Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda peýda bolan sakyrtga ýokanç kesellere ‘ýol açýar’


Daşogzuň Türkmenbaşy etrabyndaky düýeler (Illýustrasiýa suraty)
Daşogzuň Türkmenbaşy etrabyndaky düýeler (Illýustrasiýa suraty)

Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy welaýatda peýda bolandygy aýdylýan sakyrtgadan ýokanç wirusyň ýaýraýandygyny habar berýär. Tassyklanmadyk maglumatlara görä, bu wirusdan adam ýitgileriniň-de bolandygy öňe sürülýär.

Degişli häkimiýetler bu maglumaty tassyklap, ýa-da iňkär edip metbugatda çykyş etmeýär, ýöne Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, regionyň sanitariýa-epidemologiýa stansiýasynyň işgärleri çet obalara aýlanyp, öňe sürülýän ýagdaýlar boýunça düşündiriş işlerini geçirip başlapdyrlar.

Ýurduň köpçülikleýin maglumat serişdelerinde öňe sürülýän keseleçilik we onuň düýp alýandygy aýdylýan sebäpleri barada, iň bolmanda, infeksiýa ýolugan adamlara maslahat äheňli gürrüňler gozgalmaýar. Synçylaryň aýtmagyna görä, şeýle ýagdaýlarda medianyň dymyşlygy halk arasyndaky tolgunyşykly dowly artdyrýar.

Azatlygyň habarçysy şu şikaýat bilen Daşogzuň welaýat hassahanasyna onlarça adamyň ýüz tutandygyny ýerli ýaşaýjylara salgylanyp gürrüň berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, peýda bolandygy aýdylýan sakyrtganyň adamlaryň janyna howp salýandygy hakda ilat arasynda çaklamalar dowam edýär.

“Adamlar hatda türkmen-gazak serhediniň hem türkmen tarapyndaky infeksiýa bilen bagly karantina sebäpli ýapyk saklanýandygyny aýdýarlar” diýip, habarçy belleýär.

“Degişli lukmanlar sakyrtganyň öý haýwanlaryna ýokuşan halatynda olar boýunça dessine lukmana ýüz tutmagy maslahat berýärler” diýip, Azatlygyň habarçysy çet obalarda gürrüňdeşlik geçýän lukmanlaryň sözlerine salgylanyp aýtdy.

Azatlygyň welaýatdaky çeşmesi sakyrtga dişläp, kesele ýolugan maşgalalar barada, karantina alnandygy aýdylýan welaýatyň çägindäki bir oba barada ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, käbir goşmaça maglumatlary berdi. Ýöne Azatlyk degişli maglumatlary beýleki çeşmelere tassyklatmaga synanyşýar.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzyň häkimliginden we saglygy goraýyş edaralaryndan bu ýagdaýlar dogrusynda nähilidir bir kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Geçen dekabr aýynda Azatlyk Radiosyna Daşoguz welaýatynyň ençeme etraplarynda näbelli bir infeksiýa ýolugan onlarça hojalyk mallarynyň ölendigi dogrusynda-da maglumatlar gelip gowşupdy.

Demirgazyk welaýatyň Ruhubelent we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň daýhan birleşiklerinde gara mallaryň onlarçasynyň harap bolandygyny, sebitiň ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmelerine gürrüň beripdi.

Şonda iki sygry näbelli infeksiýa ýolugyp ölen ýerli bir ýaşaýjy mal eýeleriniň weterinar lukmanlara ýüz tutýandyklaryny, emma olaryň hem infeksiýany anyklap bilmeýändiklerini gürrüň berdi. “[Lukmanlar] ne wirusy anyklap bilýärler, ne-de bir çäre görýärler... Olar beýleki kesellere garşy hem waksinalarynyň ýokdugyny aýdyp, ellerini gowşurýarlar”, diýip ýerli ýaşaýjy Azatlygyň welaýatdaky çeşmesi bilen gürrüňdeşlikde aýdypdy.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdelerinde agzlaýan ýagdaýlar boýunça maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG