Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Türkiýede tussag edilen pastor üstünde ABŞ-ny, Trampy tankytlaýar


Endrýu Branson (Andrew Brunson) Izmir, 20-nji maý, 2017 ý.
Endrýu Branson (Andrew Brunson) Izmir, 20-nji maý, 2017 ý.

Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan öz ýurdunyň tussag edilen amerikan pastory meselesinde Birleşen Ştatlara garşy durjakdygyny aýtdy we prezident Donald Trampy “psihologiki uruş” alyp barmakda aýyplady.

Türkiýäniň “Haberturk” telekanaly 29-njy iýulda Erdogany sitirläp, onuň Birleşen Ştatlar, eger-de öz gylygyny üýgetmese, “güýçli we ýürekdeş hyzmatdaşyny ýitirer” diýendigini habar berdi.

Soňky günlerde NATO ýaranlarynyň arasyndaky dartgynlyklar Ankaranyň amerikan pastory Endrýu Bransony (Andrew Brunson) tussaglykda saklamagyny dowam etdirmegi üstünde ýokarlandy. Ol türk türmesinde 18 aý oturanyndan soň öý tussaglygyna geçirildi.

Türkiýede 20 ýyldan gowrak işlän Branson 2016-njy ýylda tussag edildi we bir ýyl soň oňa terrorçylyk we içalyçylyk aýyplamalarynda günä bildirildi.

Ol Ankara tarapyndan 2016-njy ýyldaky başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň arkasynda durmakda aýyplanan adamlara kömek bermekde aýyplanýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 28-nji iýulda Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu bilen Bransonyň durumy barada gürleşdi.

XS
SM
MD
LG