ýöne öz goşunyny yza çekmändi. 1951-nji ýylda iki döwlet ylalaşyga gol çekip, Waşingtona we täze döredilen NATO-nyň harby bileleşigine "ýerleri harby maksatlara ulanmak üçin taýýarlamaga" mümkinçilik döredildi.
Grenlandiýadaky Amerikan binalarynyň biri Camp Century barlag merkezi diýip yglan edildi. Aslynda bu Project Iceworm taslamasy bolup, Sowet Soýuzyna gönükdirilen we Grenlandiýanyň buzlugynyň aşagynda gizlenen ýadro raketalaryny goýberiji ulgamdy.
ABŞ-nyň gizlin ýadro merkezi ilkibaşdan heläkçilige uçrady. Inženerler duýgur ýadro ýaragyny saklamak üçin niýetlenen şahta guýularynyň hemişe hereket edýän buzlaryň täsirinde gysylmagy ýa zaýalanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldular. 1966-njy ýylda Camp Century edarasy radioaktiw galyndylary bilen bilelikde taşlandy. Ol häzirki wagta çenli buzuň aşagynda saklanýar.
Grenlandiýanyň ABŞ tarapyndan satyn alynmagy baradaky ilkinji teklipler 1867-nji ýyla degişlidir. Şol döwürde bu pikir Waşingtonda çynlakaý ýagdaýda göz öňünde tutulypdy.
1946-njy ýylda Kopengagende Grenlandiýa üçin şu günki ekwiwalentde bir milliard dollara golaý teklip edildi. ABŞ-yň senatorlarynyň biri muny Amerika üçin “harby zerurlyk” diýip atlandyrdy.
Waşington Grenlandiýa gözegçiligiň "Amerikanyň duşmanlaryna garşy Arktikanyň üstünden harby operasiýalaryň başlanmagy üçin meýdanlary" döretjekdigini we başga maksatlara ýetjekdigini aýtdy.
Daniýanyň daşary işler ministri 1946-njy ýylyň teklibini ret edip: "Biz Amerika köp babatda minnetdar bolsak-da, tutuş Grenlandiýa adasyny bermäge borçly däl diýip hasaplaýaryn” diýdi.
Tramp 2019 -njy ýylda ilkinji prezidentlik möhletinde, ABŞ-nyň bu territoriýany ele geçirmegini birnäçe gezek teklip etdi, ýöne bu ideýalar köpler tarapyndan salykatly hasaplanmady. 2-nji prezidentlik möhletinde ol bu territoriýany ileri tutansoň, Daniýa, megerem, alada galdy. Daniýanyň patyşasy şalyk tugrasynyň şekilini üýtgedip, Grenlandiýanyň nyşany bolan ak aýynyň şekilini ulaltmagy buýurdy. Şeýlelikde, Kopengagen ol ýeriň satylmajakdygyny gaýtalady.
Häzirki wagtda Grenlandiýa öz institutlarynyň birnäçesi tarapyndan dolandyrylýar, şol sanda onuň parlamenti bar, şeýle-de bolsa, esasan Daniýa garaşly bolup galýar.
Territoriýa her ýylda Grenlandiýanyň döwlet býujetiniň ýarysyndan gowragyna, ýagny 600 million dollara golaý Kopengagenden kömege mätäçlik çekýär. Adada 57 müňden gowrak adam ýaşaýar.
Eger Grenlandiýa 11-nji martda geçirilen saýlawda garaşsyzlyk ugrunda hereket edýän Demokratik partiýanyň (Demokraatit) ýeňşinden soň, bu territoriýanyň Daniýanyň häkimiýetinden aýrylmagyna itergi berse, onda Waşington öz maksadyny Kopengagenden daşarda çözüp biler. Emma Grenlandiýanyň aglaba ilaty Daniýadan garaşsyzlygy goldasa-da, soňky geçirilen soraglara görä, ýaşaýjylaryň 85 göterimi adanyň ABŞ-nyň territoriýasy bolmagyna garşy çykýarlar.
Grenlandiýanyň üstüne ýetip gelýän geosyýasy harasadyň çylşyrymlylygyny ýakynda territoriýanyň premýer-ministri Mute Egede gysgaça beýan etdi. Ol ýanwar aýynda metbugat işgärlerine: "Biz daniýaly-da, amerikaly-da bolmak islemeýäris, biz grenlandiýaly bolmak isleýäris" diýdi.