Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maýyplar guramasynyň öňki jaýy öýsüzleriň öýüne öwrüldi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Ýolöten şäherinde bir gatly maýyplar öýüni ýapyp, mümkinçiligi çäkli adamlary Maýyplar guramasynyň täze gurlan jaýyna geçirdiler.

Ýolöteniň etrap merkeziniň öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran ýaşaýjysynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, maýyplar öýüniň köne binasyny Ýolöten şäheriniň öýsüz ýaşaýjylary öý edinmek üçin eýelediler.

Ýyllar boýy ýaşaýyş jaý nobatyna durup, häkimiýetlerden jaý alyp bilmeýän öýsüz ýaşaýjylar maýyplar öýüniň boşamagy bilen, ol ýere goş-golaňlary bilen özbaşdak göçüp baryp, boş otaglary eýeläpdirler.

30-a golaý otagy bolan bir gatly bu binanyň otaglary alan-aldy bolandan soňra yzyrak galan ýaşaýjylar onuň uzyn koridorlaryny hem eýeläpdirler. Häkimliklerde jaý nobatyna durup, “ynha saňa nobatyň boýunça öý berýäris” diýlerine garaşan ýaşaýjylar bu alan-aldylykdan yza galyp, binanyň koridorlaryna goş-golaňlaryny basmaly boldular.

Käbir ýaşaýjylar bolsa, maýyplar öýüniň binasynyň boşandygyny eşidip, “iň gowy” otaglardan eýelemäge howlukdylar we olar ilkinjiler bolup, maýyplar öýüniň binasynda ýerleşdiler. Indi olar öz eýelän otaglaryna häkimliklerden dokument düzedilip berilmegine garaşýarlar.

Yza galyp, koridorlarda ýerleşen ýaşaýjylar bolsa nobatsyz girip, “oňat” hasaplanýan otaglary eýelän ýaşaýjylaryň, häkimlikler tarapyndan ol ýerden kowulyp çykarylyp, özlerine nobat boýunça “oňaýly” otaglaryň berilmegine garaşýarlar.

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň merkezinde indi onlarça ýyldan bäri ilat üçin geregiçe ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmaýandygyny, soňky ýyllarda ipoteka gurlan jaýlaryň sanawyna bolsa diňe pully-gurply adamlaryň girip bilendigini, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi aýdýar.

“Gurpsuz uly maşgalalaryň bolsa hiç bir ipoteka-da, mellek ýerini edinmäge-de ýagdaýy ýok. Etrapdaky işsizligiň ýokary derejesi ilaty halys garyp düşürdi. Şol bir wagtda bolsa, ýaşaýjylar jaý kömegini sorap, ýyllap häkimlikleriň gapysyndan aýrylmaýarlar. Emma häkimiň kabul edişligine girip bolanok. Haçan görseň “Häkim pagta ekişinde, bugdaý oragynda, pileçilere aýlanmaga” gitdi, diýip, ilaty gaýtaryp durlar. Bagtyň işläp, häkimiň kabul edişligine girip biläýseň hem, ýalan wada bilen ugradyp goýberýärler. Ol ýalan wadanyň bolsa yzy gelenok” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran we ýaşaýyş jaýsyz kösenýän bir ýaşaýjy zeýrenýär.

Etrabyň çäginde diňe bir ýaşaýyş jaý meselesi däl, agyz suw, elektrik togunyň ýaramaz bolmagynda galmagy, ýollaryň abatlanmazlygy, işsizlik baradaky we ilatyň gündelik durmuşynda kynçylyklar döredýän problemalaryň agdyklyk etmeginde galýandygyny ýaşaýjylar nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG