Orsýetde okaýan türkmenistanly studentleriň arasynda maddy kynçylyklar sebäpli gazanç etmäge mejbur bolýanlaryň sany köpelýär. Azatlyk Radiosynyň Orsýetdäki habarçylarynyň sözlerine görä, şu günki gün Orsýetiň Astrahan regionynyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly ýüzlerçe student oba hojalyk işleri üçin ekin meýdanlaryna çykdy.
Читайте также на русском
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, ekin meýdanlaryndaky işler bu regionda okaýan türkmenistanly ýaşlar üçin elýeterli köp bolmadyk gazanç çeşmeleriniň biridir: “Elbetde, zähmet şertleri öwerlikli däl, günde 8 sagat işlemeli, hasyl ekmeli günüň aşagynda, zähmet haky bolsa 600 rubl (9.6 amerikan dollary - red.) günüňe. Isleg bildirýänleriň köpdügi we adamlaryň dowamly baryp durmagy iş berijileri kanagatlandyrýar we olar zähmet hakyny ýokarlandyrmaga zerurlyk görmeýärler. Studentler, başga çykalga bolmansoň, razy bolýarlar. Diňe dynç günlerinde işlemeli bolýar, sebäbi beýleki günlerde studentler okuwa gatnaýarlar.
Häzirki wagtda, köp studentler üçin gazanç zerurlygy artýar. Türkmenistandan bank üsti bilen ugradylýan puluň gijikdirilýändigi, türkmen banklarynyň plastik kartlarynyň daşary ýurtlarda işlemeýändigi bilen bagly ýagdaýlar soňky aýlarda ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Türkmenistanda tiz pul geçirmek hyzmatyny üpjün edýän halkara pul geçiriş serişdeleriniň işi çäklendirildi.
“Studentleriň öz maşgalalary tarapyndan iberilýän puly, VISA kartlaryndaky puly alyp bilmezligi problema bolup durýar. Köpüsiniň hatda oňmaga we jaýyna tölemäge puly ýetenok, şonuň üçin olar okuwdan boş wagtynda gazanç etmäge we hatda islendik şertlere razy bolmaga mejbur” diýip, türkmenistanly student aýtdy.
Emma gazanç etmek her kime başartmaýar. Orsýetdäki türkmen studentleriniň köpüsinde orsýet raýatlygy bolmansoň, olaryň işe alynmagy bikanun hasaplanylýa we iş berijiniň jerimä sezewar edilmegine sebäp bolup bilýär. Şonyň üçin ýerli kärhanalar köplenç türkmen studentlerini işe almakdan boýun gaçyrýarlar. Şeýle ýagdaýda resmi taýdan işlemek üçin iş rugsadyny almaly bolýar, bu bolsa goşmaça çykdajylary göz öňünde tutýar we käte gazanjyň möçberine barabar bolýar.
“Biz patentsiz işleýäris, sebäbi diňe şenbe we ýekşenbe günlerinde işlejek bolsaň, dokument üçin tölegi nädip tölejek. Bir aýda 4000 rubl gazanýarys, ondan 3200 rubl patente töleseň özüňe hiç zat galmaýar. Şonuň üçin biz iş gözläp töwekgelçilige baş goşmaga mejbur bolýarys” diýip, Azatlyk Radiosy bilen gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan türkmenistanly student aýtdy.
Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň daşynda bilim alýan ýaşlar türkmen banklarynyň çykaran VISA kartlaryndan pul çekmekdäki kynçylyklaryň aňryçäk derejede özlerine agyr täsir ýetirendigini, köp studentleriň ýaşamak we okuwyna tölemek üçin asla serişdesiniň ýokdugyny yzygiderli habar berýärler.
Üstesine, türkmen ýaşlary Türkmenistanyň içindäki ykdysady kynçylyklary göz öňünde tutup, mümkin boldugyndan öz ýakynlaryna agram salmajak bolýandygyny we özbaşdak gün görmäge synanyşýandygyny aýdýarlar.
“Türkmenistandaky krizis sebäpli biz öz ene-atalarymyza, hossarlarymyza azar bermän, günümizi özümiz görjek bolýarys, öz çykdajylarymyzyň hiç bolmanda bir bölegini özümiz üpjün etjek bolýarys. Biz ýurtdaky ýagdaýyň haçan durnuklanjagyny hem bilmeýäris. Biz henizem VISA kartlaryndaky pulumyzy çekip bilmeýäris, olaryň petiklenmegi sebäpli. Biziň köpimiz çykgynsyz ýagdaýda” diýip, türkmenistanly student Azatlyk Radiosyna habar berdi. Ol howpsuzlyk sebäpli öz adynyň efirde tutulmazlygyny sorady.
Dürli maglumatlara görä, türkmenistanly ýaşlaryň azyndan onlarça müňi ýurduň daşynda dürli ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýar. Türkmenistan ýurduň daşynda bilim alýan ýaşlarynyň sany boýunça statistik sanlary köpçülige mälim etmeýär.