Aşgabadyň döwlete degişli tas ähli dükanlarynyň tekjelerine diýen ýaly arzanladylan bahadan satylýan azyk harytlarynyň ýerleşdirilendigini, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.
“Harytlar çäkli möçberde satylýar. Bu bolsa, dükanlarda uly nobatlaryň emele gelmegine getirdi” diýip, neşir munuň ýurtda geçiriljek Halk maslahatynyň we Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňýanynda amal edilýän wagtlaýyn çäredigini ýazýar.
Azatlyk Radiosy paýtagtyň bazarlaryndaky ýagdaý bilen gyzyklanyp, aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.