Daşogzuň banklarynda daşary ýurtlarda okaýan studentleriň bank hasaplaryna pul geçirmek isleýänlerden ýaşaýan ýerinden resminama talap edip başladylar.
Bu barada habar berýän "Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatyna görä, banklarda talap edilýän sprawkany raýatlaryň ýaşaýan ýerindäki öý dolandyryş edaralary berýärler, emma bu sprawkany almagyň hem öz şertleri bar. Öý dolandyryş edaralaryň işgärleri özlerinden soralýan sprawkany bermek üçin gaz, suw we tok ölçeýjileriň oturdylandygy barada kommunal gulluklardan (şäheriň suw, gaz we elektrik edaralaryndan) resminama getirilmegini talap edýär.
"Elektrik edarasynda sprawkany bermekden öň adamlardan elektrik togunyň wagtynda tölenendigi we täze görnüşli elektron ölçeýjileriň oturdylandygy hakynda dokument soraýarlar" diýip, neşir habar berýär we bu talabyň birnäçe ýyl mundan öň dörändigini, eger talap edilýän gural bolmasa 300-700 manat möçberinde jerime salynýandygyny belleýär.
Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarda kommunal hyzmatlaryň sarp edilişini hasaplaýan ölçeýjileri köpçülikleýin oturmak boýunça kampaniýa geçen ýylyň güýzünde has güýçlendi.
Prezidentiň gaz, suw we elektrik energiýasynyň mugtçulygyny doly ýatyrmak barada sentýabrda yglan eden kararynyň yzýany ölçeýjileriň oturdylmagyna gözegçilik häkimlikler we kanun goraýjylar tarapyndan üpjün edilýär. Munuň bilen baglylykda ýaşaýjylaryň öz öýerinde gazy, suwy, togy ölçemek boýunça gurallary öz hasabyna gyssagly oturtmagy üçin dürli basyşlar edilýär.
Mundan öň Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýaşaýjylara öz öýlerinde ölçeýjileriň oturdylandygyny subut etmezden, döwlet edaralaryndan resminama, şol sanda iş ýerinden kagyzlar berilmeýändigini habar beripdi.
Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, ýaşaýan ýerinden resminama ýurtda köp ýerde talap edilýän dokument bolup durýar, ol dürli meseleler boýunça döwlet edaralarynyň ençemesine ýüz tutulanda soralýar.
Şol bir wagtda-da, studentleriň Türkmenistanyň banklarynda açylan hasaplaryna pul goýmak ýurduň daşyna pul ugratmagyň ujypsyz mümkinçilikleriniň biri bolup durýar. Ýurtda tiz pul geçirmek hyzmaty soňky ýyllarda çürt-kesik çäklendirildi, käbir kompaniýalar, şol sanda "MoneyGram" işini bes etdi. "Western Union" öz hyzmatlaryna çäklendirmeleri girizdi.
Soky bir ýyldan gowrak döwrüň dowamynda daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentler türkmen banklaryndaky hasaplaryna puluň geçirlen ýagdaýynda-da puluny çekmekde kynçylyk çekýärler.
Türkmenistanyň banklarynyň öz müşderileriniň ýurduň daşynda bankomatlardan çekip bilýän pulunyň mukdaryna girizýän resmi çäklendirmelerinden daşary, kartlar ýygy-ýygydan sebäbi düşündirilmezden işlemän galýar. Şu sebäpden türkmenistanly studentleriň daşary ýurtlarda aç galýan we dürli çykalgalary gözleýän pursatlary hem seýrek däl.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.