Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahalyň we Daşogzuň býujet işgärleri gozasy açylmadyk gowaçalary ýygmaga mejbur edilýär


Şu günler Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň käbir etraplarynda býujet işgärleri gozasy açylmadyk gowaçalary ýygmaga mejbur edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary habar berýärler.

Türkmenistanda bolup geçýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýan synçy Amanmyrat Bugaýew Ahalyň Gökdepe we Bäherden etraplaryndaky pagta meýdanlarynyň aglaba böleginde heniz gowaçanyň gozasynyň açylmandygyny, şol sebäpli ýygymçylaryň ýygara pagta tapman kösenýändigini aýdýar.

“Çykarylýan ýygymçylar hem, uzakly günüň dowamynda, ir ertir gelip, agşam iňrik garalýança işläp, 5 kilogram pagta ýygnap bilsek gaty köp pagta ýygnadygymyz bolýar diýip, gaty zeýrenip gürrüň berýärler. Şol gozalaryň köpçülikleýin açylaryna garaşanoklar” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Synçy adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran brigadirleriň birine salgylanyp, pagtanyň gozasynyň giç açylmagynyň sebäplerini bu etraplarda pagtanyň inçe süýümli sortynyň ekilip, ýetişdirilmegi bilen düşündirýär. Pagtanyň bu sortunyň gozasy adaty pagtadan – uzyn süýümli – 20-25 gün giç açylýar.

Brigadiriň gürrüň bermegine görä, Gökdepe we Bäherden etraplarynda ýetişdirilýän pagtanyň giç açylýandygyny türkmen häkimiýetleriniň özleri hem bilýär. Ýöne olar her ýyl brigadirlere “ýygymçylary hökman çykarmaly” diýip, pagtanyň gozasynyň açylyp ýetişmändigi bilen gyzyklanmaýarlar.

“Inçe süýümli pagtanyň ýygymyna adatça oktýabryň başyna ýa-da birinji on günlüginiň ortalaryna girişilýänini özlerem bilýärler. Ýöne hökman çykarmaly diýýärler. Biz medeni zonadan, ýagny 25-30 kilometr gaýralykda ekilen pagtalar kän bir ýygymçy hem çykaryp duramyzok. Sebäbi ol ýerlere ýöriteläp baryp duranoklar. Ýöne uly ýoluň ugry bolany üçin, şu ýere gelýän-gidýänler boş pagta atyzlaryny görüp, “Bäherden we Gökdepe etrabynda pagta ýygymyna girişilen bolsa-da, adamlar pagta çykanok” diýip, ýokary guramalara dessine habar ýetiren gezekleri az bolmady. “Şol gepden gaçyp şeýle edýäris” diýip, brigadir zeýrenip gürrüň berdi” diýip, synçy gürrüň berdi.

Synçy Bugaýew, geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem Ahalyň pagta meýdanlarynda ýygymçylaryň dynç almagy, günortanlyk naharyny edinmegi üçin şertleriň döredilmändigini, agyz suwy, sanatariýa şertleriniň üpjün edilmändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlygyň Daşoguz welaýatyndaky habarçysy bolsa, welaýatda gijelerine howanyň temperaturasynyň +5+8 gradusa düşýändigini, gündizlerine +20+22 gradusdan ýokary çykmaýandygyny aýdyp, pagtalaryň açylmagy üçin ýeterlik derejede howanyň gyzmaýandygyny, gaýtam oktýabr aýynyň golaýlamagy bilen howanyň has-da sowap başlandygyny aýdýar.

“Gowaçalar açylmansoň, ýygymçylar onuň gozalaryny eli bilen açyp, çig, bişmedik gozalary çala güne guradyp, döwlet harmanyna tabşyrýarlar. Bu hem döwleti, hem-de ýeri aldamak bolýar” diýip, adynyň atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyz belledi.

Onuň sözlerine görä, agronomlar oktýabr aýynyň başynda gowaçanyň ýapragyny düşürjek himiki dermanyň getiriljekdigini we gowaçalara sepiljekdigini aýdýarlar.

“Bu dermanlar gowaçalara awgust aýynyň üçünji on günlüginde sepilmelidi. Şondan soň 10-15 günüň dowamynda gowaçanyň ýapragy düşýär we gozalara günüň şöhlesiniň düşmegi bilen, olar ýetişip, ulalyp açylýar. Oktýabr aýynda sepilen bu himikat haçan täsir edip, haçan gowaçalar açylmaly? Bu giç getirilen dermanlary daýhanlaryň boýnuna dakmakdan başga zat däl” diýip, habarçymyz daşoguzly kärendeçileriň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Daşogzuň käbir etraplaryndaky pagta meýdanlarynda ýygara pagtanyň ýoklugy barada Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylary geçen hepde hem habar beripdi.

16-njy sentýabrda guramaçylar Ruhubelent hem-de Türkmenbaşy etraplarynda ýerleşýän obalaryň pagta meýdanlaryna mejbury ýygyma äkidilen býujet işgärlerini meýdanlarda pagta bolmansoň, degişli obalaryň gurply hojalyklaryna bir aý möhlet bilen paýlap berdiler. Ýygymçylara hojalyklaryň öý işlerini ýerine ýetirmeklik tabşyryldy.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň kanunçylygynda mejbury zähmetiň gadagan edilýändigini tekrarlasalar-da, döwlet býujetinden aýlyk alýan, şol sanda aň-bilim, saglygy saklaýyş, medeniýet we beýleki pudaklaryň işgärleri, käte mekdep okuwçylary pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur edilýär.

Türkmenistandaky we Özbegistandaky mejbury zähmete garşy göreşýän “Pagta kampaniýasy” atly halkara koalisiýa türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka etjek saparyna gabatlap, Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy 1-nji oktýabrda protest çäresini geçirmegi meýilleşdirýär.

XS
SM
MD
LG