Türkmenistanda daşary döwletlere dynç almaga gidýän we gymmat bahaly awtoulaglary satyn alýan raýatlaryň ençemesi ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) resmileri tarapyndan soraga çekilýär.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran Daşoguzdaky habarçymyzyň tassyklamagyna görä, sorag edilýän türkmenistanlylardan sarp edýän pulunyň çeşmesi, onuň nireden gelip çykandygy soralýar we olary faktlar esasynda delillendirmek talap edilýär.
“Häzir gaty seýregem bolsa, käbir özüni oňarýan raýatlarymyz geçen tomusda daşary döwletlere dynç almaga ýa-da saglygyny dikeltmäge gitdi. Şeýle raýatlar ýa-da 30 müň manatdan (Resmi kurs: $8570, Gara bazaryň nyrhynda: $1570) gymmat awtoulagy satyn alan adamlarymyz howpsuzlyk gullugyna hasabat bermeli. Olar “Munça puly nireden tapdyň? Nädip aldyň?” diýen, soraglara faktlar esasynda jogap bermeli. Eger soraga çekilen adamyň aýdan sözi bilen kagyzda görkezen deklarasiýasy biri-birine gabat gelmese, onda ol emläginiň elinden alynmagy bilen ýüzbe-ýüz bolup bilýär” diýip, habarçymyz bu ýagdaýy başdan geçiren adamlaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.
Habarçymyz soňky aýlarda awtoulag satyn alýan ýa-da daşary döwletlere dynç almaga gidýän adaty raýatlaryň aglabasynyň “işi ugruna telekeçilerdigini ýa önüm öndürijilerdigini, ýa-da Türkiýede, Dubaýda, Orsýetde işläp, gazanç edip gelen adamlardygyny” belläp, olara radikal guramalara ýa-da “gülençi” toparyna agzadygy ýa-da däldigi barada hem soraglaryň berilendigine ünsi çekdi.
“Şu ýyl Ýewropa, Hindistana ýa-da Hytaýa syýahat eden käbir telekeçiler bar. Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri olary hem soraga çekip, olardan “gülençi” toparyna ýa-da radikal dini guramalara agza bolmakda şübhe bildirilipdir. Eger bir baý gurama kömek etmese, häzir Türkmenistanyň ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän döwri munça pul tapmak mümkin däl diýip, azyndan 10 gün sorag edip barlag geçirýärler” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Daşoguz welaýatyndaky wekilleri geçirilýän bu barlaglaryň we raýatlaryň sorag edilmeginiň sebäpleri barada ilata anyk düşündiriş bermeýärler. Bu barada Azatlyk Radiosyna bu ministrlik we onuň ýurduň demirgazyk welaýatyndaky bölümi bilen habarlaşyp, maglumat almak synanyşyklary hem başa barmady.
Emma synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi bu çäräni türkmen häkimiýetleriniň ýurtdaky ykdysady kynçylyklary gönüden-göni boýun almagy we raýatlary ýurduň içinde saklamak üçin edýän tagallalarynyň bir bölegi diýip düşündirýärler.
“Häzir bir adamyň daşary ýurtda gazanç edip, öý-maşyn satyn alandygyny gören azyndan 100 adam daşary döwletlere gidip işlänini makul bilýar. Netijede, Türkmenistanda az aýlyga işleýän adamlar we ýurduň ilaty azalýar” diýip, daşoguzly habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri aýdýar.
Şol bir wagtyň özünde, ol adaty raýatlaryň 30 müň manatlyk emlägi derňelýän mahaly, MHM-de, kazyýetde, prokuraturada ýa-da häkimlikde işleýän işgärleriň dogan-garyndaşlarynyň bahasy azyndan 3-4 million manada barabar awtoulag sürýändigine ünsi çekip, olardan hiç hili hasabat soralmaýandygyny aýdýar. “Garyp don alsa, nireden aldyň? diýerler. Baý don alsa, gutly bolsun! diýerler” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Türkmenistanda howpsuzlyk ýa-da migrasiýa gulluklarynyň işgärleri tarapyndan daşary döwletlere sapar eden türkmenistanlylaryň soraga çekilmegi, olaryň ýurduň daşynda näme bilen meşgullanandygyny, nirelerde bolandygyny anyklamak işleri mundan ozal hem geçirilipdi. Ýöne adaty raýatlaryň sarp edýän pulunyň çeşmesini, onuň nireden gelip çykandygyny anyklamak boýunça barlag işleri ilkinji gezek alnyp barylýar.
Şu ýylyň iýul aýynyň 25-nde Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda habarlaşan bir türkmenistanly 16-njy iýuldan başlap, raýatlaryň daşary ýurda walýuta çykarmagynyň şertleriniň agyrlaşdyrylandygyny, hemme maglumatlar dogry gelse-de, Aşgabadyň aeroportynda Milli howpsuzlyk gullugynyň maliýe işgärleriniň ýanyňdaky walýutaň we näme sebäpden şeýle pul bilen daşary ýurda barýandygyň hakynda berk soraga çekýändigini gürrüň beripdi.
Daşoguzda raýatlaryň gazanç çeşmesini anyklamak baradaky barlaglar, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady kynçylyklarynyň birini başdan geçirýän, azyk we beýleki harytlaryň gymmatlaýan we gytalýan, aýlyklaryň köplenç öz wagtynda berilmeýän mahalynda geçirilýär.