Orsýet Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň konsul bölüminiň öňünde uly nobatlar saklanýar.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler nobata duranlaryň uly bölegi Orsýete göçüp gitmek statusyna eýe bolmak üçin konsulhana ýüzlenýär.
“Bu ýerde guramaçylykly görnüşde 170-200 çemesi adam konsulhananyň içgi howlusyndaky nobatda durdy. Olaryň bir bölegi stundetler, emma uly bölegi Orsýetde ýaşamaga rugsat we iş wizasyny almak üçin duran adamlardy.Ýapyljak wagty biraz galmagal dörejek ýaly boldy, emma polisiýa ýagdaýy kadalaşdyrmaga synanyşdy. Duranlaryň arasynda uly ýaşly adamlar hem bardy” diýip, Azatlygyň habarçysy 21-nji dekabrda habar berdi.
Azatlyk Radiosynyň ýene bir habarçysynyň 20-nji dekabrda aýtmagyna görä, Orsýete göçüp gitmäge rugsat berýän statusa eýe bolmak üçin ýüz tutýan adamlaryň arasynda soňky wagtda türkmenler köp duş gelýär.
“Köp adam hatda Orsýet Hanty-Mansy regionyna hem göçüp gidýärler. Geçen hepdede konsulhananyň öňüne uly awtobus geldi we onuň içine nobatda duran adamlardan 20 çemesini ýüklediler, birnäçe sagatdan goýberdiler. Şol adamlardan käbiriniň gürrüň bermegine görä, türkmen häkimiýetleri olar bilen gürrüňdeşlik geçirip ýurtdan gitmezlige ündäpdir. Olar tiz wagtda ýurtda bar zadyň gowy boljagyny aýdypdyr” diýip, Azatlygyň habarçysy şol ýagdaýlary başdan geçiren söhbetdeşlerine salgylanyp 20-nji dekabrda habar berdi. Onuň sözlerine görä, awtobusa mündürlen adamlaryň köpüsi etnik türkmenler bolupdyr.
Azatlyk Radiosy habar berilýän bu ýagdaýlar barada resmi maglumat alyp bilmedi. Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynda Azatlyk Radiosyna kommentariý berip bilmejegini aýtdylar.
Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleri türkmenistanlylaryň ýurtdan gitmäge bildirýän islegleriniň ykdysadyýetiň agyrlaşmagy, şeýle-de raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyna girizilýän çäklendirmeler bilen baglydygyny aýdýarlar.
“Häzir ýurtdan gitmek, göçmek üçin hukuk berýän statusa eýe bolmak we munuň üçin dokumentleri tabşyrmak, Orsýete wiza almak üçin duranlaryň arasynda köplenç türkmenler durandyr. Köpüsi tutuş maşgala bolup ýurtdan gidýärler, käbirleri hatda rusça gepläp bilmeýän hem bolsalar. Mundan erbet bolup bilmez, diýip gidýän köp” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň ýene bir habarçysynyň sözlerine görä, soňky döwürde Orsýete göçüp gidýän türkmenistanlylaryň arasynda meşhur hasaplanylýan regionlaryň arasynda Stawropol, Orenburg we Krasnodar regionlary bolup durýar. Stawropol etnik türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan taryhy regionydyr, Krasnodar regionynda hem türkmen diasporasy ýerleşýär.
Türkmenistanyň daşary ýurtlara, şol sanda Orsýet Federasiýasyna göçüp gidýän raýatlarynyň resmi sany elýeterli däl.
Türkmenistanyň we Orsýetiň arasynda adamlaryň göçüp gitmegini düzgünleşdirmek we göçüp gidenleriň hukuklaryny goramak boýunça ylalaşyk bar.
Türkmenistanyň we Orsýetiň ozalky ýyllarda goşa raýatlyk barada hem özara ylalaşygy bardy. 1993-2003-nji ýyllaryň dowamynda hereket eden ylalaşygyň esasynda, azyndan onlarça müň türkmenistanly orsýet raýatlygyna eýe bolupdy.
Şol döwürde Türkmenistanyň raýatlygyny alan orsýetlileriň sany belli däl.
Şu ýylyň baharynda Orsýet Türkmenistandaky raýatlaryny goramak hakynda kanuna seretdi.
Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda, ylalaşygyň ýatyrylmagyndan soňky döwüre degişli çözülmän galan dawaly meseleleri bar.
7-nji dekabrda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow orsýet tarapynyňylalaşygyň ratifikasiýa edilmeginden öň öz statusyny kesgitläp ýetişmedik adamlaryň ykbaly barada Türkmenistandan gysga wagtda jogaba garaşýandygyny mälim etdi.
Türkmenistan Orsýetiň baş diplomatynyň aýdanlaryny resmi derejede kommentirlemedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.