Türkmenistanlylar 15-nji iýunda Oraza baýramyny belleýär. Bu gün Türkmenistanyň prezidentiniň permany bilen iş güni däl diýip yglan edildi.
Döwlet baştutanynyň permanynda bu kararyň, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar tarapyndan ýerine ýetirilmelidigi aýdylýar.
Türkmenistanda her ýyl Gurbanlyk we Oraza baýramlary iş güni däl diýip yglan edilýär.
“Sizi müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan hem-de adamzadyň ahlak we ruhy päkligini dünýä ýaýýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, Gurbanguly Berdimuhamadowyň baýram mynasybetli çap eden gutlagynda aýdylýar.
Türkmenistanda bu gezekki Oraza baýramy dollaryň “gara bazar” nyrhlarynyň 30 manada golaýlap, soňra aşak düşen we azyk harytlarynyň yzygiderli gymmatlaýan wagtyna gabat geldi.