Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan aýallaryň hukuklary barada hasabat berdi, problemalary ret etdi


BMG-niň Türkmenistan boýunça maslahatlarynyň biri, Ženewa, 5-nji mart, 2018
BMG-niň Türkmenistan boýunça maslahatlarynyň biri, Ženewa, 5-nji mart, 2018

Türkmenistanda maşgala zorlugynyň we adam ogurlygynyň pidalary üçin döredilen ýörite telefon liniýasyna 3 müňden gowrak aýal jaň edipdir, şol bir wagtda-da diňe bir iş gozgalypdyr. Bu barada türkmen wekilleriniň 10-njy iýulda BMG-niň Ženewadaky edarasynda aýallaryň hak-hukuklary barada beren hasabatynda aýdylýar.

Читайте также на русском

Hasabat bilen çykyş eden türkmen resmileriniň bu ýagdaý barada düşündiriş berip, "köpler maslahat kömegi üçin jaň edýärler. Jaňlaryň sany hakyky jenaýatlaryň sanyny görkezmeýär" diýip, aýdandygyny "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri 17-nji iýulda çap eden maglumatynda ýazýar.

Maglumata görä, şeýle-de Türkmenistanyň wekilleri ýurtda aýallaryň ten söwdasy meselesiniň ýiti durmaýandygyny aýdypdyr.

Ženewadaky maslahata gatnaşan adam hukuklary boýunça "Türkmen inisiatiwasy" toparynyň informasiýa resursy "Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatyna görä, Türkmenistanyň wekilleri BMG-niň aýallar babatyndaky diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça konwensiýa laýyklykda beren hasabatynda, esasan, milli kanunlary sitirlemek bilen çäklenip, özlerine berlen soraglara takyk jogap bermekden saklanypdyr.

Hususan-da, türkmen resmilerinden, adam hukuklaryny goraýjy zenanlara garşy repressiýalar baradaky maglumatlary kommentirlemek, Türkmenistanyň döwlet edaralarynda aýallaryň geýimlerine, daşky görnüşine degişli ýörite talaplar we aýallaryň pagta meýdanlarynda mejbury zähmete çekilip-çekilmezligi barada soralypdyr.

"Maslahaty alyp baryjy meseläniniň özenine geçmegi haýyş edip şeýle çykyşlaryň arasyny birnäçe gezek böldi. Bilermenler hem has anyk jogap almak üçin öz sowallaryny birnäçe gezek gaýtalamaly boldular. "Oňaýsyz" sowallar bolanda, Atageldi Haldžanow [Türkmenistanyň BMG-de Ženewadaky wekili] söz alyp, bu ugurdan iş alnyp barylýandygyny we soralýan ähli maglumatlaryň soň ýazmaça görnüşde beriljekdigini aýtdy" diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri habar berýär.

Maglumata görä, Ženewadaky maslahatda türkmen resmilerine berlen soraglaryň biri aýal-gyzlary aýal saglygy we jyns taýdan geçýän keseller barada habarly etmek barada edilýän işlere degişli bolupdyr, şeýle-de SPID boýunça statistika soralypdyr. Bu sowala türkmen wekilleri "biz ýaşlary habarly etmek we jyns meselesinde sowat bermek boýunça yzygiderli çäre geçirýäris, olara film görkezýäris we gollanma paýlaýarys" diýip, jogap beripdir, emma SPID barada sanlary ýene görkezmändir.

Türkmenistan WIÇ/SPID bilen kesellänleriň sany barada takyk maglumatlary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Sowallaryň ýene biri Türkmenistanda aýallara iş ýerinde jynsy taýdan basyş görkezilmegi problemasyna degişli bolupdyr. "Çynlakaý, jenaýat jogapkärçiligine baryp ýetýär, Emma aýallara basyş edilmegi Türkmenistanda hasaba alynmady" diýip türkmen resmileri jogap beripdir.

Şeýle-de, Türkmenistanyň wekilleri raýatlaryň daşary ýurtlular bilen durmuş gurmagyna "hiç hili päsgelçiligiň" ýokdugyny aýdypdyr. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň daşary ýurtlular bilen durmuş gurmak üçin zerur dokumentleri bermäge borçludygyny we munuň üçin Türkmenistana gitmegiň hökman däldigini türkmen resmileri habar beripdir.

BMG-niň Ženewadaky edarasynda Türkmenistanyň resmi hasabatynyň diňlenişigine gatnaşan "Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy" guramasy özüniň alternatiw hasabatyny hem ýaýratdy.

Türkmenistanyň aýallaryň hak-hukuklary barada hasabaty bilen 10-njy iýulda Ženewada çykyş eden resmi topara ýurduň Bilim ministriniň orunbasary Merdan Gowşudow baştutanlyk edipdir, delegasiýanyň düzümine Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynda hemişelik wekili, Prezidentiň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutynyň ýolbaşçysy, Mejlisiň wekili we Zähmet ministrliginiň hem Aýallar guramasynyň bilermenleri gatnaşypdyr. Emma Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça baş wekili - ombudsmen Ýazdursun Gurbannazarowa Ženewa barmandyr.

Türkmenistan öz taryhynda ilkinji ombudsmene 2017-njy ýylda eýe boldy.

​Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň hökümetiniň adam hukuklary ugrunda hyzmatdaşlyga öz taýýarlygyny resmi derejede yglan edýän hem bolsa, iş ýüzünde diňe kanunlary kämilleşdirmek boýunça rekomendasiýalary ýerine ýetirýändigine, emma kabul edýän öz kanunlaryny diňe formal taýdan ulanyp, durmuşa geçirmeýändigine ünsi çekýärler.

Türkmenistanyň aýallaryň hak-hukuklaryna degişli şu günki kanunlary "Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň berjaý edilmegi hakyndaky döwlet garantiýalary" we "Ombudsmen" hakyndaky kanunlardan ybarat, şeýle-de ýurtda 2015-2020-nji ýyllar boýunça gender deňligi hakyndaky milli programma bar, emma olar diňe formal derejede berjaý edilýär, diýip "Türkmenistanyň hronikasy" ýazýar.

Mundan öň Azatlyk Radiosynyň habarçylary we garaşsyz habar serişdeleriň ençemesi Türkmenistanda aýal-gyzlaryň häkimiýetler tarapynda daşary ýurda goýberilmän, uçardan düşürilýändigi, zenanlaryň daş keşbine degişli gadagançylyklar, şol sanda zenanlaryň uzyn köýnek, türkmek balak geýmäge mejbur edilýändigi, döwlet edaralarynda işleýän zenanlaryň dynç wagtynda köçe süpürmek, oba hojalyk işlerine çekilmek we resmi dabaralara gatnaşmaga mejbur edilmek ýaly ýagdaýlara sezewar bolmagy barada yzygiderli habar beripdi.

XS
SM
MD
LG