Daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentleriň türkmen banklary tarapyndan berlen plastik kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmakda duçar bolýan kynçylyklary dowam edýär. Bu barada çagalary Orsýetde we Belarusda okaýan ene-atalaryň ençemesi gürrüň berýär.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri bilen anonim şertde söhbetdeş bolan ene-atalar indi bir aý bäri öz çagalarynyň bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp bilmeýändigini gürrüň berdiler.
“Täze ýyl baýramyna çenli oglum öz kartyndan her hepde 1000 rubly alyp bilýärdi. Ýöne ol indi bir aý bäri bir köpük hem nagtlaşdyryp bilenok. Bize her aý 150 amerikan dollary möçberinde puly nagtlaşdyryp biljekdigimizi aýtdylar” diýip, çagasy Moskwada okaýan aşgabatly ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Habarçy şeýle ýagdaýy Belarusyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentleriň hem başdan geçirýändigini belledi.
Kä güni 1 dollar, kä günlerde 3 dollar alýarys. Haýyş kömek ediň...
Beýleki tarapdan, ol daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň ene-atalarynyň “Western Union” halkara pul ibermek ulgamy arkaly hem pul ugradyp bilmeýändigini aýtdy.
“Bu ýerdäki nobatlary göz öňüne getirer ýaly däl. Nobatlar birnäçe aýda bir gezek azalýar. Aşgabatdaky “Western Union” edaralaryndan daşary ýurtdaky studentlere diňe 100 amerikan dollaryny iberip bolýar. Şol bir wagtda, puly ibermek üçin-de studentiň okaýan ýokary okuw jaýyndan we ene-atanyň işleýän edarasyndan ençeme resminama, tassyknama getirmeli” diýip, habarçy 12-nji fewralda gürrüň berdi.
Daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly studentleriň yzlaryndan iberilýän puly almak bilen bagly başdan geçirýän kynçylyklary, şeýle-de ýurt içinden daşary ýurtlarda okaýan studentlere pul geçirmekde döreýän problemalar barada Azatlyk Radiosy geçen ýylyň dowamynda yzygiderli habar berdi.
Geçen hepde Azatlyk Radiosynyň websaýtynda teswir galdyran we özüni daşary ýurtda okaýan türkmen studentleriniň biri diýip tanyşdyran okyjy özleriniň bank kartlaryndan “25 günüň dowamynda diňe 15 amerikan dollaryny nagtlaşdyryp bilendigini” aýtdy.
“Türkmen talyplary açlykdan ölýär. Kartlar ýapyk. Gün-günden limit kemelýär. Kä güni 1 dollar, kä günlerde 3 dollar alýarys. Haýyş kömek ediň. Öz ene-atamyzyň ugradan halal pullaryny alyp bilemizok” diýip, özüniň nirede okaýandygyny anyklaşdyrmadyk okyjy öz teswirinde belleýär.
6-njy fewralda Moskwadaky okuw jaýlarynyň birinde okaýan we Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen türkmen studenti Orsýetde okaýan türkmenistanlylaryň esasy problemalarynyň yzlaryndan iberilýän puly almak bilen baglydygyny aýtdy.
“Bizde ene-atamyzyň iberen puluny wagtynda alyp biljegimize hiç bir ynam ýok, üstesine biziň aýda alyp bilýän serişdämiziň hem azaldylmagyndan alada galýarys, bu ýagdaý bizi gijelerine bikanun işlemäge, gazanç etjek bolmaga mejbur edýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran student aýtdy.
Bu aralykda, 12-nji fewralda Daşogzuň ýaşaýjylary üçin VISA bank kartlaryna her aýda goýup bilýän pul serişdesiniň möçberiniň azaldylyp, 150 amerikan dollaryndan 100 amerikan dollaryna çäklendirilendigini, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.
“Mundanam başga, şäherdäki bank şahamçalarynyň her biri günde bäş adamdan köp müşderini kabul etmeýär. Çagalary daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentleriň ene-atalary aljyraňňy ýagdaýda. Käbir studentler okuwy dowam etdirip bilmeýändigi sebäpli akademiki dynç alşa çykýarlar. Ene-atalaryň köpüsi dollary “gara bazardan” satyn alýarlar we Orsýete gidýän tanyş-bilişleri arkaly çagalaryna pul ibermäge synanyşýarlar” diýip, neşiriň habarynda aýdylýar.
Munuň bilen bir wagtda, geçen hepde Azatlygyň biri-birinden garaşsyz paýtagtdaky iki çeşmesi türkmen serhetçilerine, migrasiýa gullugynyň işgärlerine we gümrükçilere daşary ýurtlardan gyşky kanikula gelen türkmen studentlerini yzyna goýbermezlik barada görkezme berlendigini habar berdiler.
Bu görkezme, bir tarapdan, hökümetiň studentler sebäpli çekýän walýuta ýüküni ýeňletmek bilen bagly bolsa, beýleki bir tarapdan, häkimiýetler daşary ýurtlarda okaýan studentler we olaryň öz pullaryny alyp bilmeýşi barada çykýan habarlaryň köpelmeginden alada galýarlar diýip, Azatlygyň paýtagtdaky çeşmeleri gürrüň berdiler.
6-njy fewralda Aşgabatda saparda bolan Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Orsýetde 30 müň türkmen studentiniň okaýandygyny aýtdy.
Daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň türkmen banklary tarapyndan berlen VISA kartlaryndaky maliýe serişdesini nagtlaşdyrmak bilen bagly duçar bolýan kynçylyklary indi iki ýyl çemesi wagt bäri dowam edýär.
VISA kompaniýasynyň Birleşen Ştatlardaky baş edarasynyň wekili türkmenistanlylaryň VISA kartlary bilen bagly duçar bolýan kynçylyklarynyň özlerine degişli däldigini, munuň türkmen banklary bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.