Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda ölüme höküm edilen aýalyň jezasy ýatyryldy


Asia Bibi. 2010 ý.
Asia Bibi. 2010 ý.

Pakistanyň Ýokary Sudy yslama dil ýetirmekde aýyplanyp, ölüm jezasyna höküm edilen bir hristiýan aýal maşgalasyna çykarylan karary ýatyrdy.

Dört çaganyň ejesi Asia Bibi 2010-njy ýylda Muhammet Pygambere dil ýetirmede aýyplanyp, Lahoryň Ýokary Sudy tarapyndan ölüme höküm edilipdi.

Pakistanyň Ýokary Sudy ölüm jezasyny ýatyrmak bilen birlikde, Bibini azatlyga goýbermek barada hem karar çykardy.

Bibiniň häzir nirede saklanýandygy howpsuzlyk aladalary sebäpli aýdyňlaşdyrylmaýar.

Eger-de, Bibä çykarylan höküm öz güýjünde galdyrylan bolsa, onda munuň dünýädäki hristiýanlaryň nägileligini döretmegi mümkindi.

Emma, munuň indi Pakistandaky yslamçylaryň gahar-gazabyna sebäp bolmagy ähtimal. Aşa-dinçi Yslam partiýasy we onuň goldawçylary Bibiniň öldürilmegini talap edipdiler. 2011-nji ýylda Bibini goldap çykyş eden bir häkim we ministr hem öldürilipdi.

Pakistanda yslama dil ýetirmek ölüm bilen jezalandyrylýar.

Bibi 2010-njy ýylda Punjabdaky ekin meýdanynda bir musulman aýaly bilen dörän dawada, hamana, dine dil ýetiripdir. Ol özüne bildirilen aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG