“Tükmenhowaýollary” kompaniýasy öz uçarlaryna biletleri onlaýn satmak boýunça hyzmatyny ýola goýýar. Kompaniýanyň resmi websaýtynda onlaýn bilet satyn almak üçin ýörite mümkinçilik döredilipdir. Bu ýerde ýerleşdirilen gural arkaly syýahat ugruny we onuň gününi, wagtyny saýlamak göz öňünde tutulýar.
Emma iş ýüzünde "Türkmenhowaýollarynyň" websaýtynda onlaýn bilet saýlamak häzir mümkin däl. Bilet saýlamak üçin niýetlenen gural talap edilen maglumatlary kabul edýär, emma hiç hili netije görkezmeýär.
Munuň bilen bir wagtda Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri "Türkmenhowaýollary" kompaniýasynda özlerine ýurduň içerki uçarlaryna biletleriň onlaýn söwdasynyň noýabryň başyndan başlanandygy, daşary ýurtlara biletleriň ýanwardan başlanyp satyljagy barada aýdylandygyny habar berýärler.
Azatlyk Radiosynyň "Türkmenhowaýollarynyň" özünden kommentariý almak synanyşygy häzirlikçe netije bermedi.
Soňky aýlarda Türkmenistanda uçar biletleriniň gytçylygy emele geldi. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary, uçar biletlerini satyn almak isleýänleriň ýüzlerçe adamlyk nobatlarynyň döreýändigini, ýaşaýjylaryň uçar biletlerini para berip, satyn almaga synanyşýandygyny habar beripdi.
Türkmenistanyň hökümeti “Türkmenhowaýollarynyň” uçar biletlerini internet arkaly satmak usulyny 2011-nji ýylda girizmegi planlaşdyrypdy.
Şondan soň Türkmenistanyň milli howa transport kompaniýasynyň öz müşderilerine elektron hyzmatlaryny teklip etmäge taýýarlyk görýändigi we biletleriň onlaýn söwdasyny amala aşyrmagyň üstünde işleýändigi barada ýurt resmileri birnäçe gezek habar beripdi.
2017-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi hem awiabiletleriň internet arkaly satylmagyny goldap çykyş etdi.
Şol ýylyň özünde döwlet eýeçiligindäki “Türkmenhowaýollary” kompaniýasyna degişli käbir reformalar geçirildi, türkmen hökümeti döwlet gullugynyň Açyk aksioner jemgyýetine öwrüljekdigini yglan edildi. Munuň yzýany pudagyň işini gowulandyrmak maksady bilen uçar biletleriniň bahasy ortaça 20% gymmatlady.
"Türkmenhowaýollarynyň" uçarlary dünýäniň 15 çemesi şäherine we ýurduň içinde welaýat merkezleriniň dördüsine gatnaýar. Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň milli kompaniýasy ýyllarboýy halkara reýtinglerde hil taýdan ýolagçylaryň nägileligine iň köp eýe bolýan awiakompaniýalaryň arasynda agzalýar.