Türkmenistanyň ýolbaşçylary döwrüň täze ylmy tehniki mümkinçiliklerine ähmiýet berýändigini aýdýarlar. Hökümet ösen tehnologiýalary ýurtda ornaşdyrmagy, ilatyň aragatnaşyk hyzmatlary we internet bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegi ileri tutýan meseleleriniň arasynda agzaýar. Türkmenistanyň raýatlary bolsa aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiliniň örän pesdigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary soňky aýda, hususan-da, Daşogz welaýatynda aragatnaşyk hyzmatlarynyň öňküsinden ýaramazlaşandygyny, websaýtlaryň köplenç açylmaýandygyny, mobil telefondan jaň etmek üçin onlarça gezek aýlamaly bolýandygyny aýdýarlar.
“Adamlar TMCELL internetiniň ýaramazdygyna, haýaldygyna öwrenipdirler. 3G internet diňe welaýat merkezinde we ýene iki etrap merkezinde bar, emma muňa-da 3G internet diýip bolmaýar. Häzirki günlerde mobil telefonyňdan birine jaň etmek üçin azyndan 40 sapar jaň edensoň düşüp bolýar, sms hat ýazsaň 24-sagatdan barýar” diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar. Onuň sözlerine görä, edaranyň işgärleri munuň sebäbini müşderileriň sanynyň köpelýändigi, emma ýeterlik enjamlaryň satyn alynmaýandygy bilen düşündiripdir.
TMCELL - Türkmenistanyň «Altyn Asyr» kompaniýasyna degişli söwda brendy. Türkmenistanda aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün edýän ýeke-täk bu şirketiň resmi websaýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, 2004-nji ýylda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşygy döwlet kompaniýasynyň kärhanasy hökmünde düýbi tutulan we 2013-nji ýyldan bäri ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hökmünde işleýän «Altyn Asyr» şirketi GSM standartly hyzmatlary hödürleýär.
Şeýle-de, kompaniýanyň resmi websaýtynda onuň öz ulanyjylaryna has giň mümkinçilikli 4G internet hyzmatlaryny hem hödürleýändigi aýdylýar. 2017-nji ýylda kompaniýanyň abonentleriniň sany 5.5 milliona barabar bolupdyr.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanda aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiline degişli bu maglumatlar dogrusynda TMCELL kompaniýasyndan resmi kommentariýa alyp bilmedi.
Ozalky ýyllarda Türkmenistanda alternatiw aragatnaşyk hyzmatlaryny 2005-2017-nji ýyllaryň aralygynda iki ýyllyk arakesme bilen ýurtda işlän Orsýetiň MTS kompaniýasy hödürleýärdi.
Türkmenistanda mobil aragatnaşygyň we internetiň üpjünçiliginde onuň haýallygy, yzly-yzyna kesilmegi ýaly tehniki kemçilikleri bilen bir hatarda telefon ulanyjylary häkimiýetleriň gözegçiligine degişli närazylyklaryny hem öňe sürýärler we ulanyjylaryň yzarlanýandygy aýdylýar.
“TMCELL-iň interneti ýörite gulluklar tarapyndan berk barlanýar. Türkiýede işleýän dogan-garyndaşyň bilen IMO mesenjeri arkaly bir hepdede 10 sapardan köp habarlaşan raýatlary howpsuzlyk edara çagyryp, soraga çekýärler we mobil telefonlaryňy elinden alyp bir hepdeden ýa-da 10 günden soň eýelerine gaýdyp berýärler. Raýatlaryň internetiň gowy işlemeýändigi sebäpli ençeme sapar jaň etmäge mejbur bolýandygyny aýdyp, şikaýat edýändigine garamazdan, howpsuzlyk işgärleri: “Şu interneti umuman ýapmaly, sizler Türkiýedäki garyndaşlaryňyz üsti bilen häzirki gytçylyk, kynçylyk barada Azatlyga berýäňiz, sizler şpion, daşary ýurtlaryň içalysy” diýip, haýbat atýarlar” diýip, - Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy soraga çekilen ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolandygyny habar berdi.
Soňky aýlarda türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň şahsy elektron gurallaryny tötänden barlaýandygy, şol sanda mekdeplerde okuwçylaryň, döwlet kärhanalarynda işgärleriň we köçeden geçip barýan ýaşaýjylaryň mobil telefonlaryny zor bilen barlaýandygy barada yzly-yzyna maglumat gowuşýar. Şeýle barlaglara sezewar edilenler özlerine daşary ýurtly habar beriş serişdeleri, ilkinji nobatda-da Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp-habarlaşmandygy barada soraglaryň berilýändigini gürrüň berýärler.
Şol bir wagtyň özünde-de, düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy “Rohde & Schwarz” atly nemes kiberhowpsuzlyk firmasynyň Türkmenistan bilen gatnaşygy dogrusynda aladalaryny beýan edip, 25-nji maýda maglumat çap etdi.
"Olar hökümet tarapyndan satyn alnan enjamlaryň websaýtlary bloklamak hem-de adam hukuklaryny basgylap, olary yzarlamak ähtimallyklaryna garşy nähili çäre görendiklerini aýan etmeli” diýip, Human Rights Watch çap eden maglumatynda belledi.
Azatlyk Radiosynyň azathabar.сom websaýty Türkmenistanda petikli bolmagynda galýar. Muňa garamazdan, ony böwetlerden geçmäge mümkinçilik berýän proksi serwerleriň üsti bilen açyp bolýar. Azatlyk Radiosy öz diňleýjilerine hem okyjylaryna türkmen we ors dillerindäki websaýtlaryny okamaga, şeýle-de biz bilen sosial ulgamlaryň üsti bilen habarlaşmaga howpsuz mümkinçilikleriň ençemesini hödürleýär.