Özbegistanyň “Uzbekneftegaz” kompaniýasy bilen Hytaýyň Milli nebit gaz koporasiýasy üstümizdäki gyşda, hem-de 2019-njy ýylyň dowamynda özbek gazyny Özbegistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasy arkaly Hytaýa akdyrmak boýunça Daşkentde gepleşik geçirdi diýip, 15-nji sentýabrda “Uzbekneftegazyň” metbugat gullugy habar berdi.
Azerbaýjanyň “Trend” täzelikler gullugy hem bu habara salgylanyp, duşuşykda Hytaý tarapynyň geologiki barlag işlerini geçirmekde Özbegistan bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegi teklip edendigini habar berdi.
Mundan ozal Radio Free Asia neşiri iýunyň aýagynda çap eden makalasynda Merkezi Aziýadan Hytaýa çekilen gazgeçirijiniň häzirki wagtda doly kuwwatlylygynda işleýändigini habar berdi, şeýle-de neşir gaz geçirijiniň kuwwatlylygy boýunça häzirki mümkinçilikleriň Hytaýyň energiýa teşneligini geljekde doly kanagatlandyryp bilmejekdigini belläp geçdi. Maglumatda Merkezi Aziýa – Hytaý gazgeçirijisiniň “D” şahasynyň gurluşygy barada-da gürrüň edilýär.
Makalanyň awtory Maýkl Leliweld (Michael Lelyveld) “şu ýyl Hytaý Merkezi Aziýadan çekilen geçirijiniň kuwwatlylygyndan 93 %-e çenli peýdalanmagy maksat edinýär. Bu diýmeklik, Özbegistan we Gazagystan bilen bir hatarda Türkmenistanyň Hytaýa gaz üpjünçiligini artdyrmaga mümkinçilikleri bolar” diýip belleýär.
“Uzbekneftegaz” bilen Hytaýyň gaz kompaniýasynyň soňky gepleşiklerinden mälim bolşuna görä, taraplar Özbegistanyň gazyny iki ýurduň arasyndaky gaz geçirijiniň 4-nji şahasynyň (“D” şahasy) üsti bilen Hytaýa akdyrmagyň mümkinçiliklerine seredýär.
Ýöne Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýeriň sözlerine görä, gazgeçirijiniň “D” şahasy diňe türkmen gazyna niýetlenipdi.
Özbegistan bilen Hyatýyň nebit-gaz kompaniýalarynyň arasyndaky gepleşikleri göz öňünde tutup Panniýer “Bu beýle bolmaly däldi. Geçirijiniň “D” şahasyndan diňe türkmen gazynyň akdyrylmagy göz öňünde tutulýardy” diýdi.
Panniýer bu tema bilen bagly “Trend” gullugyna beren gürrüňinde Merkezi Aziýa – Hytaý gazgeçirijisiniň häzirki “A”, “B”, we “Ç” şahalarynyň tas doly güýjünde işleýändigini, şeýle-de gelejekde bu taslamanyň “D” şahasynyň gurluşygynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Merkezi Aziýa – Hytaý geçirijisiniň “D” şahasynyň işe girizilmegi bilen taslamanyň umumy kuwwatlylygy 25-30 milliard kub metr ýokarlanar.
Radio Free Asia neşiriniň maglumatyna görä, gazgeçirijiniň “D” şahasyny gurmak barada 2013-nji ýyldan bäri iş alnyp barylýar, ýöne bu şahanyň gurluşygy gaýta-gaýta yza süýşürildi:
“Resmi maglumatlara görä, ilkibaşda bu şahanyň gurluşygynyň 2016-njy ýylda tamamlanmagy göz öňünde tutulýardy, ýöne soňra bu 2020-nji ýyla süýşürildi. Has soňky maglumatlara görä, indi bu ugruň 2022-nji ýylyň aýagynda işi girizilmegine garaşylýar” diýip, makalada aýdylýar.
Ýöne 8-nji awgustda Pakistanyň “Inter State Gas Systems” kompaniýasynyň baş dolandyrjysy Mobin Saulatyň Reuterse beren gürrüňinde, ol hytaýly bir resminiň sözlerine salgylanyp, Hytaýyň TOPH proýektine goşulmaga isleg bildirýändigini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Hytaý Merkezi Aziýadan çekilen gazgeçirijiniň “D” şahasynyň gurluşygyna alternatiwa hökmünde TOPH-a Pakistandan birikmäge gyzyklanýar.
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen gündogar Aziýa ýurtlaryna akdyrmaklyk göz öňünde tutulýar.
Merkezi Aziýa-Hytaý geçirijisiniň “D” şahasy geografiki taýdan daglyk meýdanlaryň arasyndan çekilmeli, şonuň üçin pakistanly resmi Hytaýyň oňa derek goşmaça türkmen gazyny Pakistanyň üstünden almagynyň oňa aňsat hem arzan boljakdygyny aýtdy.
Ýöne “Uzbekneftegozyň” 15-nji sentýabrda ýaýradan soňky maglumatlaryna görä, Hytaý dördünji şahadan özbek gazyny hem akdyrmagy göz öňünde tutýar.