Azatlyk radiosy doglan gününiň 100 ýyllygyna gabatlap, uruş wetarany, II Jahan urşunyň gahrymany, taryh ylymlarynyň doktory Pena Rejebowyň adynyň Bereket şäherinde bir köçä dakylmagy barada bir ýarym ýyl gowrak mundan öň gelnen kararyň ýerine ýetirilmezliginiň mümkin bolan sebäpleri hakynda ýerli ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeşlik gurady.
Bu söhbetdeşlik 15-nji dekabrda, Pena Rejebowyň 100 ýyl öň doglan gününiň bir gün öňünden efire berildi.
Bereket, ozalky Gazanjyk şäher geňeşiniň agzalary bu gepleşigi diňläp, bir ýarym ýyl gowrak mundan öň gelnen kararyň ýerine ýetirilmezligine garşy reaksiýa bildirdiler.
Türkmen kanunçylygyna görä, şäher geňeşi etrap häkimliginden aýry, özbaşdak edara bolup durýar we, oba geňeşleri ýaly, etrap häkimine doly garaşly däl.
Azatlyk Radiosyna Bereket şäher geňeşiniň 2017-nji ýylyň 7-nji maýynda gelen kararynyň nusgasyna eýe bolmak başartdy. Oňa laýyklykda Garagum we A.Babagulyýew adyndaky köçelere Pena Rejebowyň ady dakylmaly edilipdir.
Emma muňa garamazdan, Berket şäher geňeşiniň başlygy Gurban Saparow etrap häkimi Nurahmet Gylyjowyň üstüne baryp, Pena Rejebowyň adyny dakmak hakyndaky kararyň durmuşa geçiriljekdigini, ýagny karar edilen köçede we jaýlarda “Gahryman Pena Rejebow şaýoly” diýen ýazgynyň asyljakdygyny aýdýar. Etrap häkimi şol wagt oňa hiç bir anyk zat diýmeýär.
Şondan soň şäher geňeşiniň agzalary Pena Rejebowyň adynyň dakylan köçesindäki jaýlara wagtlaýyn ýazgylary dakýarlar. Azatlyga şol gün gelip gowşan maglumata görä, etrap häkimi 17-nji dekabrda ol ýazgylary aýyrmak hakynda görkezme berýär.
Ýazgylar aýrylýar. Şäher geňeşiniň başlygy şundan soň häkime jaň edýär, emma ol telefony almaýar. Soň ol onuň edarasyna baryp, “gerek bolsa, men seniň bilen kanun esasynda sudlaşaryn, sebäbi şäher geňeşiniň gelen kararyny seniň özbaşdakk, sebäpsiz ýerden ýatyrmaga hakyň ýok” diýýär.
Şu aralykda, Pena Rejebowyň şäher geňeşiniň karary esasynda Bereket şäherinde bir köçä dakylan adynyň etrap häkiminiň buýrugy bilen ýatyrylmagyna garşy reaksiýa görkezip, ýerli ýaşaýajylar welaýat häkimligine arza-ýüzlenme ýazdylar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berdi.
Emma welaýat häkimliginden bu hata hiç bir jogap berilmeýär. Netijede, “bu ýagdaýdan nägile bolan şäherlileriň bir topary 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilýän gije “Gahryman Pena Rejebow şaýoly” diýen ýazgylary aýrylan ýerlerinde gaýtadan goýdular, ol ýazgylaryň aşagynda surata düşdüler, küşt depip, aýdym aýtdylar” diýip, Azatlygyň habarçysy şol gün habar berdi.
Bu ýazgylar 2-nji ýanwar güni hem ýerinde durdy, onuň ýanyna baryp bilen bolmady, emma şol gije olary näbelli adamlar aýryp gidipdir diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.
Azatlyk radiosynyň ýazyjy A.Bugaýew bilen gurnan söhbetdeşliginde aýdylmagyna görä, Pena Rejebow öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň kakasy diýilýän Atamyrat Annanyýazowyň uruşda görkezendigi aýdylýan gahrymaçylyklary hakynda ýerli metbugat üçin öwgüli makala ýazmakdan ýüz öwreninden soň türkmen häkimiýetleri tarapyndan ýanalyp başlanýar we soňy bilen işden çykarylýar.
(3-nji ýanwarda makalanyň üsti ýetirildi.)