Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet oba hojalygyny ösdürmegi düzgünleşdirýär: ‘Kanun işlemejek bolsa nämä gerek?’


Lebap welaýatynyň obalarynyň birinde daýhan suw tutýar
Lebap welaýatynyň obalarynyň birinde daýhan suw tutýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ikinji maslahatynda, beýleki käbir kanunlar bilen bir hatarda “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty ýazýar.

Ýerli synçylar Türkmenistanda oba hojalygyň ýagdaýynyň gözgynydygyny, ýokardan görkezme bilen plan borçnamasy esasynda ýöredilýän oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligine özleriniň şübheli garaýandygyny aýdýar.

“Şeýle kanunyň kabul ediljekdigi, onuň ara alnyp maslahatlaşylmagy, elbetde begenmeli ýagdaý, ýöne ‘oba hojalygyny dikeltmek, oba hojalygyny ösdürmek’ [ýaly gürrüňler] garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri dowam edip gelýän gürrüňler. Her näçe gynandyryjam bolsa, şol programmalaryň oňyn netijesini görüp bolanok” diýip, aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Sowet döwründen galan käbir oňyn tejribeler Türkmenistanda täze jemgyýeti gurmagyň hatyrasyna ýykyldy.

“[Ýurtda] öňküje bar bolan ösüşlerem aradan aýryldy. Meselem, garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazow “täze oba syýasaty” diýip, ýörite syýasat yglan etdi. Ýöne bolan zat – öňünden planlaşdyrman, garaz, düýnki ýaşalan jemgyýeti ret etmegiň hatyrasyna, “täze jemgyýet gurýas” diýip, öwünmegiň hatyrasyna öňki bar bolanja zatlaram dargadyldy” diýip, paýtagtly synçy belledi.

Ol aýdylýanlara mysal getirdi we SSSR döwründe Türkmenistanyň çäginde maldarçylygyň ýeten derejesi barada şol döwrüň metbugat serişdelerine salgylanyp maglumat berdi.

“SSSR dargamazyndan ozal, Türkmenistanyň SSSR-iň düzüminde wagty, geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda Türkmenistanda dowarlaryň, iri we ownuk şahly mallaryň, düýeleriň orta hasap bilen 12 millon bolandygy hakynda metbugatda şol döwürde gürrüň edilýärdi. Häzir bolsa şolaryň galan bolsa, 10-15 %-i galandyr” diýip, Bugaýew belledi we munuň sebäplerini başda ýalňyş, ylmy taýdan esaslandyrylmadyk, durmuş hakykatyna gabat gelmeýän “täze oba” maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen, ozal bar bolan kolhoz-sowhozlaryň dargadylyp, olara derek “türkmenmallary” diýlen ýaly assosiasiýalaryň döredilmegidir diýip düşündirdi.

“SSSR döwründe öri meýdanlaryny suwlandyrmak, ýylyň gurak gelen wagtynda-da maldarlaryň çykgynsyz güne düşmezligi üçin alada edilýärdi. Edil maldarçylygyň dargadylyşy ýaly, maldarçylygy ösdürmäge döredilen ilkinji binýatlar, fundamentlerem dargadyldy garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde. Şonuň üçin-de, meniň şahsy garaýşym, kanuny kabul edip bilerler, ýöne kanun işlemejek bolsa ondan kabul etmek nämä gerek, onsuzam bizde kabul edilen kanunlar juda kän” diýip, synçy Bugaýew belledi.

Beýleki bir tarapdan türkmen resmileri we döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin media serişdeleri ýurtda kärendeçi daýhanlaryň çekýän zähmetiniň döwlet tarapyndan doly kanagatlandyrylýandygyny, munuň netijesinde önümçiligiň öz-özünden artýandygyny, ýurduň oba hojalyk pudagynda hökümet derejesinde alnyp barylýan işleriň netijesinde zerur bolan gök we bakja önümleriniň daşary ýurtlardan importynyň azaldylyp, hatda olary eksport etmäge-de mümkinçiligi döretmegiň maksat edinilýändigini aýdýarlar.

Ýöne Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanly daýhanlaryň ençemesi ýurtda ekerançylygyň we maldarçylygyň ýagdaýynyň ýyl-ýyldan ýaramazlaşýandygyny, “esasan ekinlere suw, mallara iým ýetmezçilik edýär” diýip gürrüň berýärler.

Şeýle-de, halkara hukuk goraýjy toparlar Türkmenistanda pagta ýygymy möwsüminde mejbury zähmetiň ulanylýandygyny tankyt edýär.

Türkmen metbugatynda çap edilen habarda täze kanunyň Türkmenistanda oba hojalygy ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýändigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG