Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda awtoulag salgytlary we weterinar tölegleri azyndan iki esse artdyryldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Salgytlar hakyndaky bitewi kanunyna üýtgetmeler girizilip, onda käbir beýleki maddalar bilen bir hatarda, awtoulag salgytlary we weterinar hyzmatlary üçin tölegler azyndan iki esse artdyryldy.

21-nji iýunda “Türkmenistan” gazetinde çap bolan kanunyň 5-nji paragrafyna, “Awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygym” atly bölümine girizilen üýtgetmeleriň Türkmenistanyň çäginde awtoulag serişdeleri bolan edara görnüşli taraplara we şahsy taraplara degişlidigi bellenilýär.

Bu paragrafyň 223-nji maddasy “Awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymyň möçberi” diýlip atlandyrylyp, onda motosikletler üçin tölenýän salgydyň möçberi 1 esse, awtobuslar üçin 3 esse we ýük ulaglary üçin 6 esse artdyryldy diýilýär.

Türkmenistanda bolup geçýän täzeliklere ýakyndan syn edýän Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, täze kanunçylykda ýeňil awtomobil eýeleriniň salgytlarynyň 2 esse artdyrylýandygy bellenilse-de, üýtgetmeleriň netijesinde olar öňküsinden dört esse köp salgyt tölemeli bolýarlar.

“Ýeňil awtomobiller üçin 60 manatdy. Indi şol her ýyl üçin 120 manada çykjak. Özem öň ýylaşadan tölenýärdi. Indi her ýylda tölense, öňki tölenýäninden dört esse dagy köp bolýar. Sebäbi her ýyl üçin töläniňizde 240 manat bolýar. Bu salgyt diňe awtomobiliň köçeden ýöreýändigi üçin alynýar. Ondan başga-da, tehniki gözegçilikden geçeniňde, meýletin ätiýaçlandyryş, ýagny meýletin strahowaniýe diýip, hökmany töleg töledýärler. Munuň daşyndanam, tehniki gözegçilikden geçirilende polisiýanyň hyzmaty üçinem 25 manat tölemeli” diýip, Bugaýew bu maddanyň metbugatda çap edilen gününden, ýagny 21-nji iýundan başlap güýje girýändigini aýtdy.

Mundanam başga, salgyt hakyndaky kanuna girizilen üýtgetmeleriň esasynda itlere weterinariýa kömegini berýän edaralara tölenýän salgyt hem iki esse artdyryldy. Türkmenistanda öýünde it saklaýan raýatlardan öz itlerini agzalýan edarada hasaba aldyrmak talap edilýär. Kanunyň 218-nji maddasynda it eýelerine degişli üýtgetmeleriň şu ýylyň awgust aýynyň 1-den güýje girjekdigi nygtalýar.

Ýurduň salgyt hakyndaky kanunyna üýtgetmeler girizilen mahaly, türkmen banklary daşary ýurt walýutasynda bank hasaby bolan adamlardan bank hyzmatlary üçin alýan töleginiň möçberini hem tas iki esse ýokarlandyrdy.

“Uzak ýyllaryň dowamynda daşary ýurtlaryň [kompaniýalaryndan ýa-da hökümetlerinden] daşary ýurt walýutasynda aýlyk alýanlaryň bank hasaplaryna gelen puluň 1,15%-ni bank hyzmatlary üçin tutup galýardylar. Şu ýylyň iýun aýynyň 1-den başlap, şony 2,15% etdiler” diýip, Bugaýew gürüň berdi.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi häzirki wagt Türkmenistanyň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigini aýdyp, muňa ýurtdaky beýleki ýagdaýlar bilen bir hatarda, raýatlara salynýan salgydyň görnüşiniň köpeldilmeginiň we öňden bar bolan salgytlaryň möçberiniň artdyrylmagynyň hem şaýatlyk edýändigini belleýär.

“Türkmenistan näçe bagtyýarlyk bilen öňe barýas diýänem bolsa, bu kanunlar we kararlar iş ýüzünde şeýle bagtyýarlygyň ýoklugyny, ýurtda ykdysady çökgünligiň bardygyny gyýtaklaýyn boýun almagy aňladýar” diýip, synçy Bugaýew aýtdy.

Maglumat üçin ýatlatsak, maý aýyndan başlap ýurtda ilata döwlet tarapyndan hödürlenýän kabel telewideniýeleriniň tölegleri 100% gymmatladylan bolsa, 1-nji fewralda benziniň bahasy 50% ýokarlandyryldy.

Geçen ýylyň ahyrynda döwlet eýeçiligindäki awtoduralgalaryň tölegleri iki esse, ýermezinlerdäki dükanlaryň tölegleri telim esse gymmatladyldy. Şeýle-de, ilata mugt berilýän ýeňillikler ýatyrylyp, çagalar baglarynyň tölegleri 10 esse ýokarlandyryldy.

Bularyň ählisi, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň dollaryň resmi kursuny 3,5 manat möçberinde saklaýan we onuň gara bazardaky nyrhynyň tas ýedi essä ýeten, şeýle-de, azyk we senagat harytlarynyň gymmatlamagynyň hem-de gytçylygynyň dowam edýän mahaly bolup geçýär.

XS
SM
MD
LG