Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Polisiýa daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň şahsy maglumatlaryny ýygnaýar


Aşgabadyň halkara aeroportyndaky polisiýa işgäri. Illýustrasiýa suraty
Aşgabadyň halkara aeroportyndaky polisiýa işgäri. Illýustrasiýa suraty

Şu günler Aşgabadyň etrap polisiýasynyň resmileri öýlere aýlanyp, raýatlaryň ýazga duran ýerinde ýaşaýandygy ýa-da ýaşamaýandygy bilen gyzyklanýarlar we daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň şahsyýetini hem-de olaryň näme bilen meşgullanýandygyny anyklamaga synanyşýarlar.

Türkmenistanda bolup geçýän täzelikler bilen ýakyndan gyzyklanýan aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, bu çäre iki gün bäri Parahat-1,2,3,4,5 etrapçalarynda dowam edýär.

“[Aşgabadyň etrap polisiýasynyň resmileri] adatça iş güni tamamlanandan soňra, agşam sagat 20:00-22:00 aralygynda gapyma-gapy kakyp, öýlere aýlanýarlar. Olaryň elinde umumy depder, öňden düzülen sanaw bar. Olar ýazga duranlaryň ýaşaýandygyny ýa ýaşamaýandygyny, eger ýaşamaýan bolsa, olar ýurduň içindemi ýa-da daşyndamy? Ine, şular bilen gyzyklanýarlar. Eger 16 ýaşyndan ýokardaky adam ýazga duran ýerinde ýaşamaýan bolsa, onda onuň el telefonyny hem-de pasportynyň kopýasyny bermekligi talap edýärler” diýip, synçy Bugaýew aýtdy.

Onuň sözlerine görä, eger ýazga duran adam daşary ýurtda bolsa, onda “kelleagry has hem köpelýär”. Polisiýa resmileri daşary ýurda giden adamyň nirededigi, näme iş bilen meşgullanýandygy barada jikme-jik maglumat soraýarlar. Daşary ýurtda okaýan türkmen studentiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan güwänamasy bolmasa, onda onuň ene-atasyndan studenti yzyna getirmek talap edilýär.

“Eger daşary ýurtda diýseň, onda “Nirede? Haýsy ýurtda? Haýsy şäherde? Näme bilen meşgullanýar? Tapyp bersiň, biz bilen aragatnaşygy ýola goýsun” diýip, kelleagry hasam köpelýär. Eger-de daşary ýurtda okaýar diýseň, onam Bilim ministrligi tassyklamasa, onda “Gelsin, näme üçin ýurduň daşyna bikanun çykypdyr?” diýip, olaryň türkmen ilçihanalaryna barmaklaryny hem goldanoklar. “Ýok gelsin, biz gitmeli bolsa, soňra goýbereris” diýip, aýak direýärler” diýip, synçy gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, polisiýa işgärleri bu barlaglaryň sebäpleri barada anyk maglumat bermän, diňe “Biz täze işe başladyk. Ýaşaýan ýerimizdäki adamlary bilmek isleýäris” diýmek bilen çäklenýärler.

“Olar başardygyndan sypaýy gürrüň edýärler, ýöne talap edilýän zatlary bermeseň welin, onda administratiw derejede çäre görüljekdigini seslerini gataldyp, duýduryş edip gidýärler” diýip, Bugaýew aýtdy.

Azatlyk Radiosyna Aşgabat şäheriniň Parahat etrapçalaryndaky polisiýa bölümleri bilen habarlaşyp, ýokarda aýdylanlar we onuň sebäpleri barada kommentariýa almak başartmady.

Türkmenistanda bellenilýän ýa-da geçirilýän uly baýramçylyklaryň we halkara çäreleriň öňýanynda, türkmen häkimiýetleri howpsuzlyk çärelerini güýçlendirip, ýurt raýatlarynyň ýazga duran ýerinde ýaşaýandygyny ýa-da ýaşamaýandygyny anyklamak we daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň şahsyýeti bilen gyzyklanmak işlerini wagtal-wagtal amala güýçlendirýärler.

Geçen ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňýanynda, Aşgabadyň häkimiýetleri çagalary ýa-da beýleki bir maşgala agzasy daşary ýurtlarda okaýan ýa-da işleýän adamlary polisiýa departamentine çagyryp, soraga çekdiler. Şeýle-de, olardan Türkmenistanyň daşyndaky maşgala agzalary barada käbir resminamalary tabşyrmagy talap etdiler.

Mundanam başga, şu ýylyň awgust aýynyň başynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna kabul edilen gyzlaryň hem ýurtdan goýberilmeýändigi barada hem maglumatlar gelip gowuşdy.

Galyberse-de, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, eklenç gözleginde daşary ýurtlara maşgala bolup göçüp gidýän türkmenistanlylaryň sanynyň barha artýandygy we munuň netijesinde türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlardaky türkmenistanlylary ýurda getirmek boýunça dürli çäreleri geçirýändigi aýdylýar.

Şu ýylyň iýun aýynda Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary häkimiýetleriň ýurduň dürli geňeşliklerinde ýörite duşuşyklary geçirip, “köne pasportly” raýatlaryň pasportlaryny üç hepdäniň içinde täzeläp bermegi we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunyny bozan raýatlaryň jogapkärçilige çekilmejekdigini wada berýändigini habar berdiler. Resmi metbugatda bu barada hiç zat aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG